Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde “Türkmenistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly Halkara ylmy maslahat başlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu uly forum türkmen halkynyň binagärlige degişli mirasynyň häzirki döwürde ymaratlaryň gurulmagyny ösdürmekdäki ornuny we ähmiýetini äşgär edip, gadymy türkmen topragyndaky taryhy-medeni ýadygärlikleriň has çuňňur öwrenilmegine we aýawly saklanmagyna ýardam bermelidir.
Häzirki wagtda siwilizasiýanyň gadymy merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Dünýäniň has sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulan ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, onuň baý taryhy-medeni mirasy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär, biziň günlerimize gelip ýeten binalar şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň howandarlyk etmeginde yzygiderli ýagdaýda geçirilýän ýörite halkara maslahatlary Aşgabadyň iri halkara ylmy we medeni merkez hökmündäki at-abraýyny artdyryp, milli Liderimiziň türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak, ylmy döredijiligi hemmetaraplaýyn ösdürmek, toplanan tejribäni we maglumatlary alyşmak, daşary ýurtly hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça öňde goýan wajyp ähmiýetli wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam berýär. Şu foruma dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Şeýle hem bu ýagdaý ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň barha beýgelýändigine hem-de daşary ýurtly alymlaryň türkmen halkynyň baý ruhy we maddy mirasyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Şu gün “Mekan” köşgünde ýygnanan alymlaryň aglabasy üçin Türkmenistanyň taryhy binalaryny öwrenmek olaryň durmuşyndaky esasy işe öwrüldi hem-de bu işler ýurdumyzyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan uly monografiýalarda we ylmy makalalarda öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň paýtagty ilkinji gezek diňe bir taryhçylaryň, arheologlaryň we sungaty öwrenijileriň däl-de, binagärleriň hem bileleikdäki duşuşygynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň arasynda dünýä derejesinde tanalýan hünärmenler bar. Ýurdumyzda şunuň ýaly wekilçilikli forumyň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň milletleriň ählumumy bileleşigine mundan beýläk-de goşulmagyna gönükdirilen özgertmelere esaslanýan hem-de türkmen halkynyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenmek, ony dünýäde wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän ugruna eýerilmeginiň aýdyň netijesi bolup durýar. Munuň özi köpugurly ylmy we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berip, milli medeniýeti häzirki döwürde dünýä siwilizasiýasynyň gazananlary bilen birlikde ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Mary welaýatynyň häkimligi tarapyndan guralan bu maslahata gatnaşmaak üçin Russiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Kubadan, Belarusdan, Awstriýadan, Polşadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Eýrandan, Türkiýeden, Ysraýyldan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Wýetnamdan, Kambojadan, Koreýa Respublikasyndan we Ýaponiýadan binagärler we alymlar geldiler. Forumyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylpary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns berip diňlediler. Şonda milli Liderimiz türkmen halkynyň we dünýäniň beýleki halklarynyň binagärliginiň taryhyna, şäher gurluşyk işlerine we ymarat gurmak sungatyna, olaryň köp asyrlyk däplerini, ýol-ýörelgelerini öwrenmäge we gadymdan gelýän binagärlik sungatyny XXI asyrda iş tejribesine ornaşdyrmaga bagyşlanan bu halkara ylmy maslahatynyň işiniň örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.
