Ï “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly

view-icon 855
Hormatly Prezidentimiziň ýokary derejede geçiren köpsanly duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň netijeleriniň Garaşsyz Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, dünýäniň ähli döwletleri bilen giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Žurnalyň ilkinji sahypalarynda olara aýratyn umumy sözbaşy bagyşlanypdyr. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu ýylyň iýul-sentýabr aýlarynda bolan saparlarynyň barşynda Moldowa Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen ýokary derejede geçiren duşuşyklaryna syn berilýär.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugrunyň dünýä bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi. Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş döwletleriň ählisi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistan häzirki zamanyň wajyp meselelerine, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylyk döredijilik, howpsuzlyk we ösüş ulgamlaryndaky meselelere netijeli çemeleşmeleri gözlemäge ygrarlydygyny kesgitleýär.


Biziň döwletimiziň hut şu garaýşy köp babatda iri we abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy şertlendirýär.

Žurnalyň aýratyn makalasy Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde beýan eden ileri tutulýan garaýyşlaryna bagyşlanýar. Türkmenistan dürli ugurlarda möhüm halkara başlangyçlary bilen çykyş edip, dünýä bileleşigine ählumumy ösüşiň häzirki zaman ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze geosyýasy we geoykdysady giňişligiň arhitekturasyny teklip edýär. Bu pikirleriň hem-de tekliipleriň dünýä bilelelşiginiň goldawyna mynasyp bolýandygyny bellemeli. Öz nobatynda, Türkmenistan Milletler Bileleşigine sebitde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy saklamaga, ony durnukly ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen täze netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda ýardam berýär.

Žurnalyň sahypalarynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timofti bilen söhbetdeşlik çap edildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasyna bolan ilkinji saparyna ýokary baha berdi. Bu sapar türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň hem-de iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň täze tapgyrynyň başyny başlady.

Žurnalyň sahypalaryndan okyjylara ýüzlenen daşary ýurtly diplomatlar—Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Wladimir Makeý, ykdysady ylymlaryň doktory, Rumyniýanyň Türkmenistandaky ozalky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Porožan hem özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.

“Türkmenistan—Ýaponiýa: hyzmatdaşlygyň ösüşiniň taryhynda strategiki tapgyr” hem-de “Türkmenistan –Hytaý: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halkara –hukuk binýadynyň häzirki zaman ösüşi” atly makalalar hem žurnalyň giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär.

Žurnalyň okyjylary daşary-syýasy gatnaşyklaryň beýan edilişi we onuň hukuk esaslary baradaky makala bilen hem tanşyp bilerler. Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi köp şertler, ilkinji nobatda bolsa, maglumatlar üpjünçiliginiň hili bilen kesgitlenilýär.

Tutuşlygyna alnanda, žurnalyň täze sanynda halkara hukugynyň kadalarynyň sazlaşdyrylmagyna bagyşlanan makalalar, şol sanda “Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilmegi ýa-da häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda halkara şertnamalarynyň orny”, “Ýaşlaryň hukuklary babatynda milli we halkara kadalarynyň sazlaşygy” atly makalalar ýerleşdirildi.

Çap edilen materiallaryň arasynda “Diplomatik dil we onuň halkara gatnaşyklarynda ulanylyşy” atly makala hem bellenilmäge mynasypdyr. Şu makalada bellenilişi ýaly, diplomatiýa tejribesinde, aýratyn hem gepleşikler mahalynda taraplaryň eýeleýän ornunyň hem-de ol ýa-da beýleki meselelere garaýşyň dogry beýan edilmegi uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, diplomatiýa sungatynyň dilini öwrenmek örän wajypdyr.

“Biometriki maglumatly pasport—döwrüň talaby” atly makala hem aýratyn gyzyklanma döredýär. Makalanyň awtory umumy ykrar edilen halkara talaplaryna laýyklykda, biometrik daşary ýurt pasporty—bu adamyň şahsy häsiýetnamalary baradaky maglumatlary sanly görnüşde aňladylyp, ýörite enjama elektron görnüşde ýazga geçirilen we olary özünde saklaýan resminama bolup durýandygyny belleýärler. Anyk aýdylanda, täze nusgadaky daşary ýurt pasporty özünde pasportyň eýesi hakynda kesgitli maglumatly mikroçipi saklaýar. Resminamanyň eýesiniň şahsyny onuň elektron goly hem-de bellenen nusgadaky gara-ak suraty bilen hem tapawutlandyryp bolýar.

Žurnalyň nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, “Diplomatiki durmuşyň syny” atly toplum bilen tamamlanýar. Onda yzygiderlilikde 2013-nji ýylyň üçünji çärýeginde bolup geçen halkara ähmiýetli möhüm wakalaryň gysgaça syny, şol sanda biziň ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilen forumlar, dürli derejedäki duşuşyklar we gepleşikler, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky maslahatlaşmalar baradaky maglumatlar ýerleşdirildi.

Halkara okyjylar köpçüliginiň uly gyzyklanmalaryny nazara almak bilen žurnal türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýär.