Şu gün Söwda toplumyň dolandyryş merkeziniň mejlisler zalynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi başlandy. Oňa Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Dostlukly we goňşy ýurduň wekiliýetine Özbegistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministri E.Ganiýew ýolbaşçylyk edýär.
Mejlisde oňa gatnaşyjylar doganlyk iki halkyň taryhy, medeni we ruhy taýdan ýakynlygyna esaslanyp, üstünlikli ösdürilýän köp ugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanma bilen bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana resmi saparyna taýýarlyk görmek mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesine öwrüldi. Bu sapar döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypa hökmünde ýazylyp, ugurlaryň giň toplumy boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berer.
Şu mejlise gatnaşyjylar taraplaryň özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýa etmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, bu toparyň işiniň ýokary derejede baglaşylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna, şol sanda iki ýurduň arasyndaky şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, iki ýurduň özara söwdanyň, maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, milli bazarlarda kärhanalaryň işiniň gerimini giňeltmek, iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda uzakmöhletleýin we özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçiliklere eýedir, bilelikdäki işewürlik forumlarynyň we haryt öndürijileriň, şol sanda hususy toplumyň önümleriniň sergileriniň guralmagy muňa degerli ýardam berýär.
Şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamy, oba we suw hojalygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplar ikitaraplaýyn, şeýle hem sebit derejesinde özara arkalaşykly hereket etmegiň çäklerinde bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärler. Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Omanyň we Kataryň arasynda ulag we üstaşyr geçiriji geçelgäni döretmek baradaky taslamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär, şunda dünýä bazarlaryna täze geçelgäniň bolmagyny üpjün etmegi hem-de halkara derejesinde üstaşyr geçirilýän ýükleriň artdyrylmagyna ýardam bermegi maksat edinýän Türkmenistan esasy baglanyşdyryjy düzüme öwrüler.
Gumanitar hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Munuň özi dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, köp asyrlaryň dowamynda türkmen we özbek halklaryny baglanyşdyrýan ruhy-medeni däp-dessurlara we gymmatlyklara esaslanýar. Ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek arkaly oňyn tejribäniň toplanmagyny, medeni gatnaşyklaryň barha berkemegini, döredijilik gatnaşyklarynyň geriminiň has-da giňelmegini özara arkalaşykly hereket etmegiň oňyn netijeleri hökmünde görkezmek bolar.
Sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri toparyň mejlisiniň gün tertibine girizildi. Ertir topar öz işini dowa eder.