Gutlag hatynda ýurdumyzyň binagärlik medeniýetiniň dünýä binagjrliginiň aýrylmaz bölegidigi aýdylýar. Türkmenistan Köpetdagyň eteklerinde we Murgabyň gadymy akymlarynyň kenarlarynda bürünç döwrüniň ösen medeniýetleri, şeýle hem Nusaý, Dehistan, Sarygamyş sebitlerindäki gadymy şäherler we galalar ýerleşen ekerançylyk medeniýetleri bilen dünýä taryhynda bellidir. Ýurdumyzda seýrek duş gelýän we her bir ynsanyň kalbynda uly täsir galdyrýan taryhy-medeni ýadygärlikler, halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde anyk taryhy subutnama we gymmatly hazyna bolup durýar.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda binagärlik sungatyny döwrebap ösdürmek, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny bina etmek, ýol gurluşyk, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek, ekologiýa taýdan arassa önümçilik zolaklaryny döretmek hem-de taryhy-medeni ýadygärliklderi aýawly saklamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar diýip belledi. Häzirki zaman dünýäsinde her bir halk öz milliligini gorap saklamaga, ony döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmäge we kämilleşdirmäge çalyşýan bu ugurda Türkmenistanyň binagärlik medeniýeti, sungaty hem uly ähmiýete eýedir.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlag haty ýygnananlarda uly täsir galdyryp, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra umumy mejlis boldy, şonda daşary ýurtly we türkmen hünärmenleri maslahatyň esasy meseleleri boýunça çykyş etdiler. Daşary ýurtly hünärmenleriň arasyndan russiýaly alym, Magtumguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, taryh ylymlarynyň doktory W.N.Pilipko öz çykyşyny UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawuna goşulan Nusaýyň binagärlik toplumlaryny öwrenmek boýunça ylmy barlaglara bagyşlady. Amerikaly arheolog, Boston uniwersitetiniň professory M.R.Mugal Türkmenistanyň we Pakistanyň XII-XV asyrlara degişli irki yslam binagärliginiň deňeşdirilip seljerilmegi barada çykyş etdi.
Beýik britaniýaly hünärmen, arheologiýa boýunça doktor T.Uilýams köp ýyllaryň dowamynda Gadymy Merwdäki ýadygärlikler boýunça geçirilen işleriň barşynda toplan tejribesi barada gürrüň berdi. Bu ýerde orta asyrlarda toýundan gurlan binalary aýawly saklamak boýunça uly möçberli halkara maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Täjigistandan Halkara binagärlik akademiýasynyň akademigi B.N.Ýusupow öz çykyşyny häzirki döwürde dünýäniň binagärleriniň özara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bagyşlady.
Foruma gatnaşyjylar häzirki wagtda Türkmenistanyň taryhy geçmişi bilen bagly bolan taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, rejelemek we goramak, medeni mirasy wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde-de türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýetine aýawly garaýandygyny bellediler. Şunda binagärlik we şäher gurluşygy, binagärlige degişli mirasy aýawly saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ugra gönükdirilen anyk çäreleri UNESKO tarapyndan giňden goldanylýar. UNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy. Şolaryň arasynda täsin galdyrýan taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak bilen bagly taslamalar hem bar. Gadymy Merwiň, meşhur Köneürgenç şäheriniň we Parfiýa patyşpalygynyň paýtagty Nusaýyň örän uly ähmiýetli we umumadamzat üçin gymmatly ýadygärlikler hökmünde UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda umumadamzat gymmatlyklarynyň bu abraýly sanawyna nominirlemek üçin türkmen taryhynyň geçen döwürlerine degişli täsin binalaryň ýene-de birnäçesi görkezildi.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar we muhmanlar giň eýwanda guralan sergidäki eksponatlar bilen tanyşdylar, olar Türkmenistanyň arheologiýasynyň we döwrebap arhitekturasynyň gazananlaryna degişlidir.
Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň işi dört bölümde dowam etdirildi, şolaryň mejlisleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we milli Golýazmalar institutynyň mejlisler zallarynda geçirildi. Her bir bölümde ylmy işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyryldy we binagärlige degişli tejribe baradaky synlar diňlenildi.
Maslahata gatnaşyjylar üçin medeni çäreler guraldy. Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar “Nusaý” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Änewdäki Seýit Jemalleddin binagärlik toplumyna baryp gördüler. Olar şäheri we bu ýerdäki täze binalary, türkmen paýtagtyndaky gözel künjekleriň birnäçesini synladylar hem-de täze Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki özgertmeleriň giň gerimlidigine aýdyň göz ýetirdiler. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Baş milli muzeýindäki, Şekillendiriş sungaty muzeýindäki we Türkmen halysynyň muzeýindäki uly toplumlar bilen tanyşdylar.
Ertir maslahat öz işini dowam etdirer. Alymlar Mary welaýatyna baryp, “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki täsin galdyrýan ýadygärlikleri, şeýle hem Mary şäherindäki welaýat muzeýiniň we kitaphananyň täze binalaryny synlarlar.