Şu gün, “Türkmenistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly iki günlük halkara ylmy maslahatyň jemleýji gününde köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, alymlar we hünärmenler Mary welaýatyndaky “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghananyň çäginde ýerleşýän binagärlik desgalary bilen tanyşdylar.
Goraghananyň çäginde myhmanlar üçin amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy, owadan bezelen ak öýüň golaýynda bolsa olara däp bolan türkmen tagamlary hem-de süýjülikleri hödürlendi.
Myhmanlar, şol sanda şu günler Türkmenistanda geçirilýän “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşýan daşary ýurtlularyň wekiliýeti onuň çäginde ýerleşýän täsin binagärlik ýadygärlikleriniň birnäçesine baryp gördüler. Olaryň biri-de VII – IX asyrlara degişli bolan Uly Gyzgala ýadygärligidir. Bu ajaýyp binagärlik ýadygärliginiň özboluşly diwarlary onuň täsin keşbe eýe bolmagyny üpjün edýär. Şol diwarlar özleriniň ululygy hem-de täsinligi bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Munuň özi irki orta asyrlarda türkmen binagärleriniň köşkleri gurmak babatdaky ajaýyp sungatynyň aýdyň nusgasydyr.
Soňra myhmanlar goraghananyň ýene-de bir täsin ýadygärligine – Muhammet ibn-Zeýdiň kümmetine baryp gördüler. Bu ýadygärlik hem Muhammet Hanapýanyň kümmeti ýaly meşhurdyr. Kümmetiň içinde bişen kerpiçleriň ýüzünde ussatlyk bilen arap dilinde ýazylan täsin diwar ýazgysy bar. Şol ýazgyda bu aramgähiň 1112-1113-nji ýyllarda Muhammet ibn-Zeýdiň, halyf Alynyň bäşinji arkadaky nesliniň guburynyň üstünde gurlandygy beýan edilýär.
Ilkibaşda kümmet çig kerpiçden gurlan uly bolmadyk aramgäh görnüşinde bolupdyr, binanyň daşy bişen kerpiç bilen örtülipdir we onuň ýokarsynda uly gümmez gurlupdyr. Soňra gümmezli kümmet ençeme gezek gaýtadan gurlupdyr we abatlanylypdyr. Onuň gabadynda metjit gurlupdyr. Häzirki wagtda bolsa bu ajaýyp binagärlik toplumy Muhammet ibn-Zeýdiň kümmeti hökmünde bütin musulman dünýäsine bellidir we yslam binagärliginiň iň gowy nusgalarynyň biri hökmünde ykrar edildi.
Gadymy Merwiň binagärligi bilen tanyşlyk Beýik Seljuklar döwletiniň iň soňky hökümdary Soltan Sanjaryň kümmetine baryp görmek bilen tamamlandy. Bu kümmet Merwiň iň uly binagärlik ýadygärligi hem-de XII asyra degişli türkmen binagärliginiň merjeni hasaplanylýar. Kümmet dindarlaryň müňlerçesiniň zyýarat edýän ýerine öwrüldi, şeýle hem daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda uly gyzyklanma döredýär.
Türkmen halkynyň gadymy binagärlik medeniýetiniň gözbaşlarynyň aýdyň nusgasy bolan bu kümmet şol döwürlerde ajaýyp türkmen binagäri, Gündogarda meşhur bolan Sarahs binagärlik mekdebiniň wekili Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan guruldy. Kümmet bişen kerpiçden gurlan kub görnüşindäki desgadyr. Onuň ýokarsynda firuza daşy bilen örtülen gümmez ornaşdyrylypdyr. Gümmeziň aşagyndan üç gatly, derweze görnüşindäki galereýalar geçýär. Bu ýadygärlik häzirki wagtda hem özüniň tehniki kämilligi, berkligi, täsin sazlaşygy we özboluşlylygy bilen haýran galdyrýar. Bu barada halkymyzyň ajaýyp rowaýaty döredendigi hem tötänden däldir. Şol rowaýata görä, bu ajaýyp desga asmandan düşen periniň tagallalary bilen gurlupdyr. Bu ýadygärlik, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň ýokary ussatlygynyň hem-de zehininiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Tanyşlygyň barşynda alymlar Gadymy Merwiň taryhy-binagärlik ýadygärliklerini hemmetaraplaýyn öwrenmek, medeniýetleriň özara täsiri, desgalary aýawly saklamak we beýleki wajyp meseleler barada pikir alyşdylar.
Ylmy forumlara gatnaşyjylar Mary welaýatynda gazuw-agtaryş işlerini alyp barýan ekspedisiýalaryň işine ýokary baha berip, olaryň berýän täze maglumatlary hem-de inkär edip bolmajak maddy subutnamalary adamzadyň gadymy geçmişine bolan garaýyşlara täzeden seretmegiň zerurdygyny şertlendirýändigini, gadymy Türkmenistanyň çäkleriniň baryp şol döwürlerde hem halkara gatnaşyklarynyň merkezinde ýerleşendigini hem-de gülläp ösendigini tassyklaýandygyny bellediler. Alymlar bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň beýik ruhy we medeni – taryhy mirasyny gaýtadan dikeltmek hem-de aýawly saklamak barada geçirýän oňyn syýasatyny nazara almak bilen, ylmy barlaglaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Şu saparyň barşynda myhmanlar Mary welaýatynyň Taryhy- ülkäni öwreniş muzeýine we Marynyň welaýat kitaphanasyna hem baryp gördüler. Olaryň täze ajaýyp binalary we döwrebap enjamlaşdyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetiň gülläp ösýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde täsin gymmatlyklar saklanýar. Olaryň hatarynda baý arheologiki gymmatlyklar hem bar. Şol zatlaryň esasy bölegini gadymy Marguş ýurdundan tapylan gymmatlyklar düzýär. Olaryň ýaşy dört müň ýyldan hem gowrakdyr. Muzeýiň gaznalarynda gymmatlyklaryň – türkmen halkynyň taryhynyň, medeniýetiniň we sungatynyň, ýadygärlikleriň 40 müňden gowragy saklanýar. Muzeýde saklanýan zatlaryň arasynda gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, halk ussatlarynyň kümüşden ýasan zergärçilik önümleri, arheologlar tarapyndan tapylan gadymy medeni gymmatlyklar, öý goşlary, ülkäniň taryhy baradaky resminamalar we beýlekiler bar.
Medeni maksatnamanyň çäreleri Mary welaýat kitaphanasyna baryp görmek bilen tamamlandy. Onuň binasynda, açylýan gümmeziň aşagynda obserwatoriýa hem ýerleşýär. Şeýlelikde, bu kitaphana meşhur Merw obserwatoriýasynyň özboluşly mirasgärine öwrüldi. Merwiň obserwatoriýasynda alymlaryň onlarçasy, şol sanda meşhur astronom we matematik Omar Haýýam asman jisimlerini öwrenipdir.
Täze kitaphana 3 milliondan gowrak kitaby saklamaga niýetlenendir. Ol her gün okyjylaryň 600-e çenlisini kabul etmäge ukyplydyr. Bu ýerde Internet zal, kitap muzeýi döredildi. Kitaphana saparyň barşynda onuň kitaplar toplumynyň üstüniň Türkmenistanyň sungatyna we binagärligine bagyşlanan, “Türkmenistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyň açylan gününde çapdan çykan ylmy makalalaryň täze ýygyndysy bilen ýetiriljekdigi bellenildi. Bu neşir sungatyň, binagärligiň, arheologiýanyň we taryhyň dürli ulgamlaryndaky ylmy meseleleriň ençemesini öz içine alýar. Makalalary ýazanlaryň arasynda ýurdumyzyň hünärmenleri, şeýle hem daşary ýurtlaryň alymlary bar.
Şu gün, myhmanlar Aşgabada gaýdyp gelenden soň, “Mekan” köşgünde “Türkmenistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy. Onda maslahatyň işiniň jemleri jemlendi. Ýygnananlaryň biragyzdan bellemegine görä, bu maslahat Türkmenistanyň taryhy-binagärlik ýadygärliklerini hem-de gadymy binagärlik tehnologiýalaryny çuňňur öwrenmek we bu gymmatly medeni mirasy geljekki nesiller üçin aýawly saklamak boýunça ylmy-barlag işleri işjeňleşdirmäge kuwwatly itergi berer.
Maslahata gatnaşyjylar alymlaryň duşuşygynyň ýokary derejede guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanň täsin binagärlik medeniýeti öwrenmek ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etmegiň hem-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler. Duşuşygyň barşynda gadymy hem-de häzirki zaman binagärliginiň we binagärlik sungatynyň wajyp meseleleri boýunça gyzykly çykyşlaryň hem-de habarlaryň köpsanlysy ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Türkmenistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyň işi tamamlanandan soň, ylmy foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.