Şu gün Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynyň durmuş ulgamyny, ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň taslamalary bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi.
Aşgabady toplumlaýyn ösdürmegiň wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde durýar. Bu gün tutuş paýtagtymyzy we ýurdumyzyň beýleki şäherlerini, obalaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde öňdebaryjy gazanylanlaryň, innowasion tehnologiýalaryň we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň durmuşynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi esasy ugur bolup durýar. Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýan senagat, durmuş-medeni, ulag-kommunikasiýa we beýleki maksatly desgalaryň gurluşygy, şäherleriň we obalaryň häzirki zaman düzümleriniň kemala getirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygy we başlangyjy esasynda durmuşa geçirilýän iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasy netijesinde Watanymyzyň paýtagty täze binagärlik gurluşylary we sazlaşykly ösüşi bilen dünýäniň iň gözel şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkidýär. Şäheriň häzirki zaman, oňaýly durmuş gurşawyny, onuň durnukly ösmegi üçin şertleri döretmekde ýol-ulag düzüminiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna, bu ulgama ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähimiýet berilýär.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz “Oguzhan” köşkler toplumyndan pyýadalap, Ruhyýet köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar.
Köşgüň eýwanynda paýtagtymyzyň ýol-ýlag düzümini ösdürmek boýunça desgalaryň taslamalary ýaýbaňlandyryldy we olary gurmak boýunça birnäçe teklipler aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ozal hereket edýän ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmagyň, täze köprüleriň, köp zolakly halkalaýyn ýollaryň gurluşygynyň taslamalary, şeýle hem paýtagtymyzdaky desgalaryň ýerleşiş tertibiniň, çatryklaryň we onuň bilen ugurdaş düzümleriň çyzgylary we taslamalary hödürlendi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa her bir taslama barada hasabat berdi. Şeýlelikde, uzynlygy 59 kilometrden gowrak bolan şäher ýollarynyň 12-sini döwrebaplaşdyrmak, 18 köprüni we ýerasty geçelgeleriň 39-syny gurmak meýilleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde ýerüsti geçelgeleriň 15-si gurlar. Bu işler şäherde awtoulaglaryň artmagyny nazara almak bilen, ulag akymlaryny sazlamaga we çatryklaryň, ähli ýollaryň geçirijilik ukybyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunda geçiriljek toplumlaýyn işleriň çäklerinde ulag ýollarynyň inženerçilik-kommunikasiýa ulgamyna degişli desgalar dolulygyna täzelener. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamlary, hereketi sazlaýjy çyralar, gözegçilik enjamlary, şeýle hem tizligi ölçeýji gurallar oturdylar. Durky täzelenen şaýollarda elektron habar beriş tablolar, LED-monitorlar we beýlekiler peýda bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň köçeleriniň täze çatryklarynyň ýerleşiş meýilnamalaryny, paýtagtymyzyň şaýollarynyň birnäçesiniň kesişýän ýerlerinde guruljak häzirki zaman iki gatly ýol aýrytlarynyň, ýerasty pyýada geçelgeleriniň, awtobus duralgalarynyň, yşyklandyryjy sütünleriň ýol belgileriniň we beýlekileriň taslamalaryny gözden geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, Aşgabat şäherinde we tutuş ýurdumyzda gurulýan täze awtoulag ýollarynyň we ýol düzüminiň degişli desgalarynyň ähli ölçegler, hili, ygtybarlylygy, şeýle hem ýol hereketiniň howpsuzlygynyň şertleri boýunça ýokary halkara ülňülerine, laýyk gelmelidigini belledi. Şonuň üçin awtoulag ýollarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, hususan-da, olaryň yşyklandyrylyşyna, bagy-bossanlyga bürelmegine, aýmançalaryň gurulmagyna we beýlekilere üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ulag-kommunikasiýa düzümi Aşgabadyň durmuşynda, şäher hereketinde möhüm orun eýeleýär, şonuň üçin onuň ösdürilmegi hem ýurdumyzyň baş şäheriniň geljegini nazara almak bilen, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.
Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurulýan Türkmenistanyň Hökümetiniň binasynyň daşky görnüşlerini, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyny öz içine alýan planşetleri gözden geçirdi.
Soňra tanyşdyryş dabarasy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän myhmanhana we dynç alyş, hyzmatlar ulgamyna degişli desgalaryň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen jikme-jik tanşyp hem-de olara öz belliklerini we tekliplerini aýldyp, bu taslamalaryň amala aşyrylmagy deňizýaka zolagynyň, düzümini ösdürmäge we syýahatçylara edilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder diýip belledi.
