Ï Aşgabatda pudaklaýyn sergi we maslahat öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda pudaklaýyn sergi we maslahat öz işine başlady

view-icon 685
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2013” atly halkara sergi we “Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk: ileri tutulýan ugurlar, sepgitler, mümkinçilikler” atly 18-nji halkara maslahaty öz işine başlady. Bu wekilçilikli forumy Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy gurady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda geçirilýän nebitgaz forumynyň esasy maksady dünýäniň işewür toparlaryny Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwaty hem-de özara ykdysady bähbitlilik şertleri esasynda giň halkara hyzmatdaşlygy üçin döreýän uly mümkinçilikler bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Bu gezek Sergi köşgüniň zallarynda dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan kompaniýalaryň 100-e golaýy, şeýle hem biziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralary öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Özi-de, kompaniýalaryň 30-sy sergä ilkinji gezek gatnaşýar. Sergä gatnaşýanlaryň arasynda Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikeriniň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň, Çehiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň, Belarusuň we beýlekileriň nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň iri nebitgaz döwletleriniň hataryna goşulmak bilen, ygtybarly, geljegi uly hyzmatdaş hökmünde abraýnyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.




Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlardan gelen ýokary wezipeli myhmanlar, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara Gutlagy okaldy. Onda türkmen döwletiniň bu ulgamdaky syýasatynyň nebitgaz toplumyny okgunly ösdürmäge gönükdirilendigi bellenilýär. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, iň täze enjamlaryň ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň özi dünýäniň energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyny üpjün eder. Döwlet Baştutanymyz şu gözden geçirilişiň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen özara bähbitlilik şertlerinde bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin ýene-de bir oňat mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.

Sergi köşgüniň zallarynda ýangyç çig malyny gözlemek, çykarmak, arassalamak, saklamak we ugratmak, ýataklary geologiki, geofiziki we seýsmiki taýdan barlamak, düýpli burawlamak, gözlemek we deňizde taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan kenarýaka desgalaryny gurmak, häzir hereket edýän turbageçirijileri döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak, nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak ulgamlarynda önümler we hyzmatlar, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalar, dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary hödürlenilýär.

Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri öz önümlerini hem-de kuwwatyny görkezmäge, işewür gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik alarlar. Munuň özi türkmen ýangyç-energetika toplumynyň dünýäniň energiýa ulgamyna goşulyşmagyna oňyn täsir eder. Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň arasynda “Petronas Сharigali” (Malaýziýa), “Dragon Oil” (BAE), “СNPС” (Hytaý), “Eххon Mobil”, “Сhevron” (ABŞ), “RWE” (Germaniýa), “Sсhlumberger”, “Total” (Fransiýa) kompaniýalary, “Itera” halkara kompaniýalar topary, “Weatherford” (Şweýsariýa), ”Ýaraw” (Belarus) kompaniýalary, “Sumynyň M.W.Frunze adyndaky ylmy önümçilik birleşigi” açyk paýdarlar jemgyýeti (Ukraina), şeýle hem diňe bir nebitgaz ulgamynda däl, eýsem, garyşyk pudaklarda, şol sanda metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika we senagat pudaklarynda işleýän kärhanalar bar.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we ýurdumyzyň baý nebit hem-de gaz ýataklarynda işleýän beýleki pudaklaýyn kärhanalaryň birnäçesiniň diwarlyklarynyň sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretjekdigi şübhesizdir. Mundan başga-da, ýöriteleşdirilen ylmy institutlaryň ekspoziýalary bu ulgamda geçirilýän ylmy işler barada gürrüň berer.




Sergi iň täze gazanylanlar we tehnologiýalar, şol sanda iri gazly gatlaklary ýüze çykarmak, dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, turba geçirijileri barlamak, ýangyç serişdelerini ugratmak babatda gazanylanlar, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak ulgamyndaky täzelikler, şeýle hem nebit we gaz ýataklarynyň netijeliligini artdyrýan tehnologiýalar bilen tanyşdyrar.

