Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 630
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat döwrüniň jemleri boýunça ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 110 göterim üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,2 göterim üpjün edilip, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisinde diýen ýaly ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.

2013-nji ýylyň on aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 119,8 göterime deň boldy. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňat netijeler gazanyldy. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzda özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgini 107,2 göterime deň boldy. Onuň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 45,6 göterim möçberde emele geldi.

Wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň depginleri barada hasabat berip, hasabat döwründe ýurdumyz boýunça jemi 5,1 milliard manat möçberde düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilip, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 24,3 göterim artandygyny habar berdi. Şu maksatnamanyň çäklerinde durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň 118 sanysynyň gurluşygy tamamlandy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,4 göterim ýa-da 13 birlik köpdür. Bellenilişi ýaly, şol döwürde döwlet eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy 68,7 göterim we bank karzlarynyň hasabyna gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy 2,5 esse artdy.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 121,7 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,3 göterim ýerine ýetirildi. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary hem-de pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Ortaça aýlyk zähmet haky 2012-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,9 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalarynda kesgitlenen gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin mundan beýläk-de maliýe düzümleriniň we bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksadynda toplumlaýyn çäreleriň görülmelidigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň deputatlarynyň alyp barýan işleri, şeýle hem şu ýylyň on aýynda Mejlisiň durmuşa geçiren çäreleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Milli parlamentiň Baştutanynyň habar berşi ýaly, şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň maslahatlarynyň dördüsinde kanunçylyk resminamalarynyň 66-sy, şol sanda 34 kanun we 32 karar kabul edildi. Ozal kabul edilen kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzirki döwürde iri kanunçylyk taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli dowam edýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 9-njy noýabrda geçiriljek nobatdaky maslahatynyň gün tertibi barada hem aýdyldy. Şeýle hem täze kanunçylyk resminamalarynyň mazmunyny we ähmiýetini ilatyň arasynda giňden wagyz etmek boýunça deputatlaryň alyp barýan işleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi saýlaw topary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzümine saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça ýerlerde döredilen saýlaw toparlary bilen bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Mejlisiň kanunçylyk işiniň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipelerini çözmekde netijeli gural bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz milli parlamentiň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanlandyrylmagyna, raýatlyk edaralarynyň kuwwatlanmagyna we jemgyýetimizde demokratik esaslaryň ykrar edilmegine gönükdirilen işiniň möhüm ugurlaryna aýratyn ünsi çekdi.

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň dekabr aýynda geçiriljek saýlawlarynyň guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz saýlawlaryň demokratik esasda geçirilmegine, olaryň açyklyk we aýanlyk derejesiniň üpjün edilmegine berk gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol 2013-2017-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek jähtinden şu ýylyň on aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýäniň köp ýurtlary bilen oňyn syýasy gepleşikleri we netijeli syýasy-ykdysady hem-de gumanitar-medeni gatnaşyklary ösdürýär. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlaryň birnäçesine, şeýle hem daşary ýurtlaryň baştutanlarynyň biziň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Umuman, ýanwar-oktýabr aýlarynda Daşary işler ministrliginiň üsti bilen dürli derejedäki wekiliýetleriň 556-sy ýurdumyza saparlary amala aşyrdylar. Şu döwürde iş saparlary bilen Türkmenistandan daşary ýurtlara 514 wekiliýet gitdi. On aýyň dowamynda Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen bilelikde maslahatlaryň, dürli okuwlaryň we beýleki çäreleriň 184-si guraldy.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda beýleki döwletleriň daşary işler ministrlikleri bilen döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen maslahatlaşmalaryň 29-sy geçirildi. Hasabat döwründe ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň 15 mejlisi we iş duşuşyklary geçirildi. Olaryň işi Türkmenistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de medeni-gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy 12-13-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Onuň gün tertibine ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri giriziler. Şeýle hem 11–14-nji noýabr aralygynda türkmen paýtagtynda geçiriljek ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we maýa goýumlary baradaky Çarçuwaly ylalaşyga (TIFA) gatnaşyjylaryň nobatdaky duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarlydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda mundan beýläk hem işjeň orny eýelejekdigini belläp, BMG-niň we beýleki abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde Türkmenistanyň ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga meýillidigini tassyklady.

