Ï Türkmenistanyň Meşlisiniň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Meşlisiniň maslahaty

view-icon 736
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň 22-nji maslahaty geçirildi. Onda Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşine, bitewüligiň we durnuklylygyň berkildilmegine, türkmen jemgyýetiniň demokratiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen kadalaşdyryş-hukuk resminamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň işine hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky” Kanuny we “Türkmenistanyň 2012-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasy maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine “Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda”, “Ylmy edaralar hakynda”, “Daýhan hojalygy hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary we hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky kanunçylyk taslamalary girizildi. Milli parlamentiň ähli komitetlerinde olaryň deslapky ara alnyp maslahatlaşmasy geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň garamagyna berlen Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň möhüm maddalarynyň üstünde durup geçmek bilen, maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taýýarlanmagy ähli pudaklar boýunça jikme-jik seljermeler we ägirt uly işler geçirilmek arkaly ýerine ýetirildi. “Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanylanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet mejlislerinde aýdan bellikleri we anyk teklipleri, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin milli we sebitleýin maksatnamalarynyň wezipeleri göz öňünde tutuldy.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň kanuny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uyl wezipelerini we taslamalaryny durmuşa geçirmekde esasy gural bolup durýar. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, ol ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda täzeçil ýörelgeleri ulanmaga, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge, tutuşlygyna alnanda bolsa halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň gazananlarynyň, 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamaga gönükdirilen esasy ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň, onuň girdeji böleginiň emele gelmeginiň aýratynlyklarynyň, geljek ýylda ykdysady, medeni we durmuş ugurlarynda çaklanylýan ösüşiň üstünde durup geçdiler.

Mejlisiň deputatlarynyň belleýişleri ýaly, maýa goýumlaryň ägirt uly böleginiň ykdysadyýetiň ösüş depginlerini saklamaga gönükdirilmegi geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň möhüm wezipesi bolup durýar. Tutuşlygyna alnanda, 2014-nji ýylda Döwlet býujetiniň girdejileri 94129,1 million manat, şol sanda býujetiň birinji derejeli girdejileriniň möçberi 18315,5 million manada barabar bolar. Döwlet býujetiniň çykdajy bölegi 97829,1 million manat, şunlukda, çykdajylar boýunça birinji derejeli býujet 22015,5 million manat möçberinde meýilleşdirildi.

Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň döwlet býujetiniň girdeji bölegi geljek ýylda hem nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk ýaly möhüm önümçilik pudaklarynyň hasabyna düzüldi. Obasenagat toplumy, ulag, aragatnaşyk, dokma we azyk senagaty ýaly pudaklar hem kuwwatly ösüşe eýe bolar. 2014-nji ýylda girdejiler eýeçiligiň döwlete degişli bolmadyk kärhanalarynyň işiniň yzygiderli ösdürilmeginiň we olaryň höweslendirilmeginiň hasabyna artdyrylar.

2014-nji ýylda jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlarynyň maliýeleşdirilmegine bölünip berilýän umumy serişdäniň 37 göterimi bilim ulgamyna, 4,5 göterimi medeniýete, 10,4 göterimi saglygy goraýşa, 37,6 göterimi durmuş üpjünçiligi ulgamyna, 10,4 göterimi ýaşaýyş-jemagat hojalygynyň maliýeleşdirilmegine gönükdiriler. Sportuň ösdürilmegine, köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilmegine 37,2 million manat gönükdiriler. Munuň özi 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 62 göterim ýokarydyr.

Serişdeleriň uly möçberi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk haklary, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyplaryň we diňleýjileriň haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky 2013-nji ýylyň 12-nji iýulynda gol çeken degişli Permanynyň ýerine ýetirilmegine harçlanylar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan strategik maksatnamalaryň, giň möçberli taslamalaryň, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze desgalaryň, medeni-durmuş maksatly täze binalaryň, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda senagat hem-de ulag-aragatnaşyk düzümleriniň desgalarynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän serişdeleriň mukdaryny artdyrmak göz öňünde tutuldy.

“Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky” Kanunyň taslamasy türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm resminamasy bolup durýar we ol ýurduň parlamenti tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň 2012-nji ýyl ýyl Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasyna biragyzdan ses berdiler.

Soňra “Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlendi.

