Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

view-icon 722
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary bir ýarym sagatdan Özbegistanyň paýtagtynyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Daşkent-1” halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimizi Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Şawkat Merziýoýew, ýurduň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Mili Liderimize gül desseleri gowşuryldy.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana nobatdaky sapary gadymy dost-doganlyk däplerine, taryhy taýdan iki halky baglanyşdyrýan medeni we ruhy dessurlara, şeýle hem iki döwletiň doly möçberli hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygyna daýanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmeginde we ösdürilmeginde täze netijeli ädime öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweniniň geçýän ugrunda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary pasyrdaýar. Iki döwletiň we halklaryň arasyndaky bozulmaz dostlugy, doganlygy äşgär edýän köp sanly bannerler we ýazgylar Daşkendiň türkmen Liderini uly şatlyk bilen garşylaýandygyny alamatlandyrýar.

Günüň birinji ýarymynda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimow tüýs ýürekden we mähirli garşylady.

Iki goňşy ýurtlaryň Liderleri dostlarça salamlaşyp, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp boýunça surata düşdüler. Prezident Yslam Karimow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy kabulhananyň öňündäki meýdança çagyrýar. Iki ýurduň milli Liderleri ýörite gurnalan ýere geçýärler. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawuly batalonynyň serkerdesi döwlet Baştutanlaryna dabaraly ýagdaýda raport berýär. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri hatara duran esgerleriň öňünden geçýärler. Prezident Yslam Karimow belent mertebeli türkmen myhmanyny Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşiniTürkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Özbegistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary bilen tanyşýar.

Duşuşygyň resmi dabarasy tamamlanandan soň. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri kabulhananyň Ojakly zalyna bardylar we ol ýerde ikiçäk görnüşdäki gepleşikler geçirildi.

Prezident Yslam Karimow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özbek topragynda görýändigie şatdygyny ýene bir ýola belläp, Türkmenistanyň Baştutanynyň bu saparyna Özbegistanda iki doganlyk ýurduň we halklaryň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädim hökmünde baha berilýändigini nygtady. Türkmen Liderini Daşkentde kabul edýändigine örän şatdygyny bellemek bilen, Özbegistan Respublikasynyň Baştutany bu günki gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynam bildirdi.

Mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin, özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Özbegistan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyk etdi. Özara gatnaşyklaryň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerine bolşy ýaly, türkmen we özbek halklarynyň taryhy taýdan emele gelen köp asyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklaryna daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz netijeli döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen üstüniň ýetrilip, mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Birek-birege düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen baglynyşykly meseleleriň giň ugruny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň jähedinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, iki ýurduň ykdysady ösüşiniň oňyn mümkinçilikleri we geljekki meýilnamalar boýunça pikr alşyldy. Şunuň bilen baglylykda söhbetdeşler netijeli döwletara syýasy gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we däp bolan medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi barada aýtdylar.

Duşuşugyň barşynda taraplar özara gyzyklana bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen döwletiniň Baştutany Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapara gelip görmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnedarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar. Soňra gepleşikler Kongresler zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Islam Karimow belent mertebeli türkmen myhmanyny we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalaryny özbek topragynda tüýs ýürekden mähirli mübärekläp, Özbegistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu resmi saparyna özbek-türkmen gatnaşyklarynyň taryhyndaky wajyp ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny belledi.

Özbegistanyň Lideri döwletara gepleşiginiň netijeli häsiýetlidigini kanagatlanma bilen nygtap, şu gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça pikir alyşmak üçin oňaýly mümkinçilik döredýändigini belledi.

Prezident Islam Karimow geçirilen ikiçäk gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, ýokary derejedäki şu duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy boýunça özara düşünişmek arkaly netijeli ýagdaýda jikme-jik pikir alşylandygyny hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň kesgitlenendigini aýtdy. Şonda Özbegistanyň lideri şu günki gepleşikleriň goňşy döwletleriň dürli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ýagdaýda ösdürilmegi babatda gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek äşgär edendigini belledi.

Prezident Islam Karimow Özbegistan Respublikasynyň garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy ugruny we netijeli halkara başlangyçlaryny oňlaýandygyny aýdyp, özbek tarapynyň abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň we beýlekileriň çäklerinde Türkmenistan bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Şunda iki ýurduň garalan meseleleriň ählisi boýunça çemeleşmeleriniň meňzeşdigi bellenildi.

