Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen ABŞ-niň Halkara ösüş baradaky agentliginiň “IREX” halkara barlaglar we alyş-çalyşlar boýunça Geňeşi tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryna goldaw bermek” taslamasynyň çäklerinde guralan iki günlük maslahat öz işine başlady.
Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde halkara bilermen hökmünde “IREX”-iň okatmagyň elektron we garyşyk görnüşi ulgamynyň geňeşçisi professor Harald Herrig çykyş etdi. Maslahata ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň birnäçe ylmy-barlag institutlarynyň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň öňdebaryjy hünärmenleri we wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň elektron görnüşini peýdalanmak boýunça toplan tejribeleri barada pikir alyşdylar. Olar okatmagyň täze usullarynyň hem-de innowasion tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamynda okatmagyň halkara ülňülerini ornaşdyrmak we ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler.
Ýurdumyzda bilim ojaklaryny hemmetaraplaýyn okatmagyň täze multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak, okuw döwründe olary işjeň peýdalanmak, bilim ulgamy boýunça halkara ülňülerini giňden ýaýratmak babatda alnyp barylýan işlere ýokary baha bermek bilen, “IREX” Geňeşiniň Türkmenistandaky direktory we Türkmenistanda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryna goldaw bermek taslamasynyň ýolbaşçysy jenap Brendan Bell bu maslahatyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriniň çäklerinde örän derwaýysdygyny belledi.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar dünýä tejribeleri, elektron görnüşde okatmagyň häzirki zaman usullary, bilim ülňüleri hem-de okatmagyň elektron ulgamyna, hususan-da, Moodle görnüşindäki okuw usulyny elektron dolandyryş ulgamy bilen dürli aragatnaşyk tehnologýialaryny ornaşdyrmak boýunça gazanylan tejribeler bilen tanyşdyryldy.