Şu gün geçirilen nobatdaky türkmen-amerikan işewür forumynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiligi we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ony guramaçylary bolup, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.
Forumyň işine “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler Geňeşine girýän «TERA International Croup», «Case New Holland», «Bell Helicopter», «Stewart Engineering», «Microsoft», «Wright State University», «Motorolla Solutions», «Hewlett Packard» ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda geçirilen duşuşyga türkmen tarapyndan hökümetiň agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, Ylymlar akademiýasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler Geňeşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça 2007-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky Rokfeller merkezinde ABŞ-nyň işewürler topary bilen duşuşykda döredildi. Şondan bäri bu işewürler düzümi türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barýar. Işewürler Geňeşiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň özgertmeler we diwersifikasiýa ugruny işjeň goldaýandygyny beýan edýän iri amerikan kompaniýalarynyň we firmalarynyň ýolbaşçylary bilen işewür maslahatlary, sergiler, köpsanly duşuşyklar guralýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ymykly artmagy bu hyzmatdaşlygyň netijeli guralynyň şaýatnamasyna öwrüldi.
Dabaraly açylyşda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Robert Ýujin Patterson bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine beren goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, yzygiderli ösdürilýän türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň nukdaýnazaryndan onuň ähmiýetini nygtady. Oňa bolsa taraplaryň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda täze hil we kuwwatly itergi berildi.
Häzirki işewürler duşuşygynda biziň ýurdumyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda yklymüsti ugurlaryň çatrygynda amatly ýerleşişini nazara almak arkaly ulag pudagyna, maglumatlar we kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamyna, innowasiýalar pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna üns jemlenildi.
Döwrebap üstaşyr ulag düzümini döretmekde özara hereketiň ara alnyp maslahatlaşylýan ugurlarynyň wajypdygy barada aýtmak bilen, foruma gatnaşyjylar bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we sebit möçberinde bolşy ýaly, dünýä möçberinde hem durnukly ykdysady ösüşiň goldanylmagyna gönükdirilen Türkmenistanda alnyp barylýan degişli uly işleriň möhümdigini nygtadylar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz sebit boýunça hyzmatdaşlar bilen birlikde, Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagynyň üstünde işjeň iş alyp barýar. Bu bolsa “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgeleriniň uly kuwwatyny nazara alanyňda, geljegi örän uly ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Hazar we Gara deňizleriniň , Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky iri sebitleriň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini öwrenmegi göz öňünde tutýan ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanmagy baradaky başlangyjy teklip edýär.
Forumda beýan edilen çykyşlarda Türkmenistanyň haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam edýän sebitde üstaşyr ýük daşamakdaky orny beýan edildi. Daşary ýurtly hünärmenler söwda-ulag düzümini ösdürmegiň geljegi uly bolan taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanda howa terminallarynyň, deňiz portlarynyň, demir ýollarynyň, awtomobil ýollarynyň, köprüleriň gurluşyklarynyň artýan depginlerine ýokary baha berildi. Forumyň aýry-aýry mejlisleri maglumatlar-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary ösdürmegiň wajyplygyna bagyşlandy.
Günüň ikinji ýarymynda hökümetiň agzalarynyň, Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň öňdebaryjy amerikan işewür toparlarynyň weklleri bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda özara hereketiň mundan beýläkki ugurlary barada aýdyldy.
Häzirki foruma daşary ýurtly gatnaşyjylaryň paýtagtymyzda bolmagynyň maksatnamysynyň çäklerinde ulag we aragatnaşyk pudagynda amerikan hünärmenleriniň we ylmy işgärleriniň Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplarynyň öňünde çykyş etmegi hem göz öňünde tutulýar.