Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzda geçirilýän “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmak üçin wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelen Ukrainanyň bilim ministri Dmitriý Tabaçnigi kabul etdi.
Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň mähirli salamyny we türkmen halkyna iberen hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Milli Liderimiz öz gezeginde dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçy düzümine hoşniýetli sözlerini aýdyp, Ukrainanyň biziň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny we ony Türkmenistan bilen diňe bir özara peýdaly hyzmatdaşlyk däl, eýsem dostluk, ynananyşmak we birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryna baglanyşdyrýandygyny belledi.
Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan we özara gyzyklanma bildirilýän ýagdaýlara esaslanýan bilim ulgamyndaky döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alyşmalar boldy.
Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine we milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň gülläp ösmegine we onuň halkynyň bagtyýarlygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigine haýran galýandygyny bellemek bilen, D.Tabaçnik biziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine hem-de onuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen düýpli özgertmelere ýokary baha berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda her ýlyda geçirilýän pudaklaýyn çäreler, sergiler, oňa dünýäniň ähli künjeklerinden gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň çagyrylmagy şu maksatlaryň durmuşa geçirilmegine hyzmat edýär. Türkmen döwletiniň giň möçberli halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşýändigi üçin hoşallyk bildirip, myhman bu ýerde guralýan sergide Ukrainanyň öňdebaryjy okary okuw mekdepleriniň hem öz mümkinçiliklerini görkezýändigini we olarda türkmen ýaşlarynyň köp sanlysynyň bilim alýandygyny aýtdy. Mundan başga-da myhman Ukrainanyň wekiliýeti iki ýurduň Prezidentleriniň çözgüdi boýunça, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda tejribe alyşmak, has zerur hünärler boýunça professorlaryň, mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen rektorlar Geňeşiniň Aşgabatda geçirilýän birinji maslahatyna gatnaşýandygyny belledi.
Ýurduň ykdysady ösüşiň we ruhy kämilligiň ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly gadam urmagynda bilim pudagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bilim ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berjekdigini we bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ýokary hilli bilim almaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Türkmenistan bilen Ukrainanyň uniwersitetleriniň arasynda soňky ýyllarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygyny belläp we olarda ýaşlaryň inženerçilik, tehniki, gurluşyk, lukmançylyk ugurlary boýunça bilim alýandyklaryny, olary tamamlan ýaşlaryň ýurdumyzda netijli işleýändiklerini aýdyp, döwlet Baştutanymyz bilim, ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda döredilýän we 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda açylmagy meýilleşdirilýän ilkinji tehnopark we halkara uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmäge ukrainaly alymlary, professorlary çagyrdy.
Hoşlaşanlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ukrainanyň bilim ministri birek-birege hoşniýetlil aruwlary aýdyp hem-de däp bolan türmken-ukrain gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigini ynam bildirip, gatnaşyklaryň giňeldilmegine iki döwletiň hem gyzyklanma bildirýändigin bellediler.
Duşuşyga Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýow gatnaşdy.