Paýtagtymyzyň ýol - ulag düzüminiň desgalarynyň taslamalaryny taýýarlan “Nata Inşaat Turizm Ticaret we Sanaýi A.S.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türk işewür toparlaryna bildirýän ynamy üçin hoşallyk bildirip, şu gün tanyşdyrylan taslamalaryň her biri Aşgabady ösdürmegiň häzirki zaman ýörelgesini nazara almak bilen taýýarlanyldy diýip bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy innowasion taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda täze inženerçilik-tehniki işleri ornaşdyrmak we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, gurluşygyň ýokary hilli we ekologik ülňüleri, häzirki zaman estetiki görnüş we özboluşly binagärlik pikirleri bilen amatlylygyň sazlaşykly utgaşmagy bolup durýar diýip nygtady. Milli Liderimiz hiliň ýokary derejesine laýyk getirmek we desgalary ulanmaga bermegiň meýilleşdirilen möhletlerine gyşarnyksyz eýermek ähli gurulýan desgalara bildirilýän esasy talap bolmagynda galýar diýip belledi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna hem-de şäher gurluşygyna dahylly ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, täze desgalary gurmak bilen bagly ähli meseleleri ykjam seljermegiň, bu taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin çäreleriň toplumlaýyn ulgamyny, edilmeli işleriň meýilnamasyny işläp düzmegi tabşyrdy.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň binagärlik toplumy onuň meýdanlary, seýilgähleri we seýil baglary bilen, öz aýratynlyklary hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň ýatdan çykmajak keşbini döredýän gaýtalanmajak öwüşginleri bilen tapawutlanmalydyr diýip belledi. Inženerçilik-tehniki düzümiň desgalary, şol sanda Aşgabadyň gözelligini artdyrýan özboluşly monumental sungatyň nusgalary hökmünde ýol aýrytlary hem paýtagtymyzyň gözel keşbi bilen sazlaşykly utgaşmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi paýtagtymyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy maksady bolup durýar diýip nygtady.
Biziň bu gün gurýan iri desgalarymyz uzakmöhletleýin durmuş we ykdysady netijäni bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şonuň üçin ähli gurluşyk taslamalary durmuşa geçirmek üçin örän jogapkärli, oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär.
Şu jähetden milli Liderimiz ýollary gurmagyň hilini birkemsiz üpjün etmek meselelerine ünsi çekip, ýol-ulag düzüminiň gurluşygynda iň täze we ýokary tehnologiýaly çözgütleri, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, ylmy pikirlenmeleri peýdalanmagyň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem olaryň şäheriň durmuşynyň çeperçilik-binagärlik gurşawynda uly orun eýeleýän estetiki düzümini nazara almak möhümdir.
Bu jogapkärli işe Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň tejribeli mugallymlaryny we zehinli talyplaryny hem çekmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahat geçirmegi tabşyrdy. Olaryň pikirlerini we tekliplerini içgin öwrenip, paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini ösdürmek hem-de köprüleri binagärlik babatda döwrebap we ýokary halkara hil derejesinde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak gerek.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň sazlaşykly we okgunly ösüşinde möhüm orny eýeleýän ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmekde degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Bu ulgamyň işini üpjün etmek, onuň ulanyş aýratynlyklaryny saklamak, şol sanda ulag ýollarynyň ugrunda yşyklandyryş we sazlaýyş ulgamlaryny, şeýle hem kommunikasiýalary üpjün etmek meselelerine ünsi gowşatmazlyk möhümdir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Aragatnaşyk we Energetika ministrlikleriniň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, täze desgalaryň, ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna we ady agzalan düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy. Taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, pudagy ösdürmäge gönükdirilýän uly möçberli maýa goýumlarynyň ykdysady peýdasy onuň netijeliligine bagly bolup durýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň baş maksady – bu ähli babatda adamlaryň, jemgyýetiň, her bir raýatyň abadan durmuşy bolup durýar. Şunda paýtagtymyz Aşgabat döwletiň adam hakynda aladasynyň ileri tutulýan ugrunyň aýdyň mysalyna öwrülmelidir. Munuň özi zähmet çekmek we dynç almak, amatly durmuş üçin iň gowy şertleri döretmekde öz beýanyny tapýar. Şunda türkmen paýtagty halkara durmuşynyň iri merkezi derejesini saklamalydyr. Bu ýerde giň gerimli we wekilçilikli, şol sanda ýokary derejedäki çäreler geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti çäre tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.