Ï Awazada halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady

view-icon 778
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Arzuw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmegiň ugurlary” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Häzirki döwürde ylmyň geljegine has uly umyt baglanýan pudaklarynyň biriniň örän uly mümkinçilikleriniň we dürli ýurtlarda muny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň äşgär edilmegine bagyşlanan bu uly halkara forum şu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany durmuş we innowasion - ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda üstünlikli ýöredilýän syýasat, dünýädäki ähli ýurtlaryň yzygiderli ösüşi boýunça daşary syýasy başlangyçlary, milli özgertmeler maksatnamasyny we halkara taslamalaryny amala aşyrmakda ekologik ugurlaryň ileri tutulmagy dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň ählisi bilen köp ugurly özara peýdaly hyzmatdaşlygyň, şol sanda ylym boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine güýçli itergi berdi.

Şu wekilçilikli ylmy forum hem möhüm ähmiýetli waka öwrülip, oňa dünýäniň dürli künjeklerinden tanymal alymlar we hünärmenler, biotehnologik başlangyçlary ylmy taýdan işläp taýýarlamak boýunça döwlet we hususy düzümleriň ýolbaşçylary gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça jikme-jik gepleşik geçirmek üçin ýygnandylar. Olaryň arasynda genetika we mikrobiologiýa, biofarmasewtika we biohimiýa, botanika we ösümlikçilik, gaýtadan döredilýän geologik serişdeler, biologik ýangyjy öndürmek, ekologiýa ýaly ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri halkara we milli ylmy-barlag akademiki, okuw-bilim edaralaryň we guramalaryň, hususy firmalaryň hem-de enjamlary we abzallary işläp taýýarlaýan kompaniýalaryň wekilleri bar.

Halkara maslahatynyň işi şu ugurlar: oba hojalygy, maldarçylyk we azyk tehnologiýasy; lukmançylyk we derman senagatynyň biotehnologiýasy; biologik senagat, biologik serişdeler, deňiz we ekologik biotehnologiýa boýunça üç bölümde alnyp baryldy.

Bölümlerdäki mejlisleriň barşynda ýerlerde biotehnologiýany ösdürmek boýunça milli strategiýalar we ileri tutulýan ugurlar baradaky synlar bilen tanyşdyryldy. Şonda dürli ýurtlaryň serişdeler babatda we ykdysady mümkinçilikleri boýunça aýratynlyklaryň bardygyna garamazdan azyk howpsuzlygyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, adamyň saglygyny goramak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, daşky gurşawy goramak, biologik dürlüligi gaýtadan dikeltmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde biotehnologiýalaryň ösdürilmegine we ornaşdyrylmagyna içgin üns berilýändigi bellenildi.

Russiýanyň, Belarusyň, Ukrainanyň, Özbegistanyň, Çehiýanyň, Ispaniýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň alymlary şu ugra degişli ylmy açyşlar we teklipler barada çykyş edip, milli bähbitleri we ileri tutulýan ugurlary, bilelikdäki taslamalaryň işlenip taýýarlanmagyny göz öňünde tutmak arkaly, biziň ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda täzelikleri ulanmak babatda bar bolan bähbitli ugurlara we mümkinçiliklere ünsi çekdiler. Biotehnologik barlaglaryň esaslary hökmünde türkmen florasynyň guradylan ösümlikleriniň wirtual gerbarisini döretmek, oba hojalygynda ösümlik görnüşindäki serişdeleri ikinji gezek ulanmak, keselleri anyklamakda biotehnologiýany ulanmagyň mümkinçilikleri, ösümlikleriň tebigy komponentlerinden dermanlyk serişdeleri, biologik taýdan ýokumly azyk önümlerini, weterinariýa degişli serişdeleri işläp taýýarlamak, energiýany we serişdeleri tygşytlamak bilen bagly meseläni çözmek üçin mikrobly ýangyç elementlerini ornaşdyrmak boýunça tekliplere aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň gymmatly kremnini taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmegine degişli taslamalarynyň geljegine uly umyt bildirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň akademiki düzümleriniň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygyň möhüm jähetleriniň biri bolup durýar.

Şeýle hem biotehnologiýalara degişli ugurda Ispaniýanyň ylmy-barlag merkezleri, hususan-da, Kordowanyň uniwersiteti bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine işjeň ýagdaýda garalýar.