Milli Liderimiz türmen-amerikan gatnaşyklary barada durup geçip we olaryň oňyn, dostlukly häsiýete eýedigini nygtap, biziň ýurdumyzyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we uzakmöhletlilik ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň amerikaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň mejlisine, şeýle hem ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we maýa goýumlary baradaky Çarçuwaly ylalaşyga (TIFA) gatnaşyjylaryň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew 2013-nji ýylyň on aýynda gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň meýilnamasy 125 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 107,3 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-okýabr aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 116 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 109, 7 göterime deň boldy. Elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 103, 8 göterime we elektrik energiýasynyň eksporty 104,7 göterime barabar boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 128,5 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 127,5 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Jemagat hojalyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 129,7 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş depgini 114,2 göterime deň boldy. Aşgabat şäheri boýunça şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 107,1 göterime babar boldy.

Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik habar berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň görkezmesine laýyklykda, Aşgabat şäherinde köprüleri we pyýadalar üçin geçelgeleri gurmak, ýollary döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly mesele öwrenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, hususan-da, paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ýokary depginlerini mundan beýläk-de saklamagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherinde köprüleri we geçelgeleri gurmak bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasyny, umuman, makullap, degişli Karara gol çekdi we onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän obasenagat toplumynda şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryndaky işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, umuman obasenagat toplumy boýunça önüm öndürilişiniň, ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 106,4 göterime barabar boldy. Şunda Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 109,3 göterim, Suw hojalyk ministrligi boýunça 101 göterim, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 106,9 göterim, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 146,3 göterim, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,1 göterim, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105 göterim, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,4 göterim, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 105,5 göterim, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 118,2 göterim boldy.

“Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň çäklerinde, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde elewatorlaryň 8-siniň, döwrebap maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Mundan başga-da, wise-premýer “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleriň barşy, obasenagat toplumynyň buýurmasy boýunça deňiz kenarynda bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada, şeýle hem 9-njy noýabrda geçiriljek bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Türkmenistanyň Baştutany hasabaty diňläp, pudagyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga, onuň senagat düzümini döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli dürli görnüşli önümleriň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen oba hojalygyny özgertmek babatdaky döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň häzirki wagtyň möhüm wezipesi bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş ýüzünde öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça işleriň wajypdygyny belledi.

Aşgabadyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda bag nahallaryny oturtmak boýunça geçiriljek ýowara ünsi çekip, milli Liderimiz ýurdumyzyň yzygiderli we durnukly ösüşini, türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar nukdaýnazaryndan ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýowaryň ählihalk baýramçylygy hökmünde ýokary ruhubelentlikde, türkmen halkynyň zähmetsöýerliginiň hem-de mähriban topragyna hakyky söýgüsiniň nyşanyna öwrülmegi üçin hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde, 2013-nji ýylyň on aýynda toplum boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, şu ýylyň on aýynda nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak boýunça meýilnamanyň 105,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň 106,7 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende “mawy ýangyjyň” eksport edilýän möçberi artyp, onuň ösüş depgini 103,4 göterime deň boldy. Nebiti gaýtadan işlemegiň we nebit önümleriniň, şol sanda benzinleriň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän möçberleri artdy. Buraw işleriniň möçberi ep-esli ýokarlanyp, 2012-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde 135,4 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň iri ýataklarynda uly möçberli maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar, olaryň çäklerinde täze önümçilik desgalary gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan baý uglewodorod serişdelerine eýe bolmak bilen, energetika syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar diýip belledi. Ýangyç - energetika toplumynyň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, pudagyň çig mal binýadyny berkitmek, şol sanda täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmegiň hasabyna pugtalandyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlary bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň, daşary ýurt maýalaryny giňden çekmegiň maksadalaýyklygyny belledi. Bu ýurdumyzyň ýangyç - energetika toplumyny çalt depginler bilen ösdürmäge, dünýäniň energetiki howpsuzlygyny üpjün etmek babatda biziň ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny ilerletmäge ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow şu ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça gözegçilik edýän pudaklarynyň görkezijileri barada hasabat berdi.

