Ï Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň patyşa maşgalasynyň agzasyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň patyşa maşgalasynyň agzasyny kabul etdi

view-icon 700
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebiti we gazy--2013” atly halkara sergisine we “Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk: ileri tutulýan ugurlar, sepgitler, mümkinçilikler” atly 18-nji halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Beýik Britaniýanyň patyşa maşgalasynyň agzasy – Şazada Endrýu, Gersog Ýorkskini kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II-niň mähirli sözlerini ýetirli we Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada ýene-de gelip görýändigine örän şatdygyny belledi. Şunda Beýik Britaniýanyň geljegi uly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hasaplanýan we sazlaşykly ösüş gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II-ä hoşniýetli jogap sözlerini aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda işjeň häsiýete we täze mazmuna eýe bolan türkmen-britan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Türkmenistan Beýik Britaniýa bilen deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Beýik Britaniýanyň söwda-ykdysady ulgamdaky netijeli gatnaşyklary giňeltmäge we ösdürmäge bolan meýillerini tassyklap, döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly geljegiň bardygyny bellediler we onuň binýadynda dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny nygtadylar.

Ägirt uly kuwwaty bolan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri baradaky mesele gürrüňdeşligiň esasyny düzdi. Şu jähetden Aşgabatda geçirilýän halkara sergileriň we maslahatlaryň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, nebitgaz ulgamynda özara peýdaly işjeň gatnaşyklary ýola goýmak üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmagyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman medeni-gumanitar hem-de bilim ulgamyndaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ugurlary barada aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Şazada Endrýu, Gersog Ýorkskiý ikitaraplaýyn gyzyklanmalara jogap bolýan türkmen-britan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.