Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 681
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sunil Jaini kabul etdi.

Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, beýik yurt bolan Türkmenistany hemişe aýratyn mähirlilik bilen ýatlajakdygyny nygtap, bu ajaýyp ýurtda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň şaýady bolup, birnäçe ýyl ýaşamak we işlemek bagtynyň miýesser edendigini aýtdy.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiliniň nygtaýşy ýaly, Hindistanda Türkmen döwleti tarapyndan ýöredilýän parahatçylykly syýasata we öňe sürülýän, sebitde hem-de tutuşlygyna alnanda, dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmagy maksat edinen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär we olar doly goldanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan tarapyndan Hindistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi, türkmenleri Hindistanyň halky bilen asyrlardan bäri tüýs ýürekden dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda okgunly ösüş depginine eýe bolan oňyn türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, turuwbaşdan deňhukuklylyk we özara peýdalylyk nukdaýnazaryndan guralýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan önjeýli goşandy üçin jenap Sunil Jaine minnetdarlyk bildirdi.

Bellenip geçilişi ýaly, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça uly işler geçirildi, hususan-da, bilelikdäki uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde äşgär üstünlikler gazanyldy, aziýa giňişliginde Türkmenistan–Owganystan- Pakistan-Hindistan iri gaz geçirijisini /TOPH/ gurmagyň taslamasynyň soňky wagtlarda anyk ýagdaýa geçendigini bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, şu günler Aşgabatda dowam edýän halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde TOPH taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň we Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky kabul edilen möhüm resminamanyň – Tranzaksiýa Geňeşçisi bilen Hyzmatlar Ylalaşygynyň ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçildi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn esasda hem, köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri belläp, Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň ähli möhüm ugurlarda iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler.

Hindistanyň ilçisi hoşlaşan pursadynda, kömek we goldaw berendigi üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, şol kömegiň we goldawyň Türkmenistanda diplomatik wekilhananyň baştutany hökmünde özüniň üstünlikli işlemegine ýardam edendigini aýtdy.

– Şu ýyllaryň dowamynda siziň ajaýyp ýurduňyzy we göwnaçyk, myhmansöýer türkmen halkyny ýüregim bilen söýdüm, olar baradaky hoşniýetli ýatlamany bütin ömrüme kalbymda saklap galaryn—diýip, jenap Sunil Jain hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagt, saglyk we Türkmenistanyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen asylly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.