Hususan-da, habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we edilen hyzmatlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 141,5 göterime deň boldy. Döwlet kärhanalarynyň öndürýän gurluşyk materiallarynyň esasy görnüşleri boýunça durnukly ösüş depgini saklanýar, has ýokary görkeziji sementiň öndürilişinde hasaba alyndy, ösüş depgini 190 göterimden gowrak boldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň ösüş depgini 108,5 göterime, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 102,2 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat pudaklaryny innowasion taýdan ösdürmek üçin diňe öňdebaryjy işläp düzmeleri we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem önümçiligi guramaga we dolandyrmaga, işgärler we bazar syýasatyny ýöretmäge täze çemeleşmeleri özleşdirmek möhümdir diýip belledi.

Hut innowasiýalaryň we maýa goýumlaryň derejesi ahyrky netijede önümçilik kuwwatyny ösdürmegiň derejesini kesgitleýär, ol öz gezeginde milli ykdysadyýetiň gazananlaryny, onuň bazar şertlerindäki bäsdeşlige ukyplylygyny şöhlelendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Döwletimiziň täze senagat strategiýasyny amala aşyrmagyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, milli Liderimiz senagat pudagynyň bar bolan ähli serişdelerini seljermegi, ulanylmaýan atiýaçlyklary kesgitlemegi we olary bu binýatlyk ulgamy işjeň ösdürmäge çekmegi talap etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganowa söz berdi. Gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 10 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe jemi haryt dolanyşygynyň ösüşiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20 göterimden gowrak artandygy barada habar berdi.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda 10 aýda söwdalaryň 125-si geçirilip, hasaba alnan geleşikleriň umumy bahasy 29,6 göterim artdy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan bu döwürde sergileriň 19-sy we maslahatlaryň 19-sy geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçileri birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe senagat önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini 198 göterime, oba hojalyk önümleriniň ösüş depgini 157 görerime deň boldy. Gurluşyk-gurnama işleri 66 göterim köp ýerine ýetirildi. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçileri birleşmesi boýunça jemi haryt dolanyşygy iki esse, ilata edilen hyzmatlaryň möçberi 2,5 esse artdy.

Wise-premýer şeýle hem 2013-nji ýylyň 11-12-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň dokuzynjy mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 6-7-nji noýabrda geçirilen bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisiniň netijeleri barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň ösüş depginlerini saklamak, harytlaryň görnüşini artdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Bu ulgamda halkara işewür gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça çäreler barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylaryň arasynda işjeň pikir alyşmakda, täze hyzmatdaşlary çekmekde hem-de ýöriteleşdirilen kärhanalaryň, kompaniýalaryň we edaralaryň derejesinde göni aragatnaşyklary ýola goýmakda sergileriň, forumlaryň we beýleki bilelikdäki çäreleriň ähmiýetini belläp, bu işleriň örän peýdalydygynyň iş ýüzündäki netijeler bilen kesgitlenýändigini nygtady.

Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi, ol gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň 10 aýynda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenip geçilişi ýaly, hasabat döwründe umumybilim berýän orta mekdepleriň 25-si, çagalar baglarynyň 27-si ulanmaga berildi. Gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanda halkara ylmy maslahatlarynyň altysy we sergileriň ikisi geçirildi.

Türkmen mekdep okuwçylarynyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda çykyşlary üstünlikli boldy, olar medallaryň 125-sini gazandylar. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara bäsleşiklerinde 53 medala mynasyp boldular. Türkmen türgenleriniň dünýäde birinjilik ugrundaky ýaryşlara gatnaşmagy hem has üstünlikli boldy. Olar halkara ýaryşlarynyň 133-sine gatnaşdylar, şolarda medallaryň 242-sine mynasyp boldular.

