Ï Wenada bilelikdäki Türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wenada bilelikdäki Türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi geçirildi

view-icon 890
6-7-nji noýabrda Wenada (Awstriýa Respublikasy) bilelikdäki Türkmen-awstriýa toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň we Awstriýanyň birnäçe döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Awstriýa tarapyna Awstriýanyň Federal ykdysadyýet, maşgala we ýaşlar ministrliginiň daşary ykdysady syýasat we Ýewropada goşulyşmak baradaky edarasynyň ýolbaşçysy Bernadett Giýerlinger ýolbaşçylyk etdi. Awstriýanyň wekiliýetiniň düzümine şu ministrligiň hünärmenlerinden daşgary, Awstriýanyň Federal kansleriniň departamentiniň, Ykdysadyýet palatasynyň, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleler boýunça ygtyýarly döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri, iri Awstriýanyň kompaniýalarynyň dolandyryjylary we geňeşçileri, bilermenler we alymlar – ykdysadyýetçiler, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri goşuldylar.

Duşuşyk ykdysady ýagdaý, Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň häzirki ýagdaýy baradaky wajyp maglumatlary alyşmak bilen başlandy, şonda taraplar milli ykdysadyýetleriň bar bolan mümkinçiliklerinden doly peýdalanylmalydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak üçin tagallalary işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns berlip, bilelikdäki çäreleri guramagyň ugurlary bellenildi.

Toparyň çäklerinde özara arkalaşykly hereket etmegiň jemlerini we netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda bilermenleriň ikitaraplaýyn iş toparynyň birinji mejlisiniň şu ýylyň baharynda Wena şäherinde geçirilendigi hem-de şonuň eksport-import amallarynyň artdyrylmagyna hem-de iberilýän harytlaryň we berjaý edilýän hyzmatlaryň sanawynyň köpeldilmegine gönükdirilen çäreleri aýdyňlaşdyrmaga ýardam berendigi bellenildi. Bilermenleriň şunuň ýaly duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmeginiň hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine, hyzmatdaşlygyň täze esasda netijeli gurallarynyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam berjekdigi ikuçsuzdyr.

Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklara gatnaşýanlaryň arasynda maglumatlaryň alşylmagynyň geriminiň giňeldilmeginiň möhümdigi hem-de iki ýurtda geçirilýän sergilere, ýarmarkalara we beýleki forumlara gatnaşmagyň muňa degerli ýardam berýändigi bellenildi. 2013-nji ýylyň oktýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň V halkara maýa goýum forumyna Awstriýanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy muňa aýdyň mysal bolup biler. Şeýle hem Awstriýanyň Ykdysadyýet palatasynyň ýöriteleşdirilen saýtynyň sahypalarynda awstriýaly işewürler Türkmenistanda sergiler we kongresler bilen bagly iş, şeýle hem ýurdumyzyň eksporta degişli kuwwaty baradaky maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Şonda türkmen harytlary baradaky maglumatlar hem-de hyzmatdaşlyga degişli beýleki teklipler ýerleşdirilýär.

Bilelikdäki toparyň mejlisiniň barşynda Awstriýanyň kompaniýalary tarapyndan 2014-nji ýylyň maýynda geçiriljek “Ak şäherim - Aşgabat” atly köpugurly halkara sergisinde özleriniň senagatyň dürli pudaklaryna degişli nou-haulary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýändigi aýdyldy. Şeýle hem beýleki birnäçe başlangyçlar hökmünde, gös-göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, indiki ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýetiniň Awstriýa saparyny guramak baradaky teklibe garaldy.

Toparyň agzalary we çagyrylan wekiller ýangyç-energetiki toplumy, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek, nebitgaz we nebithimiýa senagatyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ugurlar boýunça maglumatlaryň alşylmagyny, bilermenleriň özara arkalaşykly hereket etmegini we tehnologik taýdan hyzmatdaşlyk edilmegini işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Hususan-da, 2014-nji ýylyň maýynda geçiriljek Türkmenistanyň nobatdaky Halkara gaz kongresiniň barşynda Awstriýanyň ugurdaş kompaniýalaryna şu ugur boýunça gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga mümkinçilikler dörediler. Şeýle hem görkezilen pudaklaryň hünärmenleriniň taýýarlyk derjesini ýokarlandyrmak we iş tejribesini toplamagyny guramak bilen bagly meselelere garaldy. Iki ýurduň ylmy merkezleriniň arasynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak, daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalar, ekologiýa degişli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen dokma önümlerini ibermek boýunça hyzmatdaşlygyň örän uly mümkinçiliklere eýedigini belläp, Awstriýanyň bazarlarynda Türkmenistanyň dokma önümlerini has işjeň ýerlemegiň möhümdigini biragyzdan bellediler. Işewür toparlaryň wekilleri ýurdumyzyň pudaklaýyn kärhanalaryna özleriniň uly möçberli iş buýurmalaryny tabşyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Taraplaryň gurluşyk pudagy we düzümleýin, ulag-kommunikasion ösüş boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygy nygtaldy. Mejlise gatnaşanlar ýokary tehnologik önümleri hem-de Awstriýanyň önüm öndürijileriniň enjamlaryny has işjeň ulanmak arkaly şu ugurdaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip bolar. Şunuň bilen baglylykda, topar gurluşyk materiallaryny öndürmek, awtomobil we demir ýollaryny, elektrik geçiriji liniýalary gurmak boýunça hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek üçin Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistana iş saparyny guramak bilen bagly mümkinçilige garady.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy bilelikdäki toparyň her bir mejlisinde garalýan esasy meseleleriň biridir. Şunda Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlyk etmek arkaly oňyn tejribe toplady. Awstriýanyň kompaniýalary Türkmenistanyň saglygy goraýyş merkezleri üçin lukmançylyk tehnikasyny, enjamlary we ulanylýan serişdeleri getirýärler.

