Ï Türkmenistanda Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyk Geňeşiniň mejlisi geçýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyk Geňeşiniň mejlisi geçýär

view-icon 620
Şu gün türkmen paýtagtynda söwda we maýa goýum pudagynda (TIFA) gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky Çarçuwaly Ylalaşygyň Geňeşiniň mejlisi açyldy. TIFA gatnaşyjylaryň paýtagtymyzdaky “Aşgabat” myhmanhanasynda geçirilýän duşuşygyň barşynda oňa gatnaşýan ýurtlaryň maýa goýumlaryna degişli syýasaty we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglylykda söwdanyň ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumiy ara alnyp maslahatlaşylýar.

Amerikan wekiliýetine Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Ýerine ýetiriji Edarasynyň, Departamentiniň, ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasynyň we beýlekileriň wekilleri goşuldy. Oňa ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa degişli işler boýunça Söwda wekiliniň kömekçisiniň orunbasary Mara Burr ýolbaşçylyk edýär.

14-nji noýabra çenli dowam etjek mejlise gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekiliýetleri geldi, bularyň düzümine hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, diplomatik işgärler we beýlekiler goşuldy.

Aşgabadyň şeýle wekilçilikli forumyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň, şol sanda söwda-ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolýandygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dünýäniň ähli ýurtlary we abraýly halkara düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilip ýöredilýän oňyn daşary syýasy strategiýasynyň giňden ykrar edilýändigini aýdyň görkezýän subutnamalaryň ýene-de biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Çarçuwaly ylalaşygyň maksady düýpli maýa goýumlary üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu ylalaşyga laýyklykda, Söwda we maýa goýumlary boýunça Geňeş döredildi, oňa her ýylda taraplaryň haýsy-da bolsa biri ýolbaşçylyk edýär. Geňeş söwda we maýa goýumlary boýunça bar bolan maglumatlary seljerip, bularyň möçberlerini artdyrmagyň mümkinçilikleringi äşgär edýär. Galyberse-de, Geňeşiň garamagyna intellektual eýeçilik, daşky gurşawyň goralmagy we beýlekiler bilen bagly meseleler degişlidir.

Şu günki duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara söwlda-ykdysady we maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmek ugrunda ýöredýän syýasatynyň milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini, senagat önümçiliginiň we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň, hyzmatlara degişli ulgamyň we sarp ediş bazarynyň giňeldilmegini hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini şertlendirýär.

Şeýle hem şu gün Geňeşiň mejlisiniň çäklerinde “tegelek stoluň” başynda “Merkezi Aziýadaky işewürlik: Telekeçiligi ösdürmegiň mümkinçilikleri barada jemgyýetçilik we hususy ulgamlaryň arasyndaky gepleşik” diýen mesele boýunça duşuşyk geçirildi. Bu duşuşygyň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alşyldy. Duşuşyga ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdy, olar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk we günsaýyn berkeýän ulgamyna degişli “Aýbölek”, “Şazada”, “Myradym”, “Polat gurluşyk”, “Parahat”, “Hasar”, “Toprak”, “Hoş zaman”, “Bars”, “Nusaý ýollary” ýaly döwrebap hususy kärhanalara wekilçilik edýärler.

“Tegelek stoluň” başyndaky duşuşyga gatnaşýanlaryň 60-a golaýynyň arasynda bütin dünýäde belli “Bell Helicopter”, “Case Hew Hollahd”, “Coca Cola Bottlers”, “Dell”, “Ford”, “Hewlett Packard”, “IBM – MMI Business Services FZE”, “Microsoft”, “Mars”, “Xerox Ltd”, “Zeppelin”, “Sicorsky” we beýleki kompaniýalaryň wekilleri bar. Işewürler öz çykyşlarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatda uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdylar. Şonda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmegiň maýa goýumlaryny diňe bir kapital däl-de, has täze tehnologiýalar görnüşinde-de çekilmeginiň zerurdygyny görkezýändigi bellenildi. Ýokary tehnologiýalaryň we maýa goýumlarynyň transfertiniň batly depgin bilen ösýän Türkmenistanda üstünlige alyp barjakdygyny aýtmak bolar.

Günüň ikinji ýarymynda “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyga gatnaşyjylar “Gatnaşyklaryň biržalary” görnüşindäki duşuşyga gatnaşdylar, onda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň geçirilýän günlerinde ikitaraplaýyn iş toparlarynyň mejlislerini hem-de TIFA gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň arasyndaky duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, TIFA-nyň gümrük gözegçiligi, söwda, energiýa serişdeleri we beýleki meseleler boýunça iş toparlarynyň mejlisleri geçiriler.

Forumyň jemleýji gününde ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we maýa goýumlary boýunça gatnaşyklary ösdürmek baradaky Çarçuwaly Ylalaşygyň Geňeşiniň (TIFA) mejlisi geçirilip, onda duşuşygyň netijeleri jemleniler hem-de indiki ýylda nobatdaky mejlisiň geçiriljek wagty we ýeri belleniler.