Wise-premýer 12-14-nji noýabrda Aşgabatda “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hem hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bilim, ýaşlary terbiýelemek, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ýaly jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynyň ileri tutulýan ugurlary durmuş ugruna gönükdirilen hem-de adamlaryň mynasyp durmuş şertlerini döretmegi, olaryň mümkinçiliklerini we ukyplaryny açyp görkezmegi maksat edinýän syýasaty ýöredýän döwletimiziň hemişe üns merkezinde bolmagynda galar diýip nygtady. Uly möçberli oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmek ähli ugurlaryň işgärlerinden hünär ussatlygyny talap edýär diýip, milli Liderimiz wise-premýere ýokary hünärli, giň gözýetime we döredijilik ukybyna eýe bolan, ylmyň hem-de tehnikanyň iň täze gazananlaryny işjeň özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz öňde boljak “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şu ýylyň 10 aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, şeýle hem 13-14-nji noýabrda Aşgabat hem-de Mary şäherlerinde “Türkmenistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň medeni kuwwatyny ýokarlandyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we neşirýat işini, teatr sungatyny hem-de kinematografiýany ösdürmek boýunça görülýän çäreler, milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek, ilata edilýän medeni hyzmatyň hilini kämilleşdirmek we daşary ýurtlarda türkmen medeniýetine mynasyp wekilçilik etmek üçin şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan işler barada habar aýdyldy.

Bellenip geçilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda medeniýet edaralarynyň 1 müň 265-si işleýär, olar raýatlara degişli hyzmatlary ýokary derejede üpjün edýärler we täze döwrüň hem-de häzirki zaman ylmy-tehniki gazanylanlaryň talaplaryna laýyklykda öz işlerini kämilleşdirýärler. Hasabat döwri ýurdumyzyň medeniýetiniň artýan mümkinçiliklerini görkezen birnäçe ajaýyp wakalara beslendi. Dürli halkara festiwallarynyň we maslahatlarynyň geçirilmegi, şeýle hem medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň daşary ýurtlarda geçirilen halkara medeni çäreleriniň 50-den gowragyna türkmen sungat işgärleriniň gatnaşmagy munuň subutnamasy boldy.

Çykyşyň çäklerinde ýurdumyzyň döredijilik toparlarynda alnyp barylýan işler, milli medeniýet we sungat mekdeplerini ösdürmek, halk köpçüliginiň teatrlara uly höwes bilen gelmegini üpjün etmek,täze sahna oýunlarynyň goýulmagy, teatr sungaty babatda ösüşler gazanmak, ýaş artistleriň kämilleşmegini gazanmak boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet edaralarynyň, zehinli ýaşlaryň döredijilik işini goldamak, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça jemgyýetçilik guramalary, okuw mekdepleri, habar beriş serişdeleri bilen özara gatnaşykda bilelikdäki işiniň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz medeniýet edaralarynyň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny has işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny hem belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň binagärlik mirasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatyny geçirmegiň meselesiniň üstünde durup geçmek bilen, bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere degişli görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we işleriň meýilnamasy 105,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 106,9 göterime barabar boldy.