Öz gezeginde olaryň türkmen kärdeşleri ylmy barlaglaryň gymmatly netijeleri barada gürrüň berdiler. Türkmen alymlary oba senagat toplumynda biotehnologiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak, has ýokary sarp edijilik häsiýetli oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda gowaçanyň täze sortlaryny döretmek, topragy goramak we gurplandyrmak boýunça uly tejribe topladylar. Ýurdumyzyň lukmanlary- biotehnologlar netijeli we howpsuz serişdeleri öndürmek hem-de olary milli lukmançylygyň ýörelgeleri bilen utgaşdyryp bejerişde ulanmak üçin, türkmen topragynda bol bitýän dermanlyk we beýleki ösümlikleriň gymmatly tebigy maddalaryny öwrenmek boýunça gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdiler.

Şu maslahata gatnaşan daşary ýurtlular tarapyndan biotehnologiýalaryň ulanylmagyna esaslanýan ekologik taslamalara ýokary baha berdiler. Çykyşlarda ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan milli özgertmeler maksatnamalarynyň adamlaryň ýaşaýşynyň ähli ugurlary boýunça abadançylykly bolmagynyň şerti hökmünde ekologik ugur bilen içgin baglanyşyklydygy bellenildi.

Biologik dürlüligi we tebigy landşaftlary aýawly saklamak boýunça möhüm ähmiýetli taslamalaryň, ekologiýa gönükdirilen örän uly suw hojalyk taslamalarynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Köpetdagdan başlap, Sarygamyş kölüne çenli, Amyderýadan Hazar deňzine çenli tutuş ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky uly möçberli maksatnamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda şu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilýän çäreler hökmünde görkezmek bolar.

Türkmenbaşy şäherinde halkara deňiz portunyň gurluşygy oýlanyşykly çemeleşmäniň oňat nusgasy hökmünde görkezilip bilner, ol nawigasiýanyň we ýük daşamagyň howpsuzlygyny we netijeliligini, şeýle hem daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan döwrebap we maksatlaýyn enjamlaryň toplumy bilen üpjün ediler. Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, her terminalda biologik taýdan arassalaýjy enjamlar goýlar.

Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy türkmen tebigatynyň täsir galdyrýan künjeginiň adamyň bähbidi üçin innowasion, daşky gurşaw üçin howpsuz tehnologiýalary ulanmak arkaly ekologik taýdan aýawly özgertmegiň ýokary derejede alnyp barylýandygyny görkezýär.

Hazaryň tebigy baýlyklary, ekologik taýdan arassa gurşaw, suwa düşülýän altynsow çägelik kenarlar, ýakymly howa, deňze mahsus bolan görnüşleriň gözelligi hem-de onuň kenarynda ýaşyl seýilgäh zolaklary bilen gurşalan sagaldyş toplumly ýokary derejeli myhmanhanalaryň gurulmagy bu ýeri owadan künjege öwürdi. Bu ýer diňe bir öz ýurdumyzda däl-de, eýsem daşary ýurtlardan köp sanly syýahatçylaryň we göwnejaý dynç almagy halaýanlaryň ünsüni çekýär.

Halkara maslahata gatnaşyjylar Awaza derýasynda özleri üçin guralan gezelenjiň barşynda muňa aýdyň göz ýetirdiler. Rekreasion zolak çägelik kenarlaryň uzaboýunça ençeme kilometrlere uzalyp gidýär, bu ýerde belent binalar, seýilgäh toplumlary, gözelligi boýunça haýran galdyrýan suw çüwdürimleri, awtomobil ýollary we Awaza derýasynda pyýadalar üçin gurlan owadan köprüler ýerleşýär. Hazaryň tutuş türkmen kenar ýakasynda bolşy ýaly, Awaza derýasynyň suwy örän arassalygy we bejeriş häsiýetliligi bilen myhmanlary haýran galdyrdy.

Forumyň ahyrky mejlisinde bölümlerdäki işiň netijeleri jemlendi. “Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmegiň ugurlary” atly halkara ylmy maslahatda türkmen alymlarynyň gazananlary baradaky düşünjeleriň has-da giňeldilmegine, olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň tejribesiniň öwrenilmegine, bilelikdäki tagallalary gönükdirmekde ileri tutulýan ugurlaryň kesgitlenmegine mümkinçilik döredip, biotehnologiýalaryň senagaty ýaly geljegine uly umyt baglanýan ugurda Türkmenistanyň we gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlaryň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ilkinji möhüm ädime öwrüldi.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda giňden tejribe alşylmagyna hem-de içgin ylmy we işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam beren bu forumyň göwnejaý derejede guralandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Forumyň açylyşynyň öňüsyrasynda, oňa gatnaşyjylar üçin täsirli medeni çäreler guraldy. Daşary ýurtly myhmanlar türkmen praýtagtyna gelip, şähere gezelenç etdiler hem-de Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň eksponatlary bilen tanyşdylar.