Özbegistanyň baştutany söwda-ykdysady ugur boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygy barada durup geçip, şu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depginlerini artdyrmagyň möhümdigini hem-de munuň bar bolan mümkinçiliklere we özara bähbitlere laýyk gelýändigini aýtdy. Prezident Islam Karimow Türkmenistanyň we Özbegistanyň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini we olaryň üstaşyr geçirmek babatdaky mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, ulag-kommunikasiýa ulgamyny hem hyzmatdaşlygyň uly umyt baglanýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Özbegistanyň Lideri döwletara gepleşiginiň möhüm ugry hökmünde medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk barada durup geçip, şu ugurdaky netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň wajyp ähmiýetlidigini hem-de munuň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky gadymy dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam berjekdigini belledi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Islam Karimow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmek we berkitmek işine uly şahsy goşandyny goşýandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny aýtdy.

Özbegistanyň lideri şu saparyň we onuň netijeleriniň Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däbe jwrülen dostlukly we netijeli gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegine täzeden badalga berjekdigine ynam bildirip, tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan özbek kärdeşine mähirli kabul edilendigi we netijeli bilelikdäki iş üçin oňyn şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Türkmenistan üçin uzak geljegi nazarlaýan ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz türkmen-özbek gatnaşyklarynyň sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmeginde möhüm ýagdaý bolup durýandygyny, tutuşlygyna alnanda bolsa Aziýada howpsuzlygyň durnukly ösüşiniň wajyp bölegidigini belledi. Hut şonuň üçinem iki ýurduň halkara we sebitleýin syýasatynyň esasy derwaýys meselelere boýunça, iri halkara guramalarynyň, öňi bilen bolsa BMG-niň çäklerindäki bilelikdäki işlerine bolan çemeleşmeleriniň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi örän ähmiýetlidir diýip belledi.

Türkmenistan we Özbegistan oňyn daşary syýasaty ýöredýärler, daşary syýasat ugurlary we maksatlary we olary durmuşa geçirmegiň gurallary seçilip alnanda birek-biregiň özygtyýarly hukuklaryna hormat goýýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunlukda, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşçylyk, döwlet özygtyýarlylygyna hormat goýmak, içerki işlere gatyşmazlyk, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna we BMG-nyň Tertipnamasyna ygrarlylyk iki ýurduň umumy garaýyşlarynyň we ýörelgeleriniň esasyny düzýär. Şu jähetden milli Liderimiz sebitlýin parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginde Birleşen Milletler Guramasyna, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezine möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Biziň döwletlerimiz halkara bileleşiginiň sebitde ekstremistik ýörelgeleriň ýaýradylmagy, neşeleriň bikanun dolanyşygy bilen meşgullanýan jenaýatçy toparlaryň işiniň we beýleki hukuk işine ters gelýän jenaýatçylygyň ýaýradylmagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly umumy meseleleriniň çözgüdine goşulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan hem edil Özbegistan ýaly bu ýowuz ýagdaýa garşy durmaga we sebitiň beýleki ýurtlary, halkara guramalary bilen bilelikde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde bilelikde hereket etmäge taýýardyr.

Sebitiň okgunly ösüşiniň, onuň rowaçlygynyň, Merkezi Aziaýdan halkara bazarlaryna energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly ugratmak üçin sebitara hyzmatdaşlygyny üpjün etmegiň birnäçe möhüm şertlerini kesgiläp, milli Lidermiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň bäş ýyl mundan ozal Türkmenistanyň BMG-da öňe süren başlangyjyny goldandygy we degişli Rezolýusiýa ilkinji awtordaşlaryň biri bolup goşulandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi energetik howpsuzlygyny üpjün etmek, bu iri we anyk mesele boýunça ýygjam aragatnaşyga taýýarlyk meselelerine taraplaryň garaýyşarynyň gabat gelýändigigini alamatlandyrýan möhüm ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Özbegistanyň goldawyna ýokary baha bermegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň doganlyk häsiýetdedigniň we olaryň berkdiginiň hem-de ygtybarlydygynyň subutnamasydygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar däp boýunça Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berýärler. Olar goňşy ýurtda parahatçylygyň, durnulylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýärler. Bu barada aýtmak bilen, döwdet Baştutanymyz türkmen we özbek halklarynyň Owganystany parahatçylykly we gülläp ösýän ýurt, hoşniýetli goňşy we sebitiň ähli döwletleri bilen hyzmatdaş hökmünde görmek isleýändiklerini nygtady.Türkmenistan owgan mesleleriňniň diňe parahatçylykly, diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözüljekdigine pugta ynanýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, iki doganlyk halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine bolan düşünje şol hyzmatdaşlygyň tapawutly aýtratynlylygydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwelatara türkmen-özbek gatnaşyklarynyň köpasyrlyk goňşuçylyk däplerine, taryhy, dil, medeni, ahlak we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygyna, häzirki zamanyň ýygjam aragatnaşyk etmäge we sebitleýin hem-de ählumumy ösüşiň meýillerine döwrebap goşulamak üçin tagallalaryň birikdirilmegine daýandygyny belledi.

Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn hukuk binýady döredildi, ähli ýüze çykýan wezipeleri işjeň häsiýetde dessine çözmäge mümkinçilik berýän yzygiderli maslahatlar we gatnaşyklar geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we munuň özi goňşulara, hyzmatdaşlara mahsus ýörelgedir. Şunlukda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça taraplar umumy çözgüde gelýärler. Türkmenistan Özbegistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip belledi. Biz türkmen-özbek gatnaşyklarynyň üýtgewsiz doganlyk häsiýete eýedigini alamatlandyrýan esaslandyrylan ikitaraplaýyn meýilleri goldamak ýörelgesine, gatnaşyklaryň iki ýurduň halkynyň abadançylygynyň mundan beýläk-de berkidilmegine we ösdürilmegine ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň möçberlerini giňeltmek barada aýtda we munuň üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Türkmenistan we Özbegistan ägirt uly senagat we serişde binýadyna eýe bolan goňşy we hyzmatdaş ýurtlardyr. Munuň özi söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere işjeň çemeleşmegiň zerurdygyny şertlendirýär. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygyň täze ýörelgesiniň we nusgasynyň gerekdigini, diňe bir däp bolan pudaklaryň däl, eýsem döwrebap öňdebaryjy usullara we tehnologiýalara daýanýan mümkinçilikleriň herekete girizilmeginiň zerurdygyny belledi.

Önümçilik ulgamynda, obasenagat toplumynda, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda giň möçberli bilelikdäki taslamalaryň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we bu işe iki ýurduň telekeçiler düzümleriniň, ykdysady barlag institutlarynyň goşulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Türkmenistan we Özbegistan geografiki taýda örän oňaýly ýerlere eýedir hem-de Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugur boýunça üstaşyr tebigy geçelge bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň oktaýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň barşynda taraplar täze Orta Aziýa – Ýakyn Gündogar üstaşyr ulag geçelgesiniň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar we bu başlangyjy öňe sürdirer. 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi, Özbegistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça ol Aşgabat Ylalaşygy diýlip atlandyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda bu resminamany iş ýüzünde amala aşyrmagyň kesgitlenen halkara-hukuk düzgünleri bilen baglanyşyklydygyna düşünip, biz bu işiň çalt tamamlanmagyna degişli meseleleri çözmekde içgin goldaw bermäge taýýar diýip aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany ekologiýa ulgamyny, ilkinji nobatda bolsa Araly halas etmek meselesini hem döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu meseläniň çözülmegine degişli çemeleşmeleriň örän oýlanyşykly we jogapkärli bolmalydygyny aýdyp, Özbegistanyň häzirki wagtda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynda başlyklyk edýän ýurt hökmünde sebitdäki ähli döwletleriň Aral bilen bagly meseleleriň çözülmegi ugrundaky tagallalaryny jemlemek boýunça uly işleri geçirýändigini belledi. Öz gezeginde Türkmenistan iş ýüzündäki hereketleri arkaly, Araly halas etmek boýunça halkara maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmak bilen bagly netijeli teklipleri we başlangyçlary elmydama goldar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa sebitinde suw-energetika bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyny ikitaraplaýyn gepleşiklerde aýratyn ugur hökmünde görkezip, şunda Türkmenistanyň eýerýän ugrunyň möhüm ýörelgeleriň üçüsine esaslanýandygyny belledi. Türkmen Lideri şol ýörelgeleri beýan edip, şu ugra degişli meseleleriň ählisine halkara hukugy boýunça ählumumy kadalar esasynda hem-de sebitdäki ähli döwletleriň bähbidini göz öňünde tutmak arkaly, abraýly halkara düzümleriniň gatnaşmagynda garalmalydygyny aýtdy. Türkmenistanyň Baştutany gürrüňi dowam edip, özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamagyň sebitdäki ýurtlar tarapyndan özara hormat goýmak esasynda ylalaşykly amala aşyrylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-gumanitar gatnaşyklaryň türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, taraplaryň geljekdede medeni we ylmy gatnaşyklara yzygiderli esasda işjeň ýardam bermegi maksat edinýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly örän oňyn tejribäniň toplanandygyny aýtdy. Iki ýurduň sungat ussatlarynyň konsertlerini geçirmek, Türkmenistanda we Özbegistanda guralýan özara halkara döredijilik festiwallaryna gatnaşmak oňat däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol däbi ösdürmek maksady bilen, 2014-nji ýylda Türkmenabat şäherinde türkmen-özbek medeni-gumanitar forumy geçirmegi teklip etdi.

Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany özbek topragyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hoşniýetli goňşularyň we dostlaryň duşuşyklary bolup durýandygyny hem-de bu duşuşyklaryň elmydama hoşmeýillilige, ynama we açyklyga esaslanýan ýagdaýda geçýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýerde, Daşkentde biz özbek halkynyň biziň ýurdumyza, Türkmenistanyň halkyna mähirli we tüýs ýürekden hormat goýmak bilen garaýandygyny ýene-de bir gezek gördük diýip aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti tutuş özbek halkyna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygyna we hut Prezident Islam Karimowa iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşýandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Metbugat maslahatlarynyň geçirilýän zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Şonda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistan Respublikasynyň “Özbekturizm” Milli kompaniýasynyň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen Özbek Respublikan Söwda-çig mal biržasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmen döwlet habarlar gullugy bilen Özbegistanyň Milli habarlar gullugynyň arasynda hyzmatdaşlyk we maglumat alyşmak hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Baş prokuraturasynyň ýanyndaky Salgyt, walýuta jenaýatçylyklara we jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşmek baradaky Departamentiniň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, “Uzkimýosanoat” döwlet paýdarlar kompaniýasynyň we “Markazsanoateksport” daşary söwda paýdarlar döwlet kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak babatda hyzmataşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2014-2016-njy ýyllarda medeni-gumanitar ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Repsminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanan soň iki döwletiň baştutanlary metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Gepleşikleriň jemini jemlemek bilen, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bu gezekki duşuşygyň açyklyk we ynanyşmak esasynda ýokary derejede guralýan netijeli gepleşikleriň kanuna laýyk dowamyna öwrülendigini belledi.

Soňra özbek lideriniň belleýşi ýaly, şu gun özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ähli meseleleri, öňi bilen bolsa geçen döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ileri tutulýan ugurlary boýunça işjeň pikir alyşmalar boldy. Şunlukda şu günki geçirilen gepleşikleriň Türkmenistanyň we Özbegistanyň häzirki zaman ýagdaýyny we uzak geljegi nazara almak bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we giňeltmäge bolan meýilleri tassyk edendigini nygtady.

Gepleşikleriň barşynda taraplar degişli düzümleriň we gulluklaryň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň özdürilmegine aýratyn ähmiýet berdiler diýip, Özbegistanyň baştutany sözüni dowam etdi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşleriň geçirilmegine, BMG-niň, GDA-nyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde halkara giňişliginde umumy gyzyklanmalaryň esasynda birek-birege goldaw bermek we tagallary utgaşdyrmak ýörelgelirini giňeltmäge üns berildi.

Özbek Lideriniň belleýşi ýaly, Özbegistan Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň gatyşmazlyk deňhukuklylyk ýörelgelerine daýanýan täzeçil we öňden görüji daşary syýasat ugruny, şeýle hem onuň sebitleýin we halkara howpszulygyny, parahatçylygyny we ylalaşygy, şeýle hem sebitde goşulyşmak ýagdaýlarynyň giňeldilmegi, ulag- aragatnaşyk, energetika ugurlarynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly oňyn çemeleşmelerini hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldaýar. Bu meselede Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmaty uludyr.

Özbegistanyeň Respbulikasnyyň Baştutanynyň aýdyşy ýaly, taraplar haryt dolanyşygynyň depginlerini saklamak we ony ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalary etmek barada ylalaşdylar. Daşarky şertleriň amatsyz bolandygyna garamazdan, 2012-nji ýylda iki ýrduň arasyndaky haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 440 million dollaryna barabar boldy. Türkmenistanyň we Özbegistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşendigini nazara almak bilen, ulag – aragatnaşyk ulgamyny we iki ýurduň, tutuşlugyna alnanda bosla sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini ikitaraplaýyn bähbitlilik esasynda netijeli ulanmak bilen baglanyşykly meseleleriň uly ähmiýeti bardyr diýip, Prezident Yslam Karimow sözüni dowam etdi.