Hususan-da, geçen on aýyň dowamynda Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça daşalan ýükleriň möçberiniň ösüş depgini 116,8 göterime, gatnadylan ýolagçylaryň sanynyň ösüş depgini 102,3 göterime deň boldy. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça şu görkezijiler degişlilikde 102,5 göterime we 102,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 106,2 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 202,7 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe Aragatnaşyk ministrligi boýunça telefon nokatlaryny gurnamagyň meýilnamasy 189 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, 2,5 müň kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi we 25 müň telefon nokady gurnaldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň mundan beýläk hem ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek, olaryň kuwwatyny artdyrmak, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak meselelerine uly üns berjekdigini nygtady. Şunda milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasion işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagyň esasynda şu ulgamlaryň kärhanalarynyň ählisiniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça maksadalaýyk çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kabul edilen pudaklaýyn maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň ählisini gözegçilikde saklamagy, şeýle hem degişli düzümleriň takyk we sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerini jemläp, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, ýylyň ahyryna çenli iki aýa golaý wagt galandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, biz täze 2014-nji ýyly oňat taýýarlykly başlamak üçin, galan wagtyň içinde köp meseleleri çözmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada aýdylanda, hasabatlardan görnüşi ýaly, ykdysadyýetimiziň ösüş depgini, öňküsi ýaly, ýokary bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly bellenen möçberlerde önümçiligiň ösüş depgini üpjün edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy. Köp sanly önümçilik we durmuş maksatly binalar gurlup, ulanmaga berildi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada jikme-jik durup geçmejekdigini belledi. Mälim bolşy ýaly, Ýaşulularyň Daşoguz şäherinde geçen maslahatynda häzirki döwürde döwletimiziň ykdysady we syýasy ýagdaýy, şeýle hem ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özgertmeleriň geçirilişi jikme-jik beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljek ýyl üçin meýilnamalar düzülende her pudakda özgertmeleri geçirmekde ýüze çykan kemçilikleriň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Biz senagat pudagyny giň gerim bilen ösdürmegi maksat edinýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we ykdysadyýeti hem ähli ugurlar boýunça täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly üýtgedip guramagy dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Obalarda, şäherçelerde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny giň gerim bilen gurmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Täze ýyla çenli galan döwürde her ministrligi we pudak edarasyny geljek ýylda ösdürmegiň maksatnamalaryny düzmek we olary ara alyp maslahatlaşmak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ähli maksatnamalarda täze iş orunlaryny döretmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlemegiň zerurdygyna ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenen orunbasarlary welaýatlary ösdürmegiň maksatnamalaryna häkimler bilen bilelikde seretmelidirler. Şunda döwlet Baştutanymyz ähli maksatnamalaryň 2014-nji ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujeti we Prezident maksatnamasy göz öňünde tutulyp düzülmelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere ýörite maslahat geçirmegi we onuň gün tertibine laýyklykda kabul ediljek maksatnamalara seretmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň öz gözegçilik edýän pudaklaryny ösdürmek boýunça taýýarlan jemleýji maksatnamalaryna bolsa Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek mejlisinde jikme-jik serediler. Şunda döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde her bir pudagyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyna, şeýle hem ýurdumyzda geçiriljek beýleki halkara maslahatlaryna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren teklipleriniň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şonuň ýaly-da ilçiler bilen geçiriljek maslahata oňat taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barmak möhümdir. Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, gurluşykda işleriň depgininiň pese düşmegine ýol berilmeli däldigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşyk pudagynda geljek ýyl üçin şertnamalaryň az baglaşylandygyny belledi. Gurulýan desgalaryň umumy sany, şol sanda möhüm ähmiýetli desgalaryň, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulmaly desgalaryň sany azaldy. Köp desgalaryň, aýratyn hem, welaýatlarda köp sanly binalaryň gurlup, ulanmaga berlendigine garamazdan, olar bellenen tertipde kabul edilmändir. Bu desgalaryň kabul edilendigi barada ýörite toparyň güwänamalary hem ýok. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere bu ugurda bar bolan meseleleri düýpli seljermegi we ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa ýüzlenip, wise-premýeriň gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudak edaralarynda we häkimliklerde, şeýle hem oba hojalygynda bar bolan meseleleriň haýal çözülýändigini aýtdy. Döwletimiziň uly goldaw berýändigine garamazdan, oba hojalygynda özgertmeler haýal alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Berlen tabşyryklara garamazdan, haýsy welaýatlarda, nirede we näçe möçberde pagta, däneli ekinleri we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmegiň maksadalaýyk boljakdygy häzire çenli hem anyk kesgitlenilmedi. Şorlaşan ýerleri dikeltmek boýunça işler hem ýaramaz alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda hem düýpli meseleler bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Muňa garamazdan, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça hiç hili teklip berilmeýär. Häzirki wagtda ýerlerdäki köp sanly fermalaryň eýesi ýok, olaryň nähili ulanylmalydygy barada hem anyk netijä gelnenok. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şol fermalary isleg bildirýän kärendeçilere satmagyň ýa-da olary uzakmöhletleýin esasda kärendesine bermek üçin şertnamalary baglaşmagyň zerurdygy barada öňem gürrüň edilendigini belläp, wise-premýerden bu ugurda bar bolan meseleleri düýpli seljermegi talap etdi.

