Ï Awazada biotehnologiýalary ösdürmek boýunça halkara ylmy maslahaty öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada biotehnologiýalary ösdürmek boýunça halkara ylmy maslahaty öz işine başlady

view-icon 1325
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Arzuw” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmegiň ugurlary” atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Häzirki zaman ylmynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine bagyşlanan iri möçberli forumyň geçirilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow badalga berdi hem-de ol biotehnologiýa, bioinženeriýa, bioenergetika we bioinformatika ulgamlarda iň täze gazanylanlary öwrenmäge hem-de önümçilige ornaşdyrmaga, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant goşmaga gönükdirilendir.

Giň halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, dünýäniň ylym we bilim merkezleri bilen ýygjam özara gatnaşyklar Türkmenistanyň ylym syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajyp we aýrylmaz şerti bolup durýar. Bu syýasat bolsa innowasion ösüşiň, dünýäniň ylmy pikirleriniň we ýokary tehnologiýalarynyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak strategiýasydyr.

Muňa ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda we Türkmenistanyň ylmy, işewür we medeni durmuşynyň halkara işjeňliginiň täsin meýdançasyna öwrülen ýurdumyzyň iri syýahatçylyk merkezi bolan Hazar deňziniň kenaryndaky Awazada geçirilýän köpsanly ýöriteleşdirilen ylmy forumlara gatnaşyjy ýurtlaryň sanynyň barha artmagy hem şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dermanlyk ösümlikler we Botanika instituty tarapyndan guralan şu halkara maslahatyna Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan we Afrikadan bolan 40 töweregi ýurtlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda dünýä meşhur alymlar, dünýäniň akademiki ylmy merkezleriniň, öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ABŞ-dan, Kanadadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Niderlandlardan, Çehiýadan, Russiýadan, Ukrainadan, Koreýadan, Ýaponiýadan, Israýyldan, Pakistandan, Eýrandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Müsürden, Gazagystandan, Ermenistandan, Täjigistandan, Tunisden, Surinamdan, Bangladeşden we beýleki ýurtlardan ylmy – barlag enjamlaryny işläp taýýarlaýjylar bar.

Watanymyzyň ylmyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary we aspirantlary, ýurdumyzyň iri bilim merkezleriniň, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň birnäçe edaralarynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Tebigaty goraýyş ministrliginiň, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri wekilçilik edýärler.

Maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda: “Ylmy-tehniki ösüşler döwletimiziň ykdysady üstünliginiň hem-de durmuş abadançylygynyň özeni bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, milli ylmy ulgamynyň dünýäniň ylmy giňişligine çalt we netijeli goşulyşmagy bilen berk baglanyşykly toplumlaýyn maksatnamalar, milli we umumadamzat bähbitli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar” diýip nygtady.

Gutlagda bellenilişi ýaly, döwletimiziň ylmy kuwwatynyň artmagy üçin ylym we bilim ulgamlaryna döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär, alymlaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Halkara guramalar we daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen nanotehnologiýa, biotehnologiýa, kompýuter, maglumatlar tehnologiýalary we telekommunikasiýa boýunça hyzmatdaşlyk etmekde hem hökümetara şertnamalar we ylalaşyklar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan daşary ýurtly işewür toparlar, ylmy we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

Mälim bolşy ýaly, biotehnologiýa – munuň özi ösüşine özi bilen ysnyşykly baglanyşykly bolan beýleki ugurlar ýaly, hususan-da, nanotehnologiýa, “ýaşyl tehnologiýa”, tebigatdan peýdalanyş ugurlaryna bütin dünýäde örän düýpli üns berilýän ylymdyr. Bu ylym gözbaşyny alys geçmişden alyp gaýdýar we şol sanda nahar taýýarlamagyň dürli usullary bilen baglanyşyklydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda adam çörek bişirmekde, süýt önümleri almakda, ösümlik süýmüni we beýlekileri işläp taýýarlamakda fermentatiw işleri ulanypdyr. Häzirki wagtda bu ylym häzirki döwrüň iň möhüm meselelerini – azyk howpsuzlygyny, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, daşgy gurşawy goramak, biologiki köpdürliligi dikeltmek, adamyň we haýwanyň saglygyny goramak, howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri çözmäge kömek edip, dünýä üçin täze gözýetimleri açýar.

Köp ýurtlar oba hojalygynda we maldarçylykda, energetikada, lukmançylyk senagatynda, ekologiýada täze tehnologik binýady kemal getirip, häzirki wagtda biotehnologiýany ösüşiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlediler. Netijeli we daşky gurşaw üçin howpsuz bolan biotehnologiýanyň önümçiliginde peýdalanmaklyga esaslanan durmuş gurluşynyň täze geljegi uly nusgasynyň kemala gelmeginiň başlangyjy hökmünde örän köp biopolisler döredilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylmy üçin bu täze ugur özüniň maksada gönükdirilen ösüşine eýe bolýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyndan gözbaş alan ylym-bilim özgertmeleriniň çäklerinde düýpli we iş-tejribe ähmiýetli ylmy barlaglary işjeňleşdirmek boýunça, innowasiýalary bioykdysadyýetde hem işjeň ulanmaklyga üns bermek bilen, iň täze işläp düzmeleri önümçilige çalt ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ilkinji nobatda bolsa ösümlikleriň biotehnologiýasy, täze bejeriş serişdelerini we biologik işjeň maddalary işläp taýýarlamak, şol sanda ýerli derman ösümlikleri, topragyň hasyllylygyny dikeltmäge, oba hojalyk ekinleriniň täze durnukly görnüşlerini çykarmaga, iýmlik biomassany almaga we beýlekilere gönükdirilen oba biotehnologiýasy esasynda işläp taýýarlamak ýaly ugurlarda işler alnyp barylýar.

Biotehnologiýany ösdürmek pudagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-tejribe we ylmy barlaglar merkezleriniň - Botanika, Dermanlyk ösümlikleri institutlarynyň, “Gün” institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň molekulýar biologiýa we biofarmasewtika merkezleriniň, Tebigaty goramak ministrliginiň Çöl, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň we ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, TYA-nyň akademigi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ensiklopetik işi ylmy barlaglary geçirmek we fitoterapiýada täze açyşlary etmek üçin gymmatly bilimleriň egsilmez gözbaşyna öwrüldi.

Öýjük gen arkaly seýrek, hojalyk üçin gymmatly ösümlikleriň tohumlyk önüminiň tizleşdirilen önümçiligi boýunça tehnologiýa, öýjük tehnologiýalar esasynda dermanlar, biokorrektorlar, wesmeçilik we parfýumer serişdeleriniň düzümi hökmünde ösümlik häsiýetli tebigy önümler tehnologiýasyna örän zerur we düýpli isleg bildirilýär.

Aşgabatda açyljak Tehnologiýalar merkezi Watanymyzyň ylmynyň, şol sanda biotehnologiýanyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Ol ýurdumyzyň ylmy barlag institutlaryny, önümçilik kärhanalaryny, okuw edaralaryny, işewür düzümlerini birleşdirer we geljekde öz innowasion önümlerini öndürer.

Tebigatyň baýlyklaryna aýawly garamak, Hazar deňziniň kenarýaka zolaklarynyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak arkaly bina edilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-sagaldyş toplumy häzirki wagtda biotehnologiýalar pudagynda täzelikleriň giňden peýdalanylýandygynyň aýdyň mysalyny görkezýär.

Biotehnologiýalaryň möhüm ugurlary we ösüşiniň geljegi, olaryň howpsuzlygy, bu ulgamdaky konseptual açyşlar we innowasion çözgütler şu gün açylan halkara maslahatynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň we hünärmenleriniň özara gyzyklanma bildiren gepleşiklerine öwrüldi. Biotehnologiýalaryň mümkinçiliklerini öwrenmekdäki we ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakdaky möhüm meseleleriň toplumy bölümçe mejlisleri üçin meýilleşdirildi.

Mihail Sukkowyň (Germaniýa) Gaznasyna wekilçilik edýän meşhur alymy Sebastýan Şmitdiň çykyşynda biobarlaglar we bioinformatika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksatlary üçin Türkmenistanyň baý ösümlik dünýäsiniň elektron maglumatlar binýadyny döretmek meselesi gozgaldy. Mälim bolşy ýaly, bu Gaznanyň bilermenleriniň gönüden-göni gatnaşmagynda biziň ýurdumyzda ilkinji milli parklaryň ekologik-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlanylýar. Belarusly ylmy barlagçy W.Lemeşiň çykyşynda beýan edilen molekulýar bellik etmegiň gen biotehnologiýalaryny peýdalanmagyň mümkinçilikleri ösümligi öwrenmekde uly ähmiýete eýe bolan seçgiçilik işine gözegçilik etmegiň kuwwatly guraly bolup durýar. Öýjükleriň biologiýasy pudagynda professor A.Rapoport (Latwiýa) gaýtadan dikeldilýän tebigy serişdelerden we olaryň galyndylaryndan etanolyň galyndysyz önümçiligini çykarmak boýunça täze täsin tehnologiýany tanyşdyrdy. Russiýaly alym T.Sokolowa foruma gatnaşyjylaryň ünsüne ykdysady meseleleri bolşy ýaly, ekologiýa wezipeleri hem çözmäge mümkinçilik berýän ownuk ýangyç bölekleriniň işi ulgamynda ylmy barlaglaryň netijelerini hödürledi.

Günüň ikinji ýarymynda maslahat üç bölümçede dowam etdi. Olaryň işleri “Oba hojalyk, maldarçylyk we azyk tehnologiýalary”, “Lukmançylyk we farmasewtik biotehnologiýa”, “Biologiýa senagaty, bioserişdeler, deňiz we ekologik biotehnologiýa” ýaly ugurlar boýunça alnyp baryldy.

Hasabatlarda lukmançylykda we farmasewtikada, azyk senagatynda hem-de oba hojalygynda, ekologiýada, deňiz gurşawynda biotehnologiýalaryň orny we ähmiýeti barada aýdyldy. Möhüm meseleleriň hatarynda täze önümleri almak üçin öýjük tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we özleşdirmek, durnukly önümçiligiň maksatlary üçin biomassanyň gaýtadan dikeldilýän gözbaşlaryny peýdalanmak, bioýangyç üçin çig mal öndürmegiň geljegi uly bolan usullary, mal lukmançylygynda, guşçulykda biotehnologik usullary ulanmak, galyndysyz önümçilikleri döretmek we beýlekiler agzaldy.

Alymlaryň ünsüniň möhüm ugry – bioetika. Gen inženeriýa we öýjük gen ulgamynda täze tehnologiýalaryň iş ýüzünde ornaşdyrylmagy bu ugurlarda işleri ugrukdyryjy hukuk binýadyny döretmegiň zerurlygyny şertlendirdi.

Ertir maslahat öz işini dowam eder.