Medeni – gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygyň derwaýyslygy barada aýtmak bilen, Özbegistanyň Baştutany taraplaryň hoşniýetli erkine laýyklykda gatnaşyklaryň köp sanly türkmen we özbek halklarynyň kowçum bolup ýaşaýan iki goňşy döwletiň milletara ylalaşygynyň berkidilmegini ýardam berýändigini aýtdy.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezidenti Yslam Karimow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-özbek hyzmatdaşylygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, tutuş sebitde birek-birege dşünişmek we hormat goýmak ýagdaýynyň döredilmegine goşýan şahsy goşandy we berýän ünsi üçin tüýs ýuürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Özüniň çykyşyny tamamlamak bilen, Özbegistanyň Prezidenti türkmen Lideriniň bu gezekki resimi saparynyň we onuň netijeleriniň iki ýrtlaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbitlerine laýyk derejede mundan beýläk-de üstünilkli ösdürilmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdi . Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde çykyş edip, şu gepleşikleriň oňyn we netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de şonuň netijeleri boýunça dürli ugurlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň Türkmenistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegi maksat edinýändigini we muňa taýyndygyny hem-de munuň üçin taraplaryň ikisinde-de anyk mümkinçilikleriň bardygyny tassyklandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, gepleşikleriň barşynda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna degişli meselelere möhüm ähmiýet berlendigini we şunuň bilen baglylykda taraplaryň, hususan-da, halkara terrorçylygyna, ideologik we dini ekstremizme, guramaçylykly transserhet jenaýatçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmak ýaly möhüm ähmiýetli meseleleri çözmekde ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde özara arkalaşykly hereket etmek babatda ylalaşandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berlendigini aýdyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşylygyň we özara arkalaşykly hereketiň şunda möhüm ähmiýetli ýagdaýy bolup durýandygyny belledi. Gepleşikleriň barşynda taraplaryň sebit derejesindäki syýasata degişli möhüm meseleleriň çözülmegi babatdaky çemeleşmeleriniň biri-birine laýyk gelýändigi tassyklanyldy, iri halkara guramalaryndaky işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmegiň meselesini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de häzirki wagtda şu meseläniň parahatçylykly, diplomatik serişdeler arkaly çözülmelidigini bellediler.

Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany gepleşiklerde energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ýagdaýda iberilmegini üpjün etmek baradaky mesele boýunça giňişleýin halkara gepleşiginiň möhümdiginiň tassyklanandygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Prezidentine şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Rezolýusiýanyň kabul edilmeginde goldaw berlendigi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de Özbegistanyň şol resminamanyň bilelikdäki awtory hökmünde çykyş edip, onuň kabul edilmegine möhüm ähmiýetli goşant goşandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli meseleler barada durup geçip, taraplaryň iki döwletde bar bolan uly mümkinçiliklere laýyklykda şu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini biragyzdan belländigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň gatnaşmagynda uly halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky taslamalaryň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutmak arkaly ulag-üstaşyr geçirmek boýunça türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhümdigi tassyklanyldy. Hususan-da, şunda 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda Orta Aziýanyň hem-de Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryň arasynda halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek hakynda gol çekilen Ylalaşyk barada gürrüň gidýär, Türkmenistan we Özbegistan şoňa goşuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýada suw-energetika hem-de Araly halas etmek bilen bagly meselelere ikitaraplaýyn gepleşiklerde möhüm ähmiýet berlendigini aýdyp, şunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň garaýyşlarynyň, umuman, laýyk gelýändigini belledi.

Türkmenistanyň Baştutany geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplaryň medeni-gumanitar ugurlar bounça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belländigini aýdyp, şu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşylandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Türkmenistan üçin möhüm ähmýietli hyzmatdaşy bolup durýandygyny, bu ýurt bilen gatnaşyklaryň strategiki geljegi göz öňünde tutmak arkaly guralýandygyny belläp, döwletara hyzmatdaşlygynyň sazlaşyklydygyny aýtdy. Türkmen Lideri Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara gatnaşyklarynda baý taryhy tejribä, biziň halklarymyzyň arasyndaky doganlyga, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýulmagyna mahsus bolan ýörelgelere hem-de häzirki döwürdäki ýagdaýlara laýyklykda hyzmatdaşlyk etmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyna düşünilmegine esaslanýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky ysnyşykly we köpugurly hyzmatdaşlygyň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigine, sebitdäki we halkara derejesindäki ýagdaýlaryň barşyna möhüm we oňyