Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi saparyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi saparyna

view-icon 738
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlanýar. Ol döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüler. Mälim boly ýaly, taryhy taýdan ýola goýlan iki goňşy halklaryň medeni we ruhy umumylygy, iki ýurduň doly möçberli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna bolan ygrarlylygy dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ygtybarly esasyny düzýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar täze mazmuna eýe bolup, ägirt uly mümkinçilikleri bolan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmegi we diwersifikasiýa edilmegi üçin pugta binýady emele getirýär. Iki döwletiň milli Liderleriniň-- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň arasynda ýola goýlan ynanyşmak gatnaşyklary bu oňyn işde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle gatnaşyklar köptaraply, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmegiň özeni bolup hyzmat edýär.

Soňky ýyllarda ýokary we hökümet derejesinde guralýan yzygiderli saparlaryň barşynda taraplar kuwwatly serişde binýady we ösen düzümleri bolan goňşy döwletleriň bar bolan mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmagyň derwaýysdygyny tassyklaýarlar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşi we bar bolan şertlnamalaýyn-hukuk binýat iki goňşy ýurtlaryň arasyndaky syýasy, ykdysady we gumanitar gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýär.

Iki döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklary mahalynda gazanylan ylalaşyklar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlar boýunça yzygiderli ösdürilmegini üpjün edýär. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň okgunly ösüşi, şeýle hem iki ýurduň bolşy ýaly, tutuş sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işiniň netijeliligi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Biziň ýurtlarymyzyň abraýly halkara düzümleriniň, öňi bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýýan hyzmatdaşlygy köpugurly işjeň we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna bu sapary taraplaryň uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmmalaryň aýdyň subutnamasydyr. Garaşylyşy ýaly, ýokary derejede geçiriljek nobatdaky duşuşygyň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny, şol sanda sebitleýin we halkara görnüşdäki gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Daşkentde geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplaryň gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalar toplumy bozulmaz dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyny we ösdürilmegini şertlendirer. Döwletara hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirmek bilen, bu resminamalar iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak arkaly netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin oňaýly şertleriň üpjün edilmegine ýardam berer.

Gumanitar gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berler. Munuň özi iki goňşy halklaryň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat eder. Garaşsyzlyk ýyllary içinde netijeli hyzmatdaşlyk arkaly ylym-bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyk etmek boýunça ägirt uly tejribe toplanyldy.

Iki ýurduň milli Liderleriniň arasynda ýola goýlan birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň ýokary derejesi, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy, halkara ugry boýunça has möhüm meseleler babatdaky dünýägaraýyşlaryň umumylygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklaýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna bu gezekki saparynyň däp bolan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi gürrüňsizdir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň deputatlarynyň öňünde eden çykyşlarynyň birinde ýurdumyzyň häzirik zaman umumydünýä çärelerine gatnaşygynyň täze ugruny tassyklamak bilen, goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berdi. Bellenilişi ýaly, Özbegistan şeýle ýurtlaryň hatarynda bolmak bilen, ol pikirdeş goňşy bolup durýar we soňky ýyllarda dünýäde emele gelen ýagdaýa düşünmek esasynda ählumumy gyzyklanmalaryň bähbidine ýola goýulýan gatnaşyklara bolan işjeň çemeleşmeleri äşgär edýär.

Häzirki zaman Özbegistany barada aýdanyňda bolsa, bu ýurduň sazlaşykly ykdysady ösüşi, ägirt uly önümçilik kuwwaty we owadan döwrebap şäherleri, ajaýyp taryhy binagärlik ýadygärlikleri bilen belli bolan ýurtdugyny bellemeli.

Özbegistan Respublikasy garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, ähli pudaklarda toplumlaýyn we giň möçberli, özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini, durmuş ulgamyny nazarlaýan bazar ykdysadyýeti bolan döwletiň kemala gelmegini ugur edinýär. Özgertmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň “özbek nusgasy” Prezident Yslam Karimowyň kesgitlän yzygiderli, tapgyrlaýyn özgertmeleriň bäş ýörelgesine we strategiýasyna daýanýar.

