Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmezden öň, öz egindeşlerini we ähli türkmen halkyny ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly bellenilýän baýram – Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlady. Aýratyn many-mazmuna eýe bolan bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, öndüren bol hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Biz ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmäge, türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara ibermäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýişi ýaly, häzirki döwürde Prezident maksatnamasyna laýyklykda, eziz Diýarymyzda ak bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygy döredilýär. Gallaçy we pagtaçy daýhanlarymyzyň gazanýan üstünlikleri has-da guwandyrýar, olaryň ýadawsyz zähmeti netijesinde şu ýyl ýurdumyz boýunça galla we pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi diýip, milli Liderimiz ýurdumyzda babadaýhanlarymyza netijeli zähmet çekip, toprakdan bol hasyl öndürmekleri we halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy.
Munuň şeýledigine ýokary hilli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, mineral dökünler we beýleki serişdeler bilen daýhanlaryň ýeňillikli bahalardan doly üpjün edilmegi, kärendeçiler bilen tabşyrylan önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba zähmetkeşleriniň döwletimiz tarapyndan özleri barada edilýän bu aladalara, yzygiderli berilýän hemaýatlara jogap edip, netijeli zähmet çekjekdiklerine, geljekde has-da ýokary sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz hökümetiň agzalaryny we ähli türkmen halkyny bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez rysgal-döwlet, toprakdan bol hasyl alýan edermen daýhanlarymyza bolsa täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, Aragatnaşyk ministrliginiň buýurmasy esasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guruljak 300 orunlyk 5 ýyldyzly myhmanhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işler, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde 20 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýyny hususy telekeçileriň hasabyna gurmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, bu meseleler ykjam öwrenildi, zerur bolan hasaplamalar geçirildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, wise-premýeriň garamagyndaky düzümleriň işine, şeýle hem maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamalarynda bellenilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine degişli derejede gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.
Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň, durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň özgertmeler maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň geljekde hem şu meseleleri çözmäge aýratyn üns berjekdigini aýtdy. Milli Liderimiz hödürlenen resminamalaryň taslamalaryny makullap, wise-premýere olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmek babatda görkezme berdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryny geçirmäge guramaçylykly taýýarlanmak, şeýle hem türkmen döwletiniň durmuş ugurly syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge ýardam edýän täze kanunçylyk resminamalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça deputatlaryň ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde alyp barýan işleri babatda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini has-da demokratiýalaşdyrmak boýunça milli parlamentiň ýerine ýetirýän işleri barada habar berdi.
Döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ugry nukdaýnazarynda parlamentiň kanunçykaryjylyk işiniň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetiň durmuşynyň möhüm ugurlarynda özgertmeler işlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýet, ylym we medeniýet pudaklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy üpjün etmek boýunça işleri mundan beýläk-de geçirmegiň zerurdygyny nygtady.
15-nji dekabrda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň Garaşsyz türkmen döwletiniň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk-de durmuşa geçirmekde ähmiýetini belläp, milli Liderimiz olary geçirmegiň ähli tapgyrlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna pugta laýyklykda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda alyp barmagyň möhümdigini nygtady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2013-2017-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň geçirýän işleri we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 30-njy noýabr – 2-nji dekabr aralygynda hormatly Prezidentimiziň Tailand Patyşalygyna meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Tailand Patyşalygy abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär. Şol resminamalar bolsa döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn – hukuk binýadyny berkider, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Günorta – Gündogar Aziýa we Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şol sebitde dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler bar.
Milli Liderimiz bular barada aýdyp, döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypalary ýazjak Tailand Patyşalygyna boljak resmi saparyň ähmiýetini nygtady. Bu gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda gazanyljak ylalaşyklaryň Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine, özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine hem-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Tailand Patyşalygyna boljak resmi sapara ýokary guramaçylyk deresinde taýýarlyk görülmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri baradaky, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkeziniň meýdançasynyň çäginde goşmaça iki gatly döwrebap söwda dükanlaryny gurmak boýunça görülýän çäreler barada habar aýdyldy.
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri möçberli şähergurluşyk maksatnamalarynyň meseleleriniň üstünde durup geçip, döwlet Baştutanymyz gurulýan we bina etmäge taýýarlanylýan durmuş ähmiýetli desgalarynyň binagärlerine hem-de taslaýjylaryna bildirilýän esasy talabyň olary ulanmakda ygtybarlylygy hem-de maksadalaýyk bolmagy bilen birlikde, binagärlik keşbiniň özboluşly bolmagynyň hem zeurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz özbaşyna her bir taslama döredijilikli çemeleşmegiň ähmiýetini belledi. Şunda milli Liderimiz raýatlaryň bähbidini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Çünki amala aşyrylýan hemme özgertmeleriň esasy maksady türkmenistanlylaryň abadançylygynyň has-da gowulanmagyny, ýaşaýyş durmuşynyň hiliniň ýokarlanmagyny gazanmakdan ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” bazarly söwda merkeziniň meýdançasynyň çäginde goşmaça iki gatly döwrebap söwda dükanlaryny gurmak hakyndaky” Karary oňlady we oňa gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň döwrebap keşbine ünsi çekmek bilen, ol ýurdumyzyň baş şäheriniň ýokary derejesine laýyk gelmelidir diýip belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda geçirilýän oba hojalyk işleri, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sürümli ýerleri rejeli ulanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer Lebap welaýatynyň babadaýhanlarynyň döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hem habar berdi.
Şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 1 million 139 müň 564 tonna pagta hasyly ýygnaldy. Häzirki wagtda pagtaçylar ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli doly ýygnap almak boýunça zerur işleri alyp barýarlar. Şeýle hem güýzlük galla ekinlerine ideg etmek işleri dowam edýär, ekin meýdanlarynda zerur bolan agrotehniki çäreler geçirilýär.
Mundan başga-da, wise-premýer 23-24-nji noýabrda geçirilýän Türkmenistanyň pagta önümleriniň III halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, öňümizdäki forum oba hojalygynyň pagtaçylyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda tejribe alyşmaga hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.
Biziň ýurdumyzda her ýyl noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada durup geçip, wise-premýer Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda baýramçylyk çäreleriniň geçiriljekdigini habar berdi. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümleriniň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergileri, dürli sport çäreleri, däp bolan milli oýunlar, aýdymçylaryň we bagşylaryň çykyşlary hem-de at çapyşyklary guralar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylmyň gazananlaryna gyşarnyksyz eýermek, ýerlerden, dökünlerden, ösümlikleri goramagyň serişdelerinden, oba hojalyk tehnikalaryndan we zähmet serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalygynda suw we ýer serişdelerini ulanmakda daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzyň bu ulgamda gazananlaryny görkezmek babatda Türkmenistanyň pagta önümleriniň III halkara sergi-ýarmarkasynyň hem-de oňa gabatlanylyp geçirilýän maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, bu forumy ýokary derejede guramagy we geçirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Hasyl toýuny bellemek bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, täze taryhy eýýamda bu ajaýyp baýramçylygyň türkmen ekerançylarynyň – hasyl ussatlarynyň zehinini hem-de zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň sahawatlylygyny alamatlandyrýandygyny, döwletimiziň oba zähmetkeşleri we tutuş obasenagat toplumyny ösdürmek barada hemmetaraplaýyn alada edýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli künjeklerinde giňden bellenilýän ählihalk dabaralaryna göwnejaý taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi, hususan-da, wise-premýer 19-21-nji noýabrda Aşgabatda bolan halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Tranzaksiýa Geňeşçisi bilen TOPH gaz geçirijisi boýunça “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Owgan gaz korporasiýasynyň, Pakistanyň “Inter state gas systems (Private) limited” korporasiýasynyň, Hindistanyň “Cail (Indiýa) Limited” kompaniýasynyň we Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda hyzmatlar hakyndaky Ylalaşyga gol çekilendigi barada habar berdi.
