Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň Daşary syýasy maslahat beriş geňeşiniň jenap Lýu Guçanyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda özara gyzyklanma bildirilmegini, dostlukly iki ýurduň uly mümkinçiliklerini we durmuş-ykdysady taýdan ösüşde ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutmak arkaly üstünlikli ösdürilýän netijeli türkmen-hytaý gepleşiginiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Hytaýyň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özara peýdaly esasda guralýan strategiki türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna degişli meselelere içgin üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalar arkaly döwletara gepleşiginiň täze derejede ösdürilýändigini hem-de Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň nobatdaky täze şahasynyň gurluşygynyň taslamasyny berjaý etmek boýunça amala aşyrylýan işiň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň möhüm ugurlaryň ählisi boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygyň çaltlandyrylmagyny ugur edinýändigini belläp, türkmen we hytaý halklarynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ýagdaýda ösdürmekde, ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň hatyrasyna gatnaşyklary işjeňleşdirmekde Daşary ilşer ministrlikleriniň geňeşmeleriniň wajyp ähmiýetlidigini bellediler.
HHR-iň wekiliýetiniň iki günlük saparynyň barşynda birnäçe duşuşyklary, şol sanda Türkmen döwlet habarlar gullugynda hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar, şonda myhmanlar bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary üçin okuw maslahatyny geçirmegi maksat edinýärler.
Hytaýly myhmanlar Aşgabatda bolan mahalynda paýtagtymyzyň gözel künjekleri bilen hem tanşyp bilerler.