Geçiş döwrüniň syýasatynyň daýanýan ýörelgeleri ykdysadyýetiň aýdyňlaşdyrylmagyndan, döwletiň baş özgerdiji hökmündäki ornunyň saklanmagyndan, ähli ulgamlarda kanunyň rüstemliginden, kuwwatly durmuş syýasatynyň alnyp barylmagyndan, bazar ykdysadyýetine geçilende ösüş ýolunyň üpjün edilmeginden ybaratdyr. Özbegistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli ykdysady özgertmeleriň baş maksady kuwwatly, bädeşlige ukyply milli ykdysadyeti döretmek we munuň hasabyna ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderdi ýokarlandyrmak bolup durýar.

“Özbek nusgasynyň” durmuşa geçirilmegi dostlukly ýurda ýokary netijeleri gazanmaga, ykdysadyýetiň batly depginlerde ösdürilmegine, durnukly makroykdysady ösüşiň gazanylmagyna mümkinçilik berdi. Resmi maglumatlara görä, garaşsyzlyk ýyllary içinde Özbegistanyň ykdysadyýeti 3,4 essä golaý, ortaça aýlyk haky 14 esse, ilatyň umumy girdejileri 9 essä golaý ýokarlandy. Durmuş ulgamyna gönükdirilýän döwlet çykdajylarynyň möçberleri 5 esse artdy. Her ýylda býujetiň 60 göterime golaýy saglygy goraýyş, bilim, jemagat hojalygy ulgamlaryna, ilatyň durmuş goraglylygyna we beýleki pudaklara gönükdirilýär. Soňky bäş ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň mukdary ortaça 8,2 göterim derejesini üpjün edýär.

Şeýle hem senagaty pugtalandyrmak maksady bilen, ýangyç-energetika, reňkli we gymmat bahaly metallary gazyp almak hem-de işläp taýýarlamak ýaly strategik ugurlar boýunça düzümleýin özgerişler amala aşyryldy. Çig maly gýatadan işlemek we täze önümçilikleri döretmek has-da artdy. Taýyn önümleriň ýerli önümçiligine, ilkinji nobatda bolsa, maşyn gurluşyk we metal işläp bejermek pudaklarynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine düzümleýin özgertmelerde esasy orun degişlidir. Onuň netijesinde soňky ýyllarda ykdysadyýetde senagatyň ornunyň barha ýokarlanýandygy duýulýar. Elektrotehnika we awtoulag senagaty has-da yzygiderli ösüşe eýe boldy.

Nah ýüplükleriň, nah matalaryň, trikotaž matalarynyň, dokma we tikinçilik önümleriniň önümçiligini esasy ugur edinýän dokma pudagynyň ösüşi Özbegistanyň eksport syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Pudagyň durnukly çig mal binýady bar. Çünki, bu ýurtda her ýylda pagta süýüminiň 1 million tonna golaýy öndürilýär.

Eksportuň we göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň yzygiderli ösüşi ykdysadyýetiň ösmegi üçin oňyn binýady emele getirdi. Düzümleýin özgertmelerde özbek ykdysadýetini döwrebaplaşdyrmakda, ilkinji nobatda bolsa, önümçilik düzümini kemala getirmekde strategik ähmiýeti bolan taslamalary durmuşa geçirmek üçin Özbegistanyň 2006-njy ýylda döredilen Ösüş we abatlaýyş gaznasyna möhüm orun degişlidir. Bu gaznanyň esasy wezipesi döwlet maýa goýum maksatnamasyna girizilen taslamalary maliýeleşdirmekden we ony maliýeleşdirmäge awtordaş bolmakdan ybaratdyr.

Esasy maýa goýumlaryny özleşdirmegiň möçberleri islendik döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Özbegistan barada aýdylanda bolsa, şu ýylyň 9 aýynda bu görkezijiniň deňeşdirmek bahalarda 12,5 göterim ýokarlanyndygyny bellemeli. Maýa goýumlaryň umumu mukdaryndan 63 göterimi önümçilik maksatlaryna gönükdirilendir.

Şeýle hem ýurtda maýa goýum ýagdaýyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çäreler daşary ýurt maýalarynyň we karz serişdeleriniň özleşdirilýän möçberleriniň artmagyny şertlendirdi.

Özbegistanyň ösüş strategiýasynda sebitleriň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ýurtda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özertmeler we ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagy ilkinji nobatda sebitleriň derejesindäki düzümleýin meseleleriň üstünlikli çözülmegine we olaryň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine bagly bolup durýar. Şu jähetden, bu meseleleriň çözülmegi ugrunda toplumlaýyn çemeleşmeleriň ulanylýandygyny bellemeli. Şu ugur boýunça durmuşa geçirilýän syýasat sebitleýin we milli möçberlerde ykdysady ösüşiň esasy bolup durýan iri ösüş ulgamlarynyň kemala getirilmegini özünde jemleýär.

Sebitleri ösdürmegiň baş meýilnamalary işlenip taýýarlanylanda her welaýatyň, her şäheriň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulýandygyny we olaryň edara ediş-hojalyk, medeni we senagat jähetindäki ösüşi üçin ähli çäreleriň hasaba alynýandygyny bellemek derwaýysdyr. Bu ugurda iş ýerlerini döretmek we ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýola goýmak, oba ýerlerinde degişli taslamalar býounça ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, şeýle hem ilatyň ýokary hilli agyz suwa bolan islegini gowulandyrmak boýunça ýörite çäreleri durmuşa geçirmek babatda döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýratyn ähmitýetiniň bardygyny bellemeli.

Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi hususy ulgamyň ösdürilmegini nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň tutuş dowamynda kiçi telekeçiligiň we hususyýetçiligiň ösdürilmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde kiçi telekeçiligiň we hususy kärhanalaryň wekilleri söwda, hyzmatlar we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ulgamlarynda netijeli zähmet çekýärler. Senagatda, ylmy önümçilikde, ýokary tehnologiýaly önümler öndürmekde, şol sanda innowasion, nano we biotehnologiýalary ulanmakda olaryň orny barha ýokarlanyar.

Kiçi telekeçiligiň we hususyýetçiligiň daşary-ykdysady iş ulgamyna gatnaşmak, önümlerini daşarky bazarlara ugratmak bilen baglanyşykly meseleleri boýunça degişlilikdäki mümkinçilikler ýokarlanýar. Şu ýylyň 9 aýynda gazanylan durmuş-ykdysady ösüşiň jemleri boýunça kiçi telekeçiligiň we hususyýetçiligiň ýurduň jemi içerki önümindäki paýy 51,2 göterim, eksportdaky paýy bolsa 19,1 göterim artdy.

Bu gürrüňi dowam etmek bilen, ýene-de bir aýratynlyk barada aýtmaly. Özbegistanda “Maşgala telekeçiligi hakynda” Kanun hereket edýär. Ol Prezident Yslam Karimowyň başlangyjy boýunça kabul edildi we onda maşgala telekeçiligini alyp barmagyň täze guramaçylyk-hukuk görnüşi kesgitlendi. Bu kanunçylyk nama telekeçilik işiniň döwlet tarapyndan höweslendirilmegini berkitdi we maşgala kärhanasynyň agzalarynyň hukuklaryny we borçlaryny we olaryň zämet gatnaşyklaryny kesgitledi. Çünki telekeçiligiň şeýle görnüşi milli däplere we hojalygy ýöretmegiň anyk talaplaryna laýyk gelýär.