Bu hukuk resminamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramaçylyk-hukuk esaslarynyň kemala gelmegini we işini kesgitlemek, şeýle hem olaryň hukuklaryny we kepilliklerini tassyklamak onuň baş wezipesi bolup durýar diýip nygtaldy. Kanunyň taslamasynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenistanda zähmeti we şrnuň bilen baglylykda beýleki durmu-ykdysady hukuklary hem-de öz agzalarynyň bähbidini goramak, zähmetkeşler üçin olaryň hünär bähbitleri esasynda döredilýän şertleri gowulandyrmak bilen baglanyşykly hyzmatlary ýerine ýetirýän we erkin esasda döredilýän jemgyýetçilik guramasy bolup durýar.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň işi meýletinlik, saýlawlylyk, deňhukuklylyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk, hasabatlylyk, şeýle hem aýdyňlyk esaslarynda guralýar. Şeýle hem Kärdeşler arkalaşyklary özüniň gurluşyny, işiniň maksatlaryny, görnüşlerini we usullaryny kesgitlemekde erkindirler hem-de olar halkara işini amala aşyryp bilerler. Mundan başga-da, kanunçylyk taslamasynda Kärdeşler arkalaşykarynyň işine onuň Tertipnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän döwlet goldawynyň görnüşleri görkezilýär.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu kanunçylyk taslamasy milli we halkara ülňülerine doly laýyk gelýär hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine, jemgyýetçilik birleşmeleriniň döredilmegine we şunuň bilen baglylykda, jemgyýetçilik gatnaşyklary bilen ýüze çykýan meseleleriň kadalaşdyrylmagyna ýardam berler.

Türkmenistanyň “Ylmy edaralar hakynda” Kanunynyň taslamasy Mejlisiň şu günki maslahatynyň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ýene-de biri boldy. Ol ylmy guramalaryň hukuk ýagdaýyny, maksadyny, wezipelerini we ygtyýarlylygyny, olaryň kysymlaryny, görnüşlerini, şeýle hem ylmy guramalaryň işiniň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyşyny kesgitleýär.

Türkmenistanyň “Ylmy edaralar hakyndaky” Kanunynyň taslamasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň maddalarynyň, Türkmenistanyň “Ylmy-tehniki döwlet syýasaty hakynda” Kanunynyň 21-nji maddasyna, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn görkezmelerine, şeýle hem bu ulgamdaky dünýäniň oňyn tejribelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Hususan-da, täze kanunçlyyk taslamasynda Türkmenistan üçin täze bolan, ylmy-tehnologik merkezleriň işiniň ugurlary kesgitlendi, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, onuň düzümine girýän ylmy edaralaryň, olaryň beýleki guramalar bilen gatnaşyklarynyň hukuk kadasy we maliýeleşdirilişi bilen baglanyşykly meseleler öz beýanyny tapdy. Kanunçylyk taslamasynyň aýratyn bölümi halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň we ylmy edaralaryň daşary-ykdysady işiniň düzgünnamalaryny kesgitleýär.

Kanunçylyk taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän we milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli alnyp barylýan ylym-bilim özgertmeleriniň çäklerinde has-da derwaýysdygy bellenildi.

Soňra Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Obasenagat toplumynyň öňünde durýan we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen wezipeler esasynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň “Daýhan hojalygy hakynda” Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlendi. Bu kanunçylyk taslamasy daýhan hojalyklaryny döretmegiň esasy ýörelgelerini we onuň işiniň hukuk binýatlaryny kesgitleýär. Ol işlenip taýýarlanylanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren teklipleri, milli Liderimiziň 2013-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda beýan eden wezipeleri, şeýle hem bu ugur boýunça kanun çykaryjylygyň oňyn halkara tejribesi nazara alyndy.

Çykyş edenler daýhan hojalyklary hakyndaky täze resminamanyň ozalky hereket edýäninden artykmaç tarapy, ol daýhan hojalyklaryny guramak we onuň işini kämilleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar diýip bellediler. Olaryň hatarynda daýhan hojalyklaryna döwletiň gaznasyndan ýerleriň on ýyldan az bolmadyk döwür üçin berilmegini görkezmek bolar.

Täze Kanunynyň kabul edilmegi daýhan hojalyklaryna ylym esasda iş alyp barmaga mümkinçilik berer diýip, deputatlar bellediler. Bu bolsa olaryň işine innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligiň döredilmegini, şeýle hem ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyny we maldarçylyk önümleriniň artdyrylmagyny, oba hojalyk önümçiliginiň maliýe ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyny şertlendirer.

Şeýle hem Mejlisiň maslahatynyň barşynda “Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Muzeýler we muzýe işi hakynda”, Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Kärhanalar hakynda”, “Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem “Deňizçileriň şahsyýetnamalary baradaky 1958-nji ýylyň Konwensiýasyna täzeden seredýän Konwensiýany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasyna seredildi.

Mejlisiň deputatlary maslahatyň jemleri boýunça täze kanunçylyk taslamalaryny oňladylar we biragyzdan kabul etdiler we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we halkara konwensiýalarynyň biziň ýurdumyzda tassyklanan kadalalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan we Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ösüşi üçin ygtybarly binýady emele getirmäge, şeýle hem raýatlyk edaralarynyň pugtalandyrylmagyny şertlendirmäge, jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň tassyk edilmegine ýardam etjekdigini nygtadylar.