“ASKIN&Co GesmbH” kompaniýasy tarapyndan Aşgabatdaky Göz kesellerini bejeriş merkezi üçin oftalmologik enjamlaryň iberilmegi muňa mysal bolup biler. Şol kompaniýanyň ýardam bermegi bilen, bu ýerde Ýewropanyň klinikalarynyň hünärmenleri tarapyndan maslahatlar berildi hem-de çylşyrymly oftalmologik keselleri hirurgiki bejeriş guraldy, şeýle hem türkmen hünärmenleri geçen aýda Amsterdam şäherinde Halkara oftalmologiýa kongresine gatnaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, 2013-nji ýylyň maýynda türkmen lukmanlaryndan düzülen wekiliýet her ýylda Awstriýada geçirilýän “Ýokanç däl keseller we subut ediş lukmançylygy” atly maslahata gatnaşdy. Türkmen saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri şu ýylyň iýulynda we oktýabrynda Awstriýada ýokumly iýmit, dürli keselleriň öňüni almak we bejermek bilen bagly meseleler boýunça geçirilen ýokary derejeli maslahatlara gatnaşdylar.

Türkmenistanda Awstriýanyň belli kärhanalarynyň derman önümleri hem uly islegden peýdalanýar. Biziň ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek, bu ugurda täze kärhanalary gurmak jähtinden, Awstriýa tarapy eksport we tehnologiýa ýardamyny bermäge hem-de derman senagaty boýunça Ýewropanyň iň ýokary ülňülerine laýyk gelýän önümçiligi ýola goýmak üçin öz hünärmenlerini ibermäge taýýardygyny beýan etdi. Lukmançylyk ylmy boýunça bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek hem bilelikdäki hereketiň aýratyn ugrudyr.

Syýahatçylyk we bu pudak üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan we Awstriýa bu pudagy ösdürmäge uly üns berýärler. Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamakda meşhur bolan Awstriýanyň “IMС Faсhhoсhsсhule Krems” uniwersitetiniň Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky teklip aýdyldy. Öz nobatynda biziň ýurdumyz tarapyndan hem syýahatçylyk pudagynda Awstriýanyň toplan tejribelerine, bilimlerine we tehnologiýalaryna uly gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.

Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek hem möhüm ugurlaryň biridir. Şu jähtden indiki ýyl et-süýt we miwe-gök önüm önümçiligini gurnamak, tehnologiýa enjamlaryna hyzmat etmek we olary ulanmak boýunça öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin türkmen hünärmenlerini Awstriýa ibermek meselesine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň degişli toplumlary üçin Awstriýanyň enjamlaryny ibermek baradaky mesele ara alyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn toparyň işiniň ýene bir möhüm ugry innowasiýalar bilen baglanyşyklydyr. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy gikeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, mejlise gatnaşýan Awstriýanyň “Bit media GmbH” kompaniýasynyň direktory Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen duşuşykda bilim ulgamynda häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk mümkinçiliklerini – aralykdan we elektron arkaly okatmak ulgamy, elektron okuwlary guramagyň tehnologiýalary we şuňa meňzeşler boýunça öz işläp taýýarlamalaryny görkezendigini habar berdi. Toparyň agzalary şeýle tehnologiýalaryň ýurduň we jemgyýetiň durmuşynyň beýleki ugurlarynda hem möhümdigini nygtap, iki ýurduň ylmy edaralaryna maglumatlary alyşmagy hem-de innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegi maslahat berdiler.

Mejlisde garalan meseleleriň ýene biri iki ýurduň pudaklaýyn düzümleriniň standartlaşdyrmak we demografiýa hasabatyny ýöretmek, maliýe-tehniki ulgamda hyzmatdaşlyk babatynda, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn açyk gapylar syýasatyna laýyklykda, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagy maliýeleşdirmek boýunça taslamalara, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine gyzyklanma bildirýän Awstriýanyň bankynyň teklipleri beýan edildi.

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň bar bolan şertnamalaýyn binýadyny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde maýa goýumlaryny höweslendirmek we goramak baradaky döwletara ylalaşygynyň taslamasy boýunça gepleşikleriň nobatdaky tapgyry boldy, möhüm ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamagyň barşyna hem garaldy.

Gumanitar ugrundaky hyzmatdaşlyga, ozaly bilen bolsa bilim we medeniýet boýunça hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge iki tarapyň hem ygrarlydygy nygtaldy. Bu jähtden medeniýet we bilim ulgamlary boýunça özara alyşmalary, iki ýurduň folklor, tans we beýleki döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Dostluk hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen duşuşygyň ahyrynda birek-birege ynam we ikitaraplaýyn bähbitler esasynda guralýan türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýedigi ýene bir gezek nygtalyp, şu gezekki mejlisiň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Toparyň işiniň maksatnamasynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Awstriýanyň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem göz öňünde tutuldy.