Uly göwrümli ýöriteleşdirilen tehnikalar sergi toplumynyň töweregindäki ýörite meýdançalarda ýerleşdirildi.

Günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan “Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk: ileri tutulýan ugurlar, sepgitler, mümkinçilikler” atly 18-nji halkara maslahat ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň taslamalarynyň özüne çekijidigni hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň olara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Halkara sergisi bilen bilelikde geçirilýän wekilçililki foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan – ABŞ-dan, Ýewropa ýurtlaryndan, Aziýadan we GDA ýurtlaryndan wekilleriň 700-e golaýy gatnaşýar. Olaryň arasynda nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, önüm öndürýän zawodlaryň, ylmy toparlaryň wekilleri we beýlekiler bar. Wekiliýetleriň köpüsine öz ýurtlarynyň degişli döwlet düzümlerine ýolbaşçylyk edýän ýokary wezipeli resmi adamlar wekilçilik edýärler. Daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen neşirleri, habarlar gulluklary, neşirýat öýleri, Internet-portallary foruma maglumat babatda ýakyndan goldaw berýärler.

Şu gün – maslahatyň işiniň birinji gününde nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ugurlary, Türkmenistanyň nebiti we gazy gaýtadan işleýän hem-de nebithimiýa senagaty ýaly mowzuklardan umumy hem-de bölümlerdäki mejlisler geçirildi.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri çykyş edip, ägirt uly çig mal serişdelerine, senagat we ylmy kuwwata eýe bolan ýangyç-energetika toplumynyň türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Türkmenistan häzirki wagtda senagatyň, oba hojalygynyň we ilatyň tebigy gaza, elektrik energiýasyna, nebit önümleriniň köp görnüşlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyryp, halkara bazarlaryna energiýa serişdelerini hem-de nebithimiýa önümlerini uly möçberde iberýär.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda energiýa çeşmeleriniň hem-de olary eltmegiň serişdeleriniň howpsuz we kepillendirilen elýeterliligini üpjün etmek meselelerine deglip geçildi. Häzirki wagtda olar ählumumy häsiýete eýe bolup, dünýädäki umumy ýagdaýa, halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetine we ugurlaryna, ol ýa-da beýleki döwletleriň we sebitleriň ösüş proseslerine gatnaşyşynyň derejesine uly täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa meselesi, üçünji müňýyllygyň ýagdaýlaryna laýyk gelýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze halkara-hukuk binýadyny döretmek bilen baglanyşykly başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, öz halkynyň we tutuş adamzadyň bähbitlerine ägirt uly energetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerini çözmäge jogapkärli hem-de oňyn çemeleşmäge ygrarlydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we ýakyn on ýyllyklarda ýangyç serişdeleriniň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberleriniň köp esse artdyrylmagyny göz öňünde tutýan täze energetika syýasaty ýurdumyzda ýüze çykarylan we geljegi uly baý gorlara esaslanýar.

Garaşsyz hem-de ýurdumyzyň bilermenleriniň baha bermegine görä, Türkmenistanyň serişdeleri 71,21 milliard tonna şertli ýangyç möberinde bahalandyrylýar. Häzirki güne çenli ýurdumyzda gury ýerde, deňizde nebite we gaza baý bolan düzümleriň müňden gowragy ýüze çykaryldy, 160-dan gowrak ýatagyň üsti açyldy. Häzirlikçe olaryň köpüsinde işler geçirilenok. Türkmenistanyň wekilleri gyzyklanma bildirýän kompaniýalary bu ýataklary özleşdirmäge çagyryp, bu ýerde ýataklary özleşdirmek, şeýle hem iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda döwrebap seanagt düzümini döretmek ulgamynda hyzmatdyşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.




“Galkynyş” gaz käni hem munuň aýdyň mysallarynyň biri bolup biler. Ony özleşdirmäge iri daşary ýurt firmalary we kompaniýalary gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, bu täsin käniň birinji nobatdakysy—harytlyk gazy taýýarlaýan zawodlar toplumy şu ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berildi. Mundan başga-da, häzirki wagtda bu ýerde gözleg işleri dowam edýär. Şol işler, bu ägirt uly nebitgaz zolagynyň senagat gorlaryny has takyk kesgitlemek maksady bilen geçirilýär.

Mysal üçin, Dolyguýy meýdançasyndaky 1-nji guýuda innowasion kompýuter tehnologiýalaryny ulanmak arkaly geçirilende toplanan geologiýa—geofiziki maglumatlary toplumlaýyn seljermegiň esasynda gatlaklaýyn kollektor gaza baý diýlip ykrar edildi, onuň ýerleşişi bolsa “Galkynyş” gaz käniniň çäkleri bilen doly sazlaşýar. Şol guýy burawlanan mahalynda geologlar gije-gündiziň dowamynda debiti 517,7 müň kub metre barabar bolan gazyň akymyny aldylar. Bularyň ählisi “Galkynyş” gaz käniniň demirgazyga, Dolyguýy ýatagyna tarap giňelip gidýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi ägirt uly käniň bahalandyrylan gorlarynyň has-da uludygyny çak etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda “Galkynyş” gaz käninde ulanyş guýularyny burawlamak işi alnyp barylýar. Häzir olaryň 22-si ulanylmaga berildi, 6 guýuda bolsa burawlaýyş işleri dowam edýär. Geologlar, geofizikler we burawlaýjylar öňdebaryjy tehnologiýalary, çylşyrymly toprak-howa şertlerinde işlemek üçin niýetlenen enjamlary we gurallary ulanmak bilen düýpli burawlamak, geologiýa-geofiziki işlerini geçirýärler. Işler meýdan şertlerinde, şeýle hem barlaghanalarda geçirilýär. Şol ýerde täsin kompýuter enjamlarynyň kömegi bilen geologlary gyzyklandyrýan desgalardan alnan maglumatlar seljerilýär.

Sebitde 3D usulynda geçirilen seýsmiki barlaglaryň möçberi häzirki wagtda 4 müň 400 inedördül kilometrden geçýär, gözleg-barlag guýularynyň onlarçasy burawlandy, geofiziki barlaglaryň barşynda has takyk maglumatlar alyndy. Häzirki wagtda ýatagyň günbatar we günorta-günbatar böleklerindäki çäklerinde 1000 inedördül kilometrden gowrak meýdanda şeýle barlag işleri dowam edýär.

Çykyş edenleriň aýratyn nygtaýşy ýaly, goşmaça seýsmiki barlaglar bilen birlikde, täze guýulary burawlamak işleri bar bolan ýangyç serişdeleriniň möçberleri babatdaky deslapky bahalara düýpli üýtgetmeleri girizmäge mümkiçilik berer.

Çykyşlaryň käbiri ýangyç serişdelerini halkara bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmäge bagyşlandy. Foruma gatnaşyjylar sebiti ösdürmegiň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini hem-de geljegi uly Hazarüsti energiýa köprüsini gurmagyň möhüm halkara ähmiýetini nygtadylar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça býurosynyň sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary hanym Linn Treýsi Türkmenistanyň ägirt uly serişdeler kuwwaty nukdaýnazaryndan, şeýle hem ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde onuň ornunyň barha artýandygyny nazara almak bilen, türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyň geljeginiň örän uludygyny belledi. Ýewropa komissiýasynyň ýokary wezipeli wekilleri, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan bilen söwda etmek baradaky wekili jenap Çarlz Hendri, şeýle hem dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem bu pikiri doly goldadylar.

Ertir halkara forumy öz işini dowam eder.

Maslahatyň işiniň üç gününiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada doly maglumatlary alar.

Günüň birinji ýarymynda mejlisler geçiriler, ikinji ýarymynda bolsa kompaniýalaryň wekilleriniň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri guralar. Gepleşikleriň barşynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Mundan başga-da, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen gepleşiklere gatnaşmaýan hem-de Türkmenistana ilkinji gezek gelen wekiliýetler üçin her günüň ikinji ýarymynda ýörite çykyşlar hem-de okuw maslahatlary guralar.

Sergi bilen diňe bir hünärmenler däl, eýsem türkmenistanlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi tanşyp biler.