Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti jenap Benigno Akino III Filippinlerde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren güýçli harasat zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini aýdyp, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini aýdyp, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.