Paýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň 19-njy Umumy mejlisi geçirildi. Türkmenistan hem bu guramanyň agzasy bolup durýar.
Ýewraziýa toparynyň agza-döwletleri Belarus, Gazagystan, Gyrgyzstan, Hytaý, Hindistan, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bolup, ol 9 döwletden ybaratdyr.
Bu döwletleriň ählisi 2011-nji ýylyň iýun aýynda Jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän topar boýunça hökümetara sebitleýin topary döretmek barada Ylalaşyga gol çekdiler. Ýewraziýa toparynyň 19-njy Umumy mejlisiniň işine synçy hökmünde Ermenistan, Ukraina, Turkiýe we ýenede birnäçe döwlet hemde Birleşen Milletler Guramasy, ÝHHG we Bütündünýä banky ýaly halkara guramalar hem gatnaşdy.
Mejlisde Russiýa Ýewraziýa toparyndaky başlyklygyny Hindistana geçirdi. Hindistan öz gezeginde toparyň işine iki ýylyň dowamynda ýolbaşçylyk eder. Ýewraziýa toparyndaky başlygynyň orunbasarlygyna Gazagystan döwleti bellenildi. Mejlisde täzelenen ýolbaşçylaryň ilkinji wezipeleri bellenildi, şeýle-de MANIWEL we FATF-yň müdiriýeti bilen iş duşuşyklary geçirildi.
Aşgabatda geçirilýän mejlise gatnaşmak üçin gelen FATF-yň Prezidenti Wladimir Neçýaýew jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmäeklige garşy çäreleri geçirmek- global mesele bolup, ol hökmany ýagdaýda ýurtlaryň tagallalaryny birikdirmekligi talap edýär- diýip belledi. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy çäreleri işläp düzýän we olary halkara kadalara getirmekligi amala aşyrýan FATF hökümetara guramasy “Uly ýedilik” toparyna girýän ýurtlaryň çözgüdi esasynda 1989-njy ýylda döredildi.
Aşgabatda geçirilen mejlisiň öň ýanynda birnäçe iş toparlarynyň duşuşyklary geçirilip , olarda halkara terrorçylygynyň islendik ýüze çykmalaryna garşy durmagyň guramaçylyk-hukuk gurallarynyň ýerine ýetirilişini işläp taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan soňky ýyllarda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreş boýunça milli ulgamyň binýadyny, şeýle hem kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreleri has işjeňleşdirdi.