Ï Türkmenistan-BMGÖM: saýlaw ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-BMGÖM: saýlaw ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 704
Şu gün paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynda iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanda saýlaw ulgamynyň we ony geçirmegiň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guraldy. Bu maslahatyň maksady parlament saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyny beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň halkara we milli tejribesini öwrenmek bolup durýar.

Maslahata gatnaşyjylaryň – biziň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, şeýle hem Merkezi saýlaw toparyň diwanynyň jogapkär işgärleriniň öňünde halkara bilermen hökmünde BMGÖM-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işlemek boýunça maslahatçysy hanym Ruta Awulite-Moreýra çykyş etdi.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar parlament saýlawlaryna taýýarlyk görlüşini we geçirmegi beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işleriniň halkara ülňülerini hem-de täze habar beriş tehnologiýalarynyň, Internet-serişdeleriniň ulanylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dekabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny nazara almak bilen, iň gowy halkara tejribesini öwrenmegiň, ony milli tejribede netijeli ulanmagyň ähmiýeti bellenildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmäge we ýurdumyzyň žurnalistleriniň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen teklipleri işläp taýýarlamak maslahatyň möhüm meselesi boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler bilen baglylykda, Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellemek bilen, maslahata gatnaşyjylar netijeli, uzakmöhletleýin esasda guralýan bu däp bolan gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.