Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, käbir pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, oba hojalygynda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreleriň barşyna, medeni-durmuş ähmiýetli çäreleri guramak bilen baglanyşykly wezipelere seredildi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda agrotehniki çäreleriň geçirilişi, sebitiň çäklerinde bar bolan suwaryş desgalaryny abadanlaşdyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak bilen baglanyşykly çärelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň suw howdanlarynyň ýagdaýyny seljerip, degişli düzümler bilen bilelikde zerur çäreleriň görülmelidigini, şeýlelikde, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigini belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz medeni-durmuş maksatly desgalaryň, esasan-da, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk derejede işledilmegini ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly baýramçylyklarymyz mynasybetli guralýan çäreleriň medeni maksatnamasynyň degişli derejede düzülmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz şanly senelerimiziň hormatyna guralýan dabaralara aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda häzirki döwürde sebitde durmuşa geçirilýän çäreler, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanylan meýilnama, şeýle hem agrotehniki çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim hasabatynyň barşynda sebitiň ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň gyşky möwsüme taýýarlygy barada habar berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümler bilen bilelikde sebitiň obasenagat toplumyny has depginli ösdürmek üçin welaýatda bar bolan mümkinçilikleri öwrenmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatda öň gowaça ekilen ýerlerden boşaýan ekerançylyk ýerlere haýsy ekinler ekilse, maksada laýyk boljakdygyny ylmy esasda kesgitlemegiň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda agrotehniki çäreleriň geçirilýän döwrüniň başlanýandygyny aýtmak bilen, sebitiň suwaryş ulgamlarynda ýörite çäreleriň geçirilmelidigini, suw howdanlarynyň ýagdaýyna gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny hem-de olaryň toplumlaýyn esasda abadanlaşdyrylmalydygyny, şeýle hem gyşky möwsüme taýýarlyk bilen baglylykda ýyladyş ulgamyna degişli işleri döwrüň talabyna laýyk alyp barmalydygyny belledi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz noýabryň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna ykjam taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalygynda agrotehniki çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere, gyşky möwsüme görülýän taýýarlyk çäreleri barada aýratyn durup geçdi.
Döwlet Baştutanymyz sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, welaýatyň suwaryş desgalaryny tertibe salmak, zeý suw akabalarynda, suwaryş ulgamlarynda arassaçylyk işlerini geçirmek, ýurdumyzyň Suw hojalyk ministrligi bilen bilelikde suw howdanlarynyň ýagdaýyny seljermek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerindäki ýyladyş ulgamlarynyň gyşa taýýarlyk derejesiniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde sebitiň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda senagat düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda möhüm çäre bolan agrotehniki işleriň geçirilişine ünsi çekip, oňa guramaçylykly girişmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň suwaryş ulgamlaryny abadanlaşdyrmak, olaryň bökdençsiz ulanylmagyny üpjün etmek boýunça degişli düzümler bilen sazlaşykly işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz Hasyl toýuny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda guramak onuň medeni maksatnamasyny häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede düzmek, şol bir wagtyň özünde gyşky möwsüme göwnejaý taýýarlyk görmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim öňde boljak şanly seneleri guramaçylykly geçirmek, desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyşky möwsüme taýýarlamak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda agrotehniki çäreleri geçirmäge guramaçylykly girişmek, welaýatyň suwaryş ulgamlaryny, akabalaryny abadanlaşdyrmak we tertipleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde gyşky möwsüme taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň hakyky zähmet baýramçylygyna öwrülmegini gazanmagyň zerurdygyny belledi.
Mejlisiň gün tertibiniň oba hojalyk toplumyna degişli meseleler boýunça maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabat berdi, ol döwlet Baştutanymyza möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler, sürümli ýerleri rejeli peýdalanmak hakynda habar berdi. Noýabryň soňky ýekşenbesinde bellenip geçilýän Hasyl toýy mynasybetli dabaraly çäreleriň maksatnamasy hakynda hem habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, alymlaryň, agronomlaryň, kärendeçileriň we mehanizatorlaryň ýakyn hyzmatdaşlygynda ylmyň we iş tejribesiniň utgaşdyrylmagy, şeýle hem bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly toplumlaýyn işi guramak boýunça görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Hasyl toýy mynasybetli dabaralary geçirmek boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Hasyl toýy ekerançylygyň iň oňat däplerini döwrebap ösdürýän babadaýhanlarymyza ählihalk hormatynyň, mähriban topragymyzyň sahylygynyň we berekediniň senasy bolmalydyr.