Bellenip geçilişi ýaly, bu Ylalaşyga laýyklykda, Tranzaksiýa geňeşçisiniň işiniň, şol sanda “TOPH Ltd” ýöriteleşdirilen kompaniýanyň ykdysady, hukuk, salgyt hem-de täjirçilik şertlerini we düzümini işläp taýýarlamagyň esasy wezipeleri kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli iş alyp barmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady, ol diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, Aziýa sebitinde hakyky dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk köprüsi bolar. Milli Liderimiz bu iri energetiki taslamanyň ähmiýeti hakynda söz açyp, onuň amala aşyrylmagy ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýän giň möçberli energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak işine anyk goşant bolar diýip belledi.
Bu babatda döwlet Baştutanymyz wise-premýere TOPH transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny ýerine ýetirmek, tutuşlygyna alnanda, Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek barada degişli anyk tabşyryklary berdi. Ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak onuň möhüm taraplarynyň biri bolup durýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň senagat pudaklarynyň maýa goýum, önümçilik we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hakyndaky habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, senagat pudagyny ösdürmegiň maksatlary, sarp edijileriň islegleriniň artmagy kärhanalaryň öňünde çykarylýan önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak, teklipleri öwrenmek baradaky wezipeleri goýýar diýip belledi. Türkmen nyşany bolan önümleriň eksportuny artdyrmaga şertleri we höweslendirmeleri döretmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň tehnologiki mümkinçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi hakynda aýdyp, ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda senagat pudaklarynda maýa goýumlaryny işjeň çekmegi we ýurdumyzyň senagat kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmagy belledi. Bu iş öňdebaryjy tehnologiýalary, enjamlary netijeli ulanmagy we öňde goýlan wezipeleri çözmäge täzeçe çemeleşmeleri, ýurdumyzyň senagatyny innowasion taýdan ösdürmegi höweslendirmek boýunça ulgamlaýyn çäreleri işläp taýýarlamagy özünde utgaşdyrmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganow Aşgabatda 26-njy noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky XI mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 2013-nji ýylda Geňeşde başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän mejlisde 2013-nji ýylyň jemleri jemlener. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň geljegi, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň maýa goýum–innowasion ösüşinde Söwda-senagat edaralarynyň orny, maglumatlar we işewürlik babatda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň beýleki meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň türkmen döwletiniň daşary ykdysady strategiýasynyň möhüm tarapy bolup durýandygyny nygtap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadygyny belledi. Şunda esasy tagallalar türkmen kärhanalarynyň önümleriniň eksportuna ýardam etmäge, şeýle hem göni daşary yurt maýa goýumlaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetine çekmäge gönükdirilýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Milli Liderimiz bu işiň Arkalaşygyň ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sebitleriniň edaralary we telekeçilik düzümleri bilen ýakyn aragatnaşykda guralmalydygyny aýdyp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, bilelikdäki sergileri we maslahatlary, işewürlik maslahatlaryny guramak ýaly çäreleriň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly görnüşleriniň biridigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu babatda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini agtarmaga, haryt dolanyşygynyň düzümini gowulandyrmaga möhüm orun berilýändigini nygtap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede guramak barada birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oprunbasary S.Toýlyýew döwlet durmuş syýasatyny we ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmegiň milli maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Türkmenistanyň milli arhiw gaznasynyň meseleleri hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu iş ýurdumyzda arhiw işini has-da kämilleşdirmek, raýatlaryň, jemgyýetiň we döwletiň durmuş, medeni, ylmy we beýleki isleglerini mundan beýläk-de kanagatlandyrmak, arhiw resminamalarynyň saklanylyşyny, hasaba alnyşyny we peýdalanylyşyny üpjün etmek maksady bilen geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, arhiw işiniň innowasion taýdan ösüşine, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ulanyjylaryň arhiw maglumatlaryna elýeterliliginiň giňeldilmeginiň hem-de döwlet hyzmatlaryny hödürlemegiň hil taýdan täze görnüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň toplumynyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Milli liderimiz arhiw işgärlerini okatmak, şeýle hem olar üçin okuw maslahatlaryny guramak boýunça, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, pudaklaýyn edaralarda, kärhanalarda we guramalarda arhiw iş önümçiliginiň meselelerini yzygiderli öwrenmek boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen karara gol çekip, Türkmenistanyň milli arhiw gaznasy hakyndaky Düzgünnamany, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlet ulgamyna degişli resminamalary hemişelik saklaýan pudaklaýyn döwlet gaznalarynyň we beýleki döwlet saklawhanalarynyň sanawyny, Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlet ulgamyna degişli resminamalary uzak wagtlap saklamagy üpjün edýän ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, guramalaryň sanawyny tassyklady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa şu ýylyň 7-9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Medeniýet günlerini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bu çäräniň iki dostlukly ýurduň medeni-gumanitar ulgamynda üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendigini belläp, wise-premýer Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek üçin BAE-e ýurdumyzyň düzüminde medeniýet we sungat işgärleri, belli şahyrlar we ýazyjylar, döredijilik toparlary bolan wekiliýetiň ugradylýandygyny habar berdi. Abu-Dabide birnäçe çäreler, şol sanda BAE-niň Medeniýet we ýaşlar, jemgyýetiň ösüşi ministrliginde duşuşyk, Abu-Dabi şäheriniň Milli teatrynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň döredijilik işgärleriniň arap kärdeşleri bilen duşuşygy, ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, Aşgabadyň Modalar öýüniň milli lybaslarynyň görkezilişi, medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti meýilleşdirilendir. Medeniýet günleriniň medeni maksatnamasynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary muzeýe baryp görerler, BAE-niň paýtagtynyň hem-de Dubaý şäheriniň gözel ýerleri bilen tanşarlar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeni babatda guralýan hemme halkara çäreleriniň dünýäniň halklary bilen dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny, netijeli hyzmatdaşlygy saklamaga gönükdirilen Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik daşary syýasatynyň ýörelgeleri esasynda geçirilýändigini nygtady.
BAE-de Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň taryhy, medeni we ruhy birligi bilen taryhdan baglanyşygy bolan, ynam we özara bähbit ýörelgelerinde hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz ösdürýän iki ýurduň gatnaşyklaryny netijeli ösdürmäge mundan beýläk-de ýardam etjekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-da göz öňünde tutulan hemme çäreleriň taýýarlygynyň we geçirilmeginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra gözegçilik edýän ulag toplumy we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow çykyş etdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça nebiti we nebit önümlerini daşamaga niýetlenen nebit tankerlerini, ýük awtoulaglaryny daşamaga we ýolagçylary gatnatmaga niýetlenen parom gämilerini, tirkeg gämilerini satyn almak göz öňünde tutulýar. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenilen iri möçberli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ulag we aragatnaşyk pudagynyň barha artýan ornuny nygtap, hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn edaralaryň tehnologik taýdan baýlaşdyrylmagyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen täze gämileriň satyn alynmagynyň hasabyna Türkmenistanyň deňiz flotunyň depginli ösdürilmeginiň möhümdigini aýratyn belledi. Munuň özi ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň nebit we nebit önümlerini halkara ugurlarynda daşalmagynda mümkinçiliklerini görnetin giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda döwletimiziň Türkmenbaşydaky deňiz portunyň halkara suw ulaglary ugrunyň möhüm merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýandygyny hem-de bu kärhananyň has-da döwrebaplaşdyrylmagy we tehnologik taýdan baýlaşdyrylmagy boýunça anyk çäreleri görýändigini, ýurdumyzyň deňiz ulagynyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmagyň meselelerine ägirt uly üns berýändigini nygtady.
Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň serhetýaka ilatyna ynsanperwerlik kömegini bermek bilen baglanyşykly Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ynasanperwerlik kömegi hökmünde degişli harytlary we önümleri, şol sanda sport egin-eşiklerini, oba hojalyk önümlerini, mekdep partalaryny hem-de süýji-köke önümlerini Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bererler.
Milli Liderimiz bu çözgüdiň Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarlydygy, parahatçylykly durmuşy gurýan hem-de geljekki durnukly ösüşiň esaslaryny ýola goýýan doganlyk owgan halky bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek islegi bilen şertlendirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýişi ýaly, Türkmenistan goňşy ýurduň halkyna yzygiderli goldaw bermek bilen, Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklaýar.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisi tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.