Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

view-icon 771
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Ol türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň nobatdaky bilelikdäki mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Özara söhbetdeşlikde okgunly ösýän ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän “açyk gapylar” syýasaty netijesinde döwlet ösüşiniň giň gerimli taslamalaryny we maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnşýan daşary ýurtly işewürler üçin amatly ýagdaý döredildi.

Döwlet Baştutanymyz ABŞ-nyň işewür toparlarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, iň gowy dünýä tejribesini işjeň çekmegiň hasabyna öz ykdysadyýetini doly döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur alan Türkmenistanyň türkmen-amerikan gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn üns berýändigini hem-de milli bähbitleri we iki dostlukly ýurduň ykdysady hem-de serişdeler kuwwatyny nazara almak bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Köpýyllyk netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi hem-de ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet we hususy düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has zerur bolan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän türkmen-amerikan Işewürler geňeşiniň aýratyn ornuny bellediler. Nygtalyşy ýaly, işewürleriň köpugurly duşuşyklary, däbe öwrülen maslahatlary we belli amerikan kompaniýalarynyň önümleriniň sergileri şol maksatlara gös-göni hyzmat edýär. Şol çäreler Işewürler geňeşiniň ýardam etmeginde yzygiderli geçirilýär.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, şu ýyllarda üstünlikli özara gatnaşyklarda toplanan oňyn tejribäniň dürli ugurlarda, şol sanda energetikada, oba hojalygynda, senagatda, bilimde we beýleki ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Işewürler geňeşiniň şu gün açylýan iki günlük mejlisiniň çäklerinde netijeli işlemegi arzuw etmek bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmekde ABŞ-nyň kompaniýalarynyň ähmiýetli ornuny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman döwlet Baştutanymyza Işewürler geňeşiniň alyp barýan işlerine beren ýokary bahasy hem-de şu geçen ýyllaryň içinde beren goldawy üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, şu gezekki mejlisiň we onuň çäklerinde Türkmenistanyň aýry-aýry ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda geçiriljek duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň däbe öwrülen türkmen-amerikan gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berjekdigine hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň has netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.