Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňşiniň mejlisi

view-icon 787
Şu gün Tükmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, şeýle hem öňde boljak çäreleriň meýilnamalaryna garaldy.

Ir bilen milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçiriljek ýerine geldi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ýerde hereket edýän atyşhana bardy we harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça döredilen şertler bilen gyzyklandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň harby ulgamyň ähli görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmeginiň, harby tehnikalara we enjamlara erk etmek boýunça türgenleşikleri geçirmeginiň, şeýlelikde bolsa şahsy düzüme görelde bolmagynyň häzirki döwürde harby we hukuk goraýjy düzümleriň ählisine bildirilýän ýokary talapdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň howlusyndaky sport meýdançalary, olaryň enjamlaşdyrylyşy, meýdançalarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak we dürli derejedäki ýaryşlary guramak boýunça döredilen şertler bilen tanyşdy

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, ýurdumyzuda asudalygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryň möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, harby ulgamda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen, ol diňe parahatçylyk, goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrinanyň kabul edilmegine gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we özlerine ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňledi.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 22 ýyllygy mynasybetli has tapawutlanan harby gullukçylara we ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň bir toparyna döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi babatda hasabat berdi.

Özygtyýarly Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly gulluk etmegiň, harby we raýatlyk borçlaryny ak ýürek bilen ýerine ýetirmegiň mähriban Watanymyzyň edermen goragçylaryna mahsus bolan häsiýetlerdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gahryman pederlerimiziň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýän harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhda terbiýelenmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Milli hoppsuzlyk ministrliginiň işi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz döwletimiziň milli bähbitlerini goramak, kanunçylygy, hukuk tertibini berjaý etmek, tutuşlygyna alnanda bolsa amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmek ýaly ugurlara aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna tarap durnukly öňe gitmegini şertlendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak boýunça ýurdumyzyň döwlet serhetlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we düzümde şu ýylyň 10 aýynda durmuşa geçirilen çäreleriň netijeleri barada Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow hasabat berdi.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda sak durýan Watanymyzyň edermen goragçylarynyň üstüne örän jogapkärli hem-de möhüm wezipeleriň ýüklenendigini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz özüniň mukaddes harby borjuny ýerine ýetirýän serhetçileriň Türkmenistanyň gury ýerdäki we deňizdäki çäkleriniň ähli ýurtlar bilen dostlukly serhet bolup durýandygyny, biziň halkymyz bilen goňşy halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze taryhy eýýamda ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny bilmelidiklerini aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz serhet gullugynyň ýolbaşçy düzüminiň guramaçylyk meselelerine seretdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow podpolkownik B.Kakageldiýewi Türkmenistanyň Serhet institutynyň rektory wezipesinden boşatmak, podpolkownik D.Annamyradowy bolsa şu institutyň rektory wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara, podpolkownik T.Şiriýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak, podpolkownik D.Ýegenmyradowy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Serhet institutynyň okuw we ylmy işler boýunça prorektory, maýor A.Ýalkanowy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Hazar deňiz serhet birikmesiniň başlygy wezipesinden boşatmak baradaky Kararlara gol çekdi.

Soňra ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna şu ýylyň 10 aýynda milli goşunymyzyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna we yzygiderli kämilleşdirilmegine gönükdirilen harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynpasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişde milli goşunymyzyň tehniki kuwwatynyň we üpjünçilik binýadynyň äşgär edilendigini belledi.