Hazaryň kenarynda suw arassalaýjy desgalary gurmak bilen bagly meseleler hem çözülmän gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olary ýylyň ahyryna çenli çözmegiň wajypdygyny nygtady. Ertir ýurdumyzda ýowaryň geçirilýändigini aýdyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere welaýat häkimleri bilen bilelikde agaç nahallaryny oturtmak boýunça bu ýowary ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge oňat taýýarlyk görmegi, oturdylan agaç nahallaryna ideg etmek we olary suwarmak boýunça alnyp barylýan işleri hem berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ulag-kommunikasiýa toplumynyň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowa ýurdumyzyň demir ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça geçirilmeli işleriň maksatnamasyny, şonuň ýaly-da, ýerli howa gatnawlaryny dikeltmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Şunda hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň gözegçilik edýän ministrliklerini we pudak edaralaryny: «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyny, Demir ýol ulaglary ministrligini, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyny, Aragatnaşyk ministrligini paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça göz öňünde tutulan işleriň, öňküsi ýaly, haýal alnyp barylýandygyny belledi. Öýjükli aragatnaşyk we Internet ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz Aşgabatda we welaýatlarda aragatnaşygyň hiliniň pes bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň maliýe ulgamyny has çalt depginler bilen ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda birnäçe işleriň ýerine ýetirilendigini belledi. Döwlet ösüş banky, Senagatçylaryň we telekeçileriň banky açyldy. Milli Liderimiz bu gürrüňi dowam edip, bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagynyň, şol sanda gymmatly kagyzlaryň bazarlaryny özleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Hususylaşdyrmak boýunça geçirilýän işler netijeli dowam etdirilmelidir. Pudak edaralaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça alnyp barylýan işlerde pudaklara ýardam berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak we ýerlemek boýunça biržalary döretmek bilen bagly alnyp barylýan işler hem çaltlandyrylmalydyr. Şeýle biržalaryň döredilmegi döwletimize uly möçberde girdejileri getirer. Bulardan başga-da, munuň özi ýaşaýyş jaýlaryny paýlamak boýunça alnyp barylýan işleri we ýaşaýyş jaý emlägine eýeçilik etmegi düzgünleşdirmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem wise-premýer A.Goçyýewe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde ýurdumyzda eksporta niýetlenen harytlaryň öndürilişiniň möçberlerini köpeltmek we daşary ýurt pulundaky girdejileri artdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe ýüzlenip, sport mekdeplerini gurmak, türgenleri ýaryşlara taýýarlamak üçin zerur bolan binýady döretmek boýunça alnyp barylýan işleri düýpli seljermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz 12 ýyllyk orta bilime geçmek boýunça özgertmeleri amala aşyrmak, mugallymlary taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmegiň möhüm wezipeleriň biridigini belläp, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna aýawly çemeleşmek boýunça sapaklary okuw maksatnamalaryna girizmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganowa söwda ulgamyny has-da ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerine, aýratyn hem Täze ýyl baýramyna häzirden gowy taýýarlyk görüp başlamak tabşyryldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, teleradioýaýlymlarda baýramçylyklara bagyşlanan täsirli, gyzykly gepleşikleri we çykyşlary taýýarlamak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, täze studiýalary taýýarlamak boýunça häzirden zerur işler geçirilmelidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň düýpli binýady döredildi, köp sanly teatrlar we dürli köşkler guruldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Indi olary talaba laýyk we netijeli ulanmak wajypdyr. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri barada aýdylanda bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gynansak-da, häzirki döwürde metbugatda we teleýaýlymlarda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar we amala aşyrylýan özgertmeler doly açylyp görkezilmeýär. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmek we bu baýlyklary tygşytly ulanmak bilen bagly möhüm meselä gazet-žurnallaryň sahypalarynda we teleradioýaýlymlarda ýeterlik üns berilmeýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa ýüzlenip, gazhimiýa toplumyny gurmak, ýurdumyzyň iri nebitgaz ýataklaryny çalt özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady. Wise-premýere ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we ösdürmek boýunça hojalyk hasaplaşygynda işleýän edarany döretmek baradaky meseläni öwrenmek we öz tekliplerini bermek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowa beýleki wise-premýerler bilen bilelikde daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça geçirilmeli işleriň maksatnamasyny taýýarlamagyň üstünde işlemek tabşyryldy.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ýüzlenip, olara özleriniň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işini üýtgedip guramak, ýokary derejeli hünärmenleri, şol sanda häzirki zaman bilimlerini alan ýaş ýolbaşçylary taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.