Tutuşlygyna alnanda bolsa, ykdysadyýetde kiçi telekeçiligiň we hususyýetçiligiň paýynyň artmagy içerki dazaryň bäsdeşlige ukyply we ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilmeginiň, häzirki zaman talaplaryny nazara almak bilen, hyzmatlaryň görnüşiniň artmagynyň, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleriň eksportuň düzümindäki möçberiniň ýokarlanmagynyň baş şertini emele getirdi. Şeýle hem bu ulgamda durmuşa geçirilýän möhüm çäreler täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilkinji nobatda, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine, şeýlelikde bolsa, ilatyň girdejileriniň artmagyna we abadançylygynyň ýokarlanmagyna giň ýol açdy.

Dostlukly ýurduň ykdysady ösüşi barada aýdanyňda, ýurduň we daşary ýurtlaryň maýadarlaryny giňden çekmegiň binýadynda maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagy durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginiň esasy şertiniň biridigini bellemeli. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň netijeli görnüşleriniň biridir. Mälim bolşy ýaly, erkin ykdysady zolagyň özboluşlylygy ýurduň eksport mümkinçilikleriniň ösüşiniň çaltandyrylmagyna we onuň ugurlarynyň giňeldilmegine, şeýle hem býujete walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň möçberleriniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem ol kämil tehnologiýalaryň we häzirki zaman dolandyryş nou-haularynyň giňden ornaşdyrylmagyny, daşary ýurt maýalarynyň çekilmeginiň mukdarynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Häzirki döwürde Özbegistanyň ähli sebitlerinde önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy, tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrylmagy, maýa goýum ýagdaýlarynyň işjeňleşdirilmegi, eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezilýär. Şu nukdaýnazardan 2008-nji ýylda Nowaýy şäherinde ilkinji özbek erkin senagat-ykdysady zolak döredildi.

“Nowaýy” erkin senagat-ykdysady zolagy döretmek boýunça toplanan teäribe esasynda we sebitleriň tebigy-ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Özbegistanyň Resupblikasynyň Prezidentiniň Permany bilen 2012-nji ýylda “Angren” Ýörite senagat zolagy döredildi.

Özbegistanda şeýle zolaklaryň döredilmegi sebitleriň ykdysady mümkinçilikleriniň we bäsdeşlige ukyplylygynyň, tutuş milli ykdysadyýetiň ýokarlanmagynyň möhüm guraly hökmünde görülýär. Mundan başga-da, zolaklar sebitleriň senagat we maýa goýum kuwwatlyklaryny jikme-jik seljermegiň, olaryň daşarky bazara çykmak üçin oňaýly ýerleşmeginiň esasynda döredildi.

Erkin ykdysady zolaklaryň üstünlikli hereketini üpjün etmekde ýurduň Hökümeti tarapyndan öňe sürülýän birnäçe ýeňillikler we artykmaçlyklar möhüm orny eýeleýär. Munuň özi şu çäklerde maýadarlaryň öz önümçiliklerini döretmekde ägirt uly bähbidiniň bardygyny alamatlandyrýan ýagdaýdyr. Onuň ýene-de bir aýratynlygy bar. Ýurduň Hökümeti artykmaçlyklaryň toplumyny işläp taýýarlanda, erkin ykdysady zolagyň her birine aýratyn çemeleşmeleri peýdalandy. Şunda her sebitiň birnäçe durmuş-ykdysady şertlerinden ugar alyndy.

Syýahatçylyk ulgamy Özbegistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň sebitleriniň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagynyň ýokarlanmagyna we onuň ösüşine, ýurduň we daşary ýurtlaryň syýahatçylarynyň sebitiň medeni-taryhy mirasy bilen giňden tanyşmagyna, dynç alyş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen degişli maksatnamalaryň hökümet derejesinde kabul edilýändigini we olaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemeli.

Şeýlelikde, Özbegistan hem edil Türkmenistan ýaly ägirt uly ykdysady kuwwata eýedir we durnukly ösüşi amala aşyrýar. Bu bolsa iki dostlukly goňşy ýurtlaryň we doganlyk halklaryň bähbidine laýyk gelýän köpugurly, özara peýdaly türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleri emele getirýär.