Ýurdumyzyň baş baýramçylygy mynasybetli geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Türkmenistan Garaşsyz, Bitarap döwlet bolmak bilen, milli goşunyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça başy başlanan maksatnamalaýyn çäreleri mundan beýläk-de yzygiderli dowam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Häzirki döwürde goşun düzümlerine döwrebap harby tehnikalar gelip gowuşýar, şeýle hem ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär we harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi hem-de amatly dynç almagy üçin ähli oňaýly şertler dörediler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewe söz berildi, ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde 2013-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we döwlet Baştutanymyzyň tertip-düzgüni güýçlendirmek maksady bilen öňde goýýan wezipeleriniň jähedinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwletimizde we jemgyýetde kanunçylygyň, hukuk tertibiniň berjaý edilişine gözegçiligi alyp barýan düzümleriň we olaryň işgärleriniň ýerine ýetirýän işlerine gözegçilik etmegiň Baş prokuroryň jogapkärli borçlarynyň biridigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze işgärleriň seçilip alynmagyna we olaryň halal hem-de düzgün-nyzaly işgärler hökmünde abraý gazanmagyna yzygiderli üns bermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow öz gezeginde jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, şol sanda ýurdumyzyň ýollarynda asudalygy ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler we şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Biziň ýurdumyzda parahatçylygyň, asudalygyň we jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň üpjün edilmegi häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň abadançylygynyň baş şertidir. Içeri işler düzümleriniň işgärleri öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmek bilen, döwlet Garaşsyzlygynyň binýatlaryny berkitmek, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmek ýaly ählumumy işe ägirt uly goşant goşýarlar diýip, milli Liderimiz belledi we döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylygyna ýangyn howpsuzlygynyň işlerini talabalaýyk guramak, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň şahsy düzümiň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Kazyýet ulgamynyň işgärlerine örän möhüm wezipäniň ýüklenendigini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kazylar öz işlerinde kanunyň ruhuna we talaplaryna laýyk gelýän ýörelgeleri berjaý etmelidirler we ynsanperwerligiň asylly däplerini, türkmen halkynyň hoşniýetliligini unutmaly däldirler diýip belledi. Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzda kanunçylygy we hukuknamalaryny mundan buýana-da kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedowa söz berildi. Ol özüniň gözegçilik edýän düzüminde hasabat döwründe hereket edýän kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler babatda hasabat berdi.

Ýurdumyzyň kanunçylygynyň dünýäniň kanunçykaryjylyk tejribeleriniň kadalaryna laýyk gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz hereket edýän we täze kabul edilýän kanunçylyk namalaryny ilatyň arasynda wagyz etmek işlerini alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik kabul edişliklerini hem-de geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew hasabat berdi. Ol öz çykyşynda hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýokary derejede ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ilşärleriniň daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, özygtyýarly döwletimiziň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny aýratyn nygtady. Ýurdumyzyň gümrük bölümlerinden soňky ýyllarda geçýän ýükleriň möçberleriniň yzygiderli artýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýükleri degişli derejede barlamak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Öz gözegçilik edýän düzüminde 2013-nji ýylyň on aýynyň dowamynda amala aşyrylan işleriň jemleri hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we onuň ulanylyşyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow hasabat berdi.

Biz neşeleriň bikanun dolanyşygyna ygtybarly böwet goýmalydyrys we jemgyýete ägirt uly zyýan ýetirýän neşekeşligiň düýp-teýkary bilen soňuna çykmalydyrys diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik guramalary, hukuk goraýjy we saglygy goraýyş edaralary bilen neşekeşligiň soňuna çykmak, onuň garşysyna göreşmek boýunça köpçülikleýin çäreleri, öňi bilen bolsa ýaşlaryň arasynda giň düşündiriş işini geçirmek babatda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow özüniň gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol gullugyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipeleri nazara almak bilen, olaryň arasynda kämilleşdiriş işleriniň yzygiderli alnyp barylmagynyň derwaýysdygyny belledi. Gullugyň işgärleri ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, onuň ýokary halkara abraýynyň jähedinde ýola goýulýan giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmalydyrlar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mejlisiň ahyrynda Tükmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda howpsuzlygyň, kanunçylygyň we tertip-düzgüniň berkarar edilmeginde mynasyp orun eýeleýän we täze taryhy eýýamda beýik maksatlara tarap hereket edýän ata Watanymyzyň ösüşiniň möhüm şerti bolan parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri geçirmek barada tabşyryklary berdi.

Şeýle hem mejlise gatnaşýan ýolbaşçylara tabynlygyndaky düzümlerde gurulýan desgalarda işleriň barşyna berk gözegçiligi häzirki zaman harby şäherjikleriniň, serhet galalarynyň, edara binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň öz wagtynda hem-de ýokary hilli gurlup gutarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we öňde goýlan maksatlara ýetmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz merdana Watan goragçylarynyň türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň goragynda hemişe berk durjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha pugtalanýandygyna şaýatlyk edýän sergi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz görkezilen iň täze harby tehniki enjamlary, harby lybaslaryň dürli görnüşlerini synlap, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişiniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hoşlaşanda harby gullukçylara möhüm we asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.