Milli Liderimiz M.Annanepesowy Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara hem gol çekdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çykyşyny häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, täze döredilen etraplaryň ilatynyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatdan başlady. Hususan-da, ol Aşgabat şäherini gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilişi, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy gurmagyň nobatdaky tapgyrynda bina ediljek desgalaryň aýratynlyklary barada aýtmak bilen, täze gurulýan desgalaryň häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäherde täze döredilen etraplarda alnyp barylýan işleriň, gurulýan desgalarda durmuşa geçirilýän çäreleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz M.Baýmyradowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminama gol çekdi.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi hem çagyrdy.
Gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, wise-premýer milli Liderimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depginleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna birnäçe taslamalar, şol sanda Aşgabadyň ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary hödürlendi. Wise-premýer şol desgalaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar bilen içgin tanşyp, desgalaryň binagärlik tarapyna aýratyn üns berdi. Olary has-da kämilleşdirmek üçin öz tekliplerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýere we Aşgabat şäheriniň häkimine ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň abadançylygyna aýratyn üns bermegi, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ähli sebitlerde gurulýan desgalarda adamlar üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi, hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmagyny hem-de hiliniň ýokarlandyrylmagyny, şeýle hem täze düzümleýin desgalaryň gurluşygyny üpjün etmek üçin hemme çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Şunda milli Liderimiz adam hakdaky aladanyň hemişe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyny aýratyn nygtady. Halkymyzyň durmuşynyň abadançylygyny üpjün etmegiň, türkmenistanlylaryň durmuş amatlylygy üçin hemme şertleriň döredilmeginiň, döredijilikli zähmetiň we doly derejeli dynç almagyň maksatlaryna paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler maksatnamalary hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de öňde goýulýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny, bina edilýän täze gurluşyklaryň hiline we olaryň wagtynda tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi.
Bu düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň meseleleriniň üstünde durup geçip, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýollaryň, estakadalaryň we köprüleriň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň, olary ulanmagyň ýokary ýagdaýyny saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. Şol sanda wise-premýer Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri hem-de gündogar sebitiň çäginde gurulýan möhüm ähmiýetli desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Lebap welaýatynda geçiriljek nobatdaky maslahatyny ýokary derejede guramak bilen bagly durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän Lebap welaýatynda alnyp barylýan işleriň, wajyp ähmiýetli gurluşyklaryň giň gerimde dowam etdirilýändigine ünsi çekip, wise-premýere desgalaryň öz wagtynda ýokary hilli gurlup ulanmaga tabşyrylmagyna, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna guramaçylykly taýýarlyk görülmegine degişli meseleleri mydama berk gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleriň birnäçesini berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekili iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewi çagyrdy, ol ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereketler boýunça Ýewraziýa toparynyň /EAG/ 19-njy umumy ýygnagynyň jemleri barada hasabat berdi, şol mejlis Aşgabatda 14-15-nji noýabrda boldy. Şunuň bilen bir hatarda, wise-premýer BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasynyň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy komitetiniň ýerine ýetiriji direktory, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereketler boýunça Ýewraziýa topary /EAG/ hem-de Russiýa Federasiýasynyň maliýe gözegçiligi boýunça Halkara okuw-usulyýet merkezi bilen bilelikde guralan terrorçylyga niýetlenilen maliýe serişdelerini hereketsiz goýmak boýunça türkmen paýtagtynda geçirilen halkara seminary hakynda hasabat berdi.
Nygtalyp geçilişi ýaly, maslahatlaryň barşynda Türkmenistanyň oňyn tejribesi bellenildi, ol soňky ýyllarda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň milli ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny ösdürmäge, şeýle hem degişli kanunçylygy kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri ep-esli işjeňleşdirdi.
