Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn biziň ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesinde Belarus Respbulikasyryň Prezidentini hormatly Prezidentimiz mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen dostlarlça salamlaşyp, “Oguzhan” zalyna bardylar. Ol ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylanyş dabarasy boldy.
Bu ýerde hatara duran hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda raport berýär. Belarus Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezilentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko hormat garawulynyň hatara duran esgerleriniň öňünden geçýär. Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Öz gezeginde belarus lideri döwlet Baştutanymyzy Belarus Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşürmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belarus kärdeşini “Altyn zala” çagyrýar. Ol ýerde ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda görýändigine şatdygyny bellemek bilen, Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana nobatdaky saparynyň dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde we işjeňleşirilmeginde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz şu ýyl iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolandygyny belledi.
Türkmenistan bilen Belarusuň abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Belarus Respublikasynyň Prezidentine biziň ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryna goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň hem öz gezeginde Belarusuň durnuklylygyň, howpsuzlygyň we yzygiderli ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tekliplerini oňlaýandygyny we goldaýandygyny belledi.
Dürli ugurlarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu mümkinçilikleri kesgitlemek jähedinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigini nygtady.
Şunda döwlet Baştutanymyz ykdysady ulgamda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetli taslamasy bolan Garlykdaky dag- magdan baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtady.
Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky medeni-gumanitar, bilim, ylym we medeniýet ulgamy boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz özüniň belarus kärdeşini we Belarus Respublikasynyň hökümetini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň hem-de döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleriniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady we mejlisleriň jemleriniň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň berkidilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýandygy üçin Prezident Aleksandr Lukaşenko minnetdarlyk bildirip, Belarus Respublikasynyň halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Öz nobatynda, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana ýene gelip görmäge şatdygyny nygtap, biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara gatnaşyklaryň oňat däpleriniň emele gelendigini belledi. Belent mertebeli myhman yzygiderli amala aşyrylýan öazar saparlaryň we ýokary derejedäki gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp taslamalarynyň ählisini gözegçilikde saklamaga mümkinçilik döredýändigini, munuň bolsa oňat ykdysady netijeleri berýändigini aýtdy.
Belent mertebeli myhman döwletara syýasy aragatnaşyklarynyň oňyn häsiýete eýedigini belläp, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda birek-birege düşünişmek we goldamak gatnaşyklarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny nygtady.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň belleýşi ýaly, haryt dolanyşygynyň artmagy onuň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Soňky bäş ýylyň dowamynda bu görkeziji 5 esse artdy. Belarus tarapy türkmen hyzmatdaşlarynyň tekliplerini durmuşa geçirmek, Belarusda, şeýle hem Türkmenistanda bilelikdäki önümçilikleri döretmek we ösdürmek üçin ähli tagallalary eder diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
Prezident Aleksandr Lukaşenko Belarusda türkmen talyplarynyň köp sanlysynyň okaýandygyny belläp, Belarusuň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde okajak, bilelikdäki kärhanalarda öz hünär ussatlygyny ýokarlandyrjak türkmen ýaşlaryna özboluşly künjegi döretmek üçin Minskide iň gowy ýerleri bölüp bermäge taýýardygyny aýtdy. Bu türkmen topragynyň özboluşly “künjegi” bolup bilerdi. Şol ýerde umumyýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary we beýleki desgalary ýerleşdirip bolar.
Belarus Respublikasynyň baştutanynyň nýgtaýşy ýaly, häzirki wagtda esasy wezipe köpden bäri dowam edip gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk däplerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak we ösdürmek üçin ygtybarly binýady goýmakdan ybaratdyr. Prezident Aleksandr Lukaşenko Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň nusga alarlyk ýagdaýdadygyny belläp, bilelikdäki taslamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirip we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.
Ozal baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, döwlet Baştutanymyz we Belarus Respublikasynyň Prezidenti türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Netijeli gatnaşyklary ähli ugurlar, şol sanda söwda-ykdyasdy, medeni-gumanitar ulgamlar boýunça mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin zerur mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Şunlukda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda netijeli syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini bellediler we munuň döwletara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigi bellediler.
Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Milli Liderimiz Prezident Aleksandr Lukaşenko we Belarus Respublikasynyň weikiliýetiniň agzalary bilen ýene bir ýola salamlaşyp, belent mertebeli myhmana Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ikiçäk geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we açyklyk esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da sazlaşykly we okgunly ösüşe eýe bolýandygyny görkezdi diýip belledi. Biz däp bolan dostluk we birek-birege hormat goýmak esaslaryna, türkmen we belarus halklaryny baglanyşdyrýan binýatlyk gymmatlyklaryna, biziň döwletlerimiziň halkara gatnaşyklaryndaky parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwerlikli ýörelgelere ygrarlydygyna daýanmak arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly hukuk binýady işlenip taýýarlandy, ýüze çykýan ähli meseleleriň işjeň esasda dessine çözülmegine mümkinçilik berýän yzygiderli geňeşmeler we gatnaşyklar hoşniýetli dostlara hem-de hyzmatdaşlara mahsus häsiýete eýe boldy diýip, döwlet Bşatutanymyz sözüni dowam etdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça taraplaryň umumy çözgüdi tapýandyklaryny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz düşünişmek we hyzmatdaşlyga bolan taýýarlyk ýörelgelerine belarus tarapynyň hem meýillidiginiň aýdyň duýulýandygyny nygtady.
Gepleşikleriň barşynda taraplaryň halkara çärelerine uly ähmiýet berýändigini belläp, milli Lideimiz Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň dünýä giňişliginde uzakmöhetleýin milli gyzyklanmalara hem-de ählumumy, sebitleýin ýagdaýlara öz garaýşyna laýyklykda özbaşdak, özygtyýarly syýasaty durmuşa geçirýändigini nygtady. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasynda birek-birege düşünişmek we halkara meseleleriniň çözgüdine bolan çemeleşmeleriň umumydygyny kesgitleýän ýagdaýdyr. Türkmenistan we Belarus uruşsyz we dawasyz parahatçylyk, adalatlylyk, halkara gatnaşyklarynda deňhukuklylyk, jedelli meseleler dörän ýagdaýynda gepleşikler usulynyň berkidilmegi we onuň işjeň ulanylmagy ugrunda çykyş edýär diýp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Biz mundan beýläk-de halkara abraýly guramalarynyň, öňi bilen bolsa BMG-niň çäklerinde özüniň netijelidigini görkezen ýygjam aragatnaşyklary dowam etmek, dünýä jemgyýetçiliginiň netijeli başlangyçlaryny goldamak ýörelgelerini dowam ederis diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasyna 2013-2015-nji ýyllar üçin döwürde Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň düzümine saýlawlardaky dalaşgärligini goldandygy, şeýle hem biziň ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllardaky döwür üçin UNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşine dalaşgärligini goldamaga taýýardygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen, Belarusuň Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça işjeň tarapdary bolýandygyny belledi. Şu ýylyň maý aýynda Belarus Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekdäki orny” atly Rezolýusiýasynyň awtordaşy bolandygyny belledi. Şeýle hem biziň ýurtlarymyz ýaragsyzlanmak we onuň ýaýradylmazlygy meseleleri boýunça umumy orny eýeleýärler, 2012-nji ýyldan bäri Türkmenistan Belarusuň “köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň täze görnüşleriniň we şeýle ýaraglaryň täze ulgamlarynyň işlenip taýýarlanmagyny we öndürilmegini gadagan etmek” Rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şeýle hem biziň ýurdumyz belarus tarapynyň öňe süren adam söwdasyna garşy göreş meseleleri boýunça Rezolýusiýasyny goldaýar we onuň awtordaşy bolup durýar. Mlli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan mundan beýläk-de Belarus Respublikasynyň BMG-niň we beýleik abraýly halkara guramalarynyň belent münberinden öňe sürýän işjeň daşary syýasat başlangyçlaryny we tekliplerini goldar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň köpugurly türkmen-belarus gatnaşyklarynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz 2012-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ABŞ-nyň 400 million dollaryna golaýlandygyny nygtady. Şu jähetden üstünlikli bilelikdäki başlangyçlar hökmünde milli Liderimiz “Belarus-türkmen söwda öýüniň”, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Işewür geňeşiň işlerini ýatlady.
Belarus tehnikalarynyň Türkmenistana getirilmeginiň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasyndan hyzmatdaşlara biziň ýurdumyzda belarus ulag kärhanalarynyň okuw-önümçilik merkezini açmak meselelerine seretmegi teklip etdi.
Energetika we obasenagat toplumlarynda, dokma senagaty ulgamynda, iki ýurduň ylmy-senagat mümkinçililklerini alyşmagynyň barşynda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm gural bolup durýan Bilelikdäki hökümetara toparynyň möhüm orny eýeleýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz her ýylda 1-1,5 million tonna önümçilik kuwwaty bolan kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Lebap welaýatyndaky Garlyk dag- magdan baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň üstünde aýratyn durup geçdi. Bu taslama türkmen-belarus ykdysady hyzmatdaşlygynyň baş nyşany bolmak bilen, oňa ýurtlaryň ikisi-de uly umyt bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şu jähetden Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary bu möhüm desganyň gurluşygynyň barşyna yzygiderli gözegçilik edip, onuň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň we öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berjekdiklerini nygtadylar.
