Ï Türkmenistan ilkinji gezek UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ilkinji gezek UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy

view-icon 755
15-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçirilen mejlisinde Parižden hoş habar gelip gowuşandygy habar berildi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESKO) Baş maslahatynyň Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän 37-nji mejlisinde Türkmenistan ilkinji gezek 2013-2017-nji ýyllarda UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy.

Mälim bolşy ýaly, UNESKO-nyň iki ýylda bir gezek geçirilýän Baş maslahatynyň mejlisleriniň arasyndaky döwürde bu guramanyň gündelik işine ýolbaşçylyk edýän bu ýolbaşçy edara agza bolup durýan döwletleriň 58-siniň wekilleriniň arasyndan Baş maslahat tarapyndan saýlanýan wekillerden ybaratdyr.

Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri UNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Bu abraýly gurama medeniýete degişli ýadygärlikleri we tebigy landşaftlary aýawly saklamak boýunça halkara derejesindäki işde ilkinji orny eýeläp, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine uly hormat goýulmagyna esaslanýan açyk gatnaşyklar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda iş alyp barýar.

Häzirki eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi hem-de hut milli Liderimiziň türkmen halkynyň milli mirasyny aýawly saklamak we wagyz etmek işine gatnaşmagy netijesinde, ýurdumyzyň medenietiniň maddy binýadyny ösdürmekde oňyn netijeler gazanyldy. Soňky ýyllarda teatrlaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň döwrebap binalary guruldy, bilim ulgamy üçin täze we ýokary tehnologiýalardan, şol sanda Internetiň serişdelerinden peýdalanmak üçin niýetlenen düzüm döredildi, türkmen alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESKO) bilen gatnaşyklary berkidilýär. Şu hyzmatdaşlykda biziň ýurdumyzda ýerleşýän köpsanly gadymy taryhy we medeni ýadygärliklere aýratyn üns berilýär, bular biziň ata-babalarymyzyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşandygyny aýdyň görkezýän subutnamalardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň täsin galdyrýan medeni mirasyny täzeden dikeltmek, aýawly saklamak we wagyz etmek boýunça ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary UNESKO-nyň maksatlaryna laýyk gelýär, munuň özi däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň çaltlandyrylmagyna badalga berýär. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikde möhüm ähmiýetli birnäçe taslamalar amala aşyryldy we amala aşyrylýar. Türkmenistanda ýola goýulýan şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde UNESKO-nyň tehniki taýdan we bilermenler tarapyndan ýardam bermegi bilen, ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda ýöriteleşdirilen kafedralar, monitoring merkezleri döredildi, şol merkezlerde medeni-taryhy toplumlar boýunça maglumatlar ýygnalýar we belli bir görnüşe getirilýär hem-de maslahat bermek görnüşinde yzygiderli kömek berilýär.

Türkmenistan UNESKO-nyň Bütindunýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky Konwensiýa goşulyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine eýe bolan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek boýunça uly möçberli işi yzygiderli amala aşyrýar.

Şu Konwensiýanyň çäklerinde türkmen hünärmenleri daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde, ýadygärlikleriň arasyndan käbirini saýlap aldylar, wagtyň geçmegi bilen, bular saýlap-seçmek arkaly, UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Olaryň arasynda möhüm ähmiýetli we umumadamzat üçin gymmatly we täsin galdyrýan taryhy-arheologik ýadygärlikleriň üçüsi – Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý bar. Häzirki wagtda şu ugurdaky iş dowam etdirilýär: Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň ugrundaky Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy uly şäherleriniň arasynda ýerleşýän ýadygärlikleriň toplumy nominasiýa boýunça görkezildi. Ilkinji nobatda, bular kerwensaraýlardan, köşklerden, metjitlerden, şeýle hem keramatly ýerlerden ybaratdyr.

Türkmen halkynyň baý taryhy medeni mirasy, şol sanda ajaýyp taryhy ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Türkmenistanyň müňýyllykladan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatyň üstünlikli geçirilmegi munuň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi. Şeýle hem bu ýagdaý ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelýändigine, daşary ýurtly alymlaryň türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň baý mirasyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Bu strategiýa ylym-maglumatlar boýunça köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de milli medeniýetiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki döwürdäki dünýä siwilizasiýasynyň gazananlaryna görä kesgitlenmegine ýardam berýär.

Türkmen halkynyň öz binagärlik medeniýetine örän aýawly garaýandygy häzirki döwürde Türkmenistanyň geçmişi bilen bagly bolan taryhy – medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, rejelemek we goramak, wagyz etmek boýunça geçirýän uly möçberli işlerinde öz beýanyny tapýar. Şunda binagärlik we şähergurluşygy, binagärlik mirasyny aýawly saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine-de uly ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiziň hökümet mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, UNESKO-nyň “Bilim hemmeler üçin” atly Jarnamasyna goşuldy hem-de öz borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

Bilim ulgamyny özgertmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, şonuň çäklerinde täze we döwrebap bilim ulgamlarynyň, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen bilim edaralarynyň gurluşygy ozal görlüp – eşidilmedik gerim bilen alnyp barylýar.

Şunuň bilen laglylykda, hut şu günlerde biziň ýurdumyzda şu ulgamlara degişli uly halkara forumlarynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şunda “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat hem guraldy. Her ýylda bu forumyň halkara derejesinde geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamlaryň ösdürilmegini döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde görkezip, bulara uly ähmiýet berýändigini aýdyň görkezýän subutnamadyr.

Şu halkara maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ukrainanywň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi, şonuň gün tertibi boýunça iki ýurudň ýokary bilim bermek, şol sanda okatmagyň barşyna bilim boýunça innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň toplan tejribesini alyşmak, professorlaryň – mugallymlaryň düzümi, aspirantlar we doktorantlar üçin bilime degişli saparlary guramak we beýleki ugurlar bilen bagly meselelere garaldy.

Häzirki döwürdäki ösüşde ählumumy halkara ykdysadyýetiniň bileleşýän mahalynda, halkara guramalary döwletleriň syýasy, ykdysady, medeni, ylym we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmeginde möhüm ähmiýetli orny eýeläp, durmuşyň birgiden ugurlarynda iş ýüzünde özara arkalaşykly hereket edilmegine ýardam berýär.

Türkmenistanyň UNESKO bilen hyzmatdaşylk etmegi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we baştutanlyk etmeginde ýurdumyzda bu uly halkara forumlarynyň geçirilmegi türkmen döwletiniň we milli Liderimiziň ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynyň ösdürilmegine, bularyň dünýä derejesinde öňdebaryjy orunlara ýetirilmegine aýratyn üns berýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň häzirki döwürde UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen, ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň düýpgöter täze, netijeli guraly döredilýär. Şol hyzmatdaşlyk bolsa taraplaryň özara peýdaly gatnaşyklaryna esaslanyp, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.