GDA agza ýurtlaryň maliýe aňtawçylyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň geçen hepdede Aşgabatda bolan ikinji mejlisi hakynda habar hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ulgamda birnäçe esasy halkara resminamalaryna goşulmak bilen, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär diýip belledi. Biziň ýurdumyz öz oňyn daşary syýasat ugruna ygrarly bolmak bilen, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitleri üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz bu barada söz açyp, Türkmenistanyň geljekde-de dünýä bileleşigini tolgundyrýn möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşjakdygyny, häzirki döwrüň giň möçberli wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmekde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de umumy tagallalary birleşdirmäge öz goşandyny goşjakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere degişli sebitleýin we halkara guramalary hem-de düzümleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol öz hasabatyny Russiýa Federasiýasynda geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşy baradaky hoş habardan başlady.
Şu ýylyň 8-11-nji noýabrynda biziň ýygyndy toparymyz ýaş ýigitleriň we gyzlaryň arasynda guşakly göreş boýunça dünýäde birinjilik ugrundaky ýaryşa gatnaşdylar. Ol Karaçaý – Çerkes Respublikasynyň Çerkesk şäherinde boldy. Bu ýerde pälwanlarymyz üç altyn, iki kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary M.Hallygurbanow, G.Şamämmedow, S.Batyrow altyn medala, ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçysy H.Patdyýew we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň sport rotasynyň esgeri A.Goçow kümüş medala, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary T.Aýazow we S.Işmuradowa bürünç medallara eýe boldular.
13-16-njy noýabrda Başgyrdystan Respublikasynyň Salawat şäherinde sportuň şu görnüşi boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Şonda biziň ýygyndy toparymyz bir altyn medala, bäş kümüş we 4 bürünç medallara eýe boldy. Bu wekilçilikli bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyby W.Orazmyradow altyn, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary T.Aýazow, G.Jumaýew, M.Jumaýew, G.Babamuratowa, Lebap welaýatynyň sport baradaky komitetiniň Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi G.Haýytbaýewa kümüş, Lebap welaýatynyň türgeni A.Allakow, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi J.Atamämmedow, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Z.Madraýymowa we ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň tälimçisi N.Surkiýewa bürünç medalyň eýeleri boldular.
Singapurda ýaşlaryň arasynda tennis boýunça geçirilen halkara ýaryşynda hem türkmen türgenleri uly üstünlik bilen çykyş etdiler. Aşgabatly tennisçiler bu ýaryşyň jemleri boýunça şahsy we jübütleýin ýaryşda ýeňiş gazandylar. Şonda Halkara türkmen-türk uniwersiteiiniň talyby A.Ärnepesow ýekelikde we jübütleýin bäsleşikde birinji orna we Kuboga, 1001 harby bölüminiň esgeri G.Poçaý jübütleýin ýaryşda birinji orna we Kuboga mynasyp boldy.
Şeýle hem hasabatda 2013-nji ýylda halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleri tarapyndan gazanylan medallar barada aýdyldy. Şol sanda 2013-nji ýylyň häzirki wagtyna çenli altyn medallaryň 96 sanysynyň, kümüş medallaryň 89-synyň we bürünç medallaryň 77-siniň, umumylykda bolsa, şu ýylyň dowamynda häzire çenli 262 sany medalyň gazanylandygy habar berildi.
Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Aşgabatda Aziada – 2017-ni geçirmäge toplumlaýyn taýýarlyk görmek boýunça, şol sanda maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, täze sport desgalaryny gurmak, sport ulgamynyň işgärler bilen üpjünçiligini berkitmek, tälimçiler düzüminiň hünärini hem-de türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça milli Liderimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hem aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz halkara derejesindäki nobatdaky ýaryşlarda tapawutlanan türkmen türgenlerini ajaýyp üstünlikler bilen gutlap, ýurdumyzda döredilýän häzirki zaman sport düzümleriniň mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň, milli aýratynlyklarymyzyň, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň tälimçilik işinde nazara alynmagynyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda guramaçylyk işlerinii işjeňleşdirmek boýunça görkezme berip, ýaş, başarnykly türgenleri goldamagyň sport ulgamyny hünärli mugallymlar-tälimçiler, maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün etmegiň bu işde esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz geçirilen düýpli gürrüňdeşligiň netijesini jemläp, biziň ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna, türkmen halkynyň abadançylygynyň artmagyna ýardam etjekdigini belledi.
Iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylaryň hemmesine Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilip, olaryň öňünde goýlan wezipeleriň çözülmeginde uly üstünlikleri arzuw etdi.