Ýokarda agzalan görkezijilere garanyňda, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň häzirki möçberleriniň ikitaraplaýyn mümkinçilikleriň derejesine laýyk gelmeýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň hem-de Belarusuň döwlet we hususy düzümlerine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyna oýlanyşykly hem-de maksada okgunly baha bermäge hemmetaraplaýyn çemeleşmeklerini teklip etdi. Gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen, taraplaryň bu ugurlarda durmuşa geçirýän çärelerini işjeňleşdirmäge bolan meýillerini beýan edýän ykdysady toplumlar boýunça şu gün gol çekmäge taýýarlanylan resminamalaryň aýratyn ähmiýete eýedigi aýdyldy.
Ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegine ähmiýet bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Belarusuň geografiki taýdan amatly ýerleşmekleri bilen bu babatda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady. Milli Liderimiz gürrüňi dowam etmek bilen, iki ýurduň arasynda, şol sanda sebitara gatnaşyklaryň jähedinde ulag gatnaşygy boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitleriniň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ugurlaryny jikme-jik öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy.
Medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz häzirki döwrde bu ugurdaky gatnaşyklaryň üstüniň täze many-mazmun bilen ýetirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bilim ulgamyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler. Häzirki döwürde Belarusuň ýokary okuw mekderlerinde türkmen talyplarynyň 8 müňden gowragy bilim alýar. Şu jähetden Belarusuň Türkmenistanyň öňdebaryjy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň şeýle gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etmäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezilentimiz özüniň belarus kärdeşine bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge bolan üýtgewsiz meýli üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iki ýurduň alymlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, dürli ugurlar boýunça bilelikdäki barlaglaryň geçirilmegi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Belarus Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýalarynyň arasynda ylmy gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Iki ýurduň Medeniýet günleriniň we beýleki möhüm bilelikdäki çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi medeniýet ulgamynda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz tarapyndan mundan beýläk-de medeni-gumanitar we ylym-bilim ulgamlaryndaky türkmen-belarus gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ähli zerur şertler dörediler.
Çykyşyny tamamlamak bilen, milli Liderimiz Belarusuň tutuş halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi hem-de dostluk ýurduň ýolbaşçy düzümine, hususan-da, Prezident Aleksandr Lukaşenko türkmen-belarus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, onuň işjeň häsiýete eýe bolmagyna goşýan goşandy hem-de hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Belarus Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Belent mertebeli myhman myhmansöýerlik hem-de belarus wekiliýetine döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Belarusda Türkmenistanyň gazanýan ähli üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belledi. Aşgabatda gurulýan köp sanly täze kaşaň binalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Prezident Aleksandr Lukaşenko türkmen-belarus gatnaşyklary baradaky gürrüňi dowam edip, halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň doly laýyk gelýändigini aýtdy we Türkmenistan hem-de Belarus birek-biregi hemişe goldadylar we geljekde hem goldarlar diýip nygtady. Şunda döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösmeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň uly hyzmaty aýratyn bellenildi. Dostlukly ýurduň baştutanynyň belleýşi ýaly, Belarus türkmen Lideriniň iikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine berýän ünsüne ýokary baha berýär.
Prezident Aleksandr Lukaşenko söwda-ykdysady ulgamda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, ylmy-tehniki ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi we belarus tarapynyň bu ulgamda özüniň ähli kuwwatyny Türkmenistana hödürlemäge taýýardygyny aýtdy. Hususan-da, biziň ýurdumyzda Belarusyň ulag kärhanalarynyň okuw-önümçilik merkezlerini açmaga taýýardygy bellenildi.
Belarus Lideri Belarus Respublikasynda bilimiň derejesine berýän ýokary bahasy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, häzirki wagtda Belarusda türkmenistanly talyplaryň 8 müňden gowragynyň ýokary bilim alýandygy bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär diýip belledi. “Häzirki wagtda biz aýratyn hem Garlykda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kärhanasynyň gurluşygy bilen baglylykda, orta hünärli hünärmenleri taýýarlaýarys, olar bizde okaýarlar” diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy. Bellenilişi ýaly, eger türkmen tarapyna gerek bolsa, belarusly hyzmatdaşlar bu işi mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, şol sanda taýýar önümleri ýerlemäge ýardam bermäge taýýardyr.
Garlykdaky kärhana barada aýdylanda bolsa, bu wajyp taslamany örän gysga möhletlerde amala aşyrmak üçin onuň gurluşygy bilen bagly işler işjeňleşdiriler. Şeýle taslama entek Merkezi Aziýada ýokdur. Munuň özi örän ajaýyp kärhana bolar diýp, Belarus Respublikasynyň Prezidenti nygtady.
Belent mertebeli myhman gumanitar-medeni hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, ajaýyp ahalteke bedewlerine ussatlyk bilen erk edýän çapyksuwarlar toparynyň Belarus sirkine iberilendigi üçin hormatly Prezidentimize aýratyn hoşallyk bildirdi. Bu toparyň çykyşlary hemmeleri haýran galdyryp, hakyky baýramçylyga öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, belarus Lideri özüniň ildeşleriniň adyndan Türkmenistanyň Baştutanyna bu ajaýyp ussatlygyň täze saparlaryny guramak baradaky haýyşyny ýetirdi. Belarusda bu toparyň has giň düzümine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
Bir söz bilen aýdylanda, biziň ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklar ýola goýulýar diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko belledi we Belarusa hem-de döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerine uly üns berýändigi üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. “Biz muňa ýokary baha berýäris. Gatnaşyklarymyzyň köp asyrlap dowam etmegi üçin olary has-da berkitmelidiris” diýip, Belarus Respublikasynyň baştutany nygtady.
Sözüniň ahyrynda Prezident Aleksandr Lukaşenko Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin belarus tarapynyň ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanansoň, köşgüň “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Belarus döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama; Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen “Belarus köp ugurly haryt biržasy” açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2014-2015-nji ýyllarda bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2014-2015-nji ýyllarda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Belarus Respublikasynyň Milli bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen “Belarusuň Milli Ylymlar akademiýasynyň Täze materiallaryň himiýasy instituty” döwlet ylmy kärhanasynyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Şertnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Belarusuň Milli Ylymlar akademiýasynyň arasynda ylym we tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2014-2015-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Saglygy goraýyş, lukmançylyk (dermançylyk) ylmy, bilim we Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň raýatlaryna lukmançylyk kömegini bermek barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti we Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Belarus Respublikasynyň Hökümeti we Belarus Respublikasynyň Milli bankynyň arasyndaky özara maliýe borçnamalary we talaplary düzgünleşdirmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilýär.
Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak baradaky Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary köşgüň “Baýram han” zalyna geçýärler we ol ýerde habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edýärler.
Şu günki geçirilen gepleşikleriň jemleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz olaryň işjeň we netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Duşuşugyň barşynda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň ikitaraplaýyn gyzyklanmalara eýe bolup durýan we dürli ugurlar boýunça türkmen-belarus gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek üçin zerur bolan mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, ýygjam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygy tassyklandy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, taraplaryň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa sebitlerinde ynanyşmak hem-de birek-birege düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge bolan meýilleri tassyk edildi. Şunlukda, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy ählumumy möçberde howpsuzlygyň üpjün edilmegini şertlendirer. Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan meýiller gepleşikleriň esasyny düzdi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar dürli derejedäki hökümet wekiliýetiniň yzygiderli saparynyň ýola goýulmagyny we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň geçirilmegini goldadylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etmek bilen, Belarus Respublikasynyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygyny, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny belledi. Belarus Respublikasynyň Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça öňe süren Rezolýusiýasynyň iki gezek awtordaşy bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistan Belarusuň biziň ýurdumyzyň 2013-2015-nji ýyllardaky döwür üçin EKASOS-yň düzümine bolan saýlawlarda dalaşgärlik etmegini, şeýle hem biziň ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllardaky döwür üçin UNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşine dalaşgärligini goldamaga taýýardygy üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa ýokary baha berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar halkara howpsuzlygyň wehimlerine, şol sanda terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga we neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy durmak boýunça tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagy babatda ylalaşdylar.
Şu günki geçirilen gepleşikler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplýyn gepleşikleriň hil taýdan täze we sazlaşykly esaslaryny pugtalandyrdy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Söwda, ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, oba hojalygy, dokma we ýeňil senagat boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň ösdürilmegi we çuňlaşdyrylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Şu gezekki geçirilen duşuşyklaryň barşynda bu ugurlar boýunça türkmen-belarus gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň halklaryny gadymy dostluk däpleri, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri baglanyşdyrýar. Hut şonuň üçin hem ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gumanitar ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär. Biz halklarymyzyň ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga, iki ýurduň baý-medeni taryhyny öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny hemmetaraplaýyn goldamak, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik gatnaşyklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçireris diýip, milli Liderimiz belledi.
Aýdylanlary jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Lideriniň biziň ýurdumyza şu gezekki saparynyň barşynda Türkmenistan we Belarus Respublikasy uzakmöhletleýin geljegi bolan ýygjam we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassyk edendiklerini belledi. Bu hyzmatdaşlyk iki ýurduň halkynyň düýpli gyzyklanmalaryna, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda Belarus Respublikasynyň Prezidentine açyklyk we birek-birege düşünişmek esasda geçen gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi we dostlukly ýurduň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Belarus Respublikasynyň Prezidenti habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, belarus tarapynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategiki häsiýete eýedir, uzakmöhletleýin esasda guralýar we ägirt uly kuwwata eýedir diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
Türkmenistanyň we Belarusuň dünýä syýasatynyň meselelerine çemeleşmeleri umumydyr. Olar halkara giňişliginde, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýärler diýip, belarus lideri sözüni dowam etdi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşylk hem netijeli ösýär. Ýokarda bellenilişi ýaly, soňky bäş ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy bäş esse artdy. Şunuň bilen baglylykda, belarus tarapynyň bu ulgamda däp bolan özara bähbitli hyzmtadaşlygy ösdürmäge çalyşýandygy nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, geçirilen gepleşikleriň barşynda nobatdaky iki ýyl üçin Türkmenistana Belarusuň oba hojalyk we awtomobil tehnikalaryny, şäher ulaglaryny ibermegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň degişli ulgamlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak ýakyn geljek üçin esasy wezipeleriň biridir. Şunda Prezident Aleksandr Lukaşenko Garlykdaky dag - magdan baýlaşdyryjy kärhanasyny gurmak bilen baglanyşykly şertnamanyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär diýip nygtady.
Belarus Respublikasynyň baştutany ylymy-tehniki ulgamda gatnaşyklary ösdürmegi türkmen – belarus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, belarus tarapynyň Türkmenistan bilen gumanitar – medeni ulgamda hem hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi. Munuň özi iki halkyň arasyndaky özara düşünişmek we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Prezident Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň jigitler toparynyň geçen ýylyň ahyrynda Belarusa bolan saparyny bu ýurduň medeni durmuşyndaky aýdyň wakalaryň biri hökmünde görkezdi. Belarus lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, 2014-nji we 2015-nji ýyllarda Belarus Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günlerini geoçirmek barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.
Şunuň bilen birlikde, Prezident Aleksandr Lukaşenko şu saparyň barşynda gol çekilen bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň nobatdaky iki ýyllyk Maksatnamasyny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn sport gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Türkmenistanda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Aleksandr Lukaşenko türkmen türgenlerine Belarusa diňe bir ýaryşlara däl, eýsem, belarus türgenleri bilen bilelikde taýýarlyk görmek maksady bilen, ýygy-ýygydan gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi. Bu teklip hormaty Prezidentimiz tarapyndan goldanyldy. Belarus lideri bu gürrüňi dowam edip, biziň ýurdumyzda sportuň hokkeý görnüşini ösdürmek babatda gazanylýan üstünlikleriň, şeýle hem oňat oýun görkezýän hokkeýçileriň taýýarlygynyň özünde ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny aýtdy.
Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Belarus Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy we Belarusda Türkmenistanyň Baştutanynyň mähirli garşylanjakdygyny nygtady.
Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Habar beriş serişdeleri üçin geçirilen metbugat maslahaty tamamlanansoň, iki döwletiň Baştutanlary “Baýram han” zalyndan çykdylar.
Soňra Belarus Respublikasynyň Prezidenti Gypjaga tarap ugrady we şol ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň aramgähine gül desselerini goýup, ony hatyralady.
Soňra belent mertebeli belarus myhmanynyň ulag kerweni Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna tarap bardy. Konstitusiýa binasynyň etegine gül goýmak bilen, Belarus Respublikasynyň baştutany asylly däbe görä, iki ýurduň we halkyň bozulmaz dostlugynyň nyşany hökmünde, belent mertebeli myhmanlaryň seýilgähinde bag nahalyny oturtdy.
Agşamlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.
Dabaraly kabul edişlik tamamlanansoň, iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar we Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň iki dostlukly döwletiň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny aýan eden gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirdiler.
Soňra Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Minsk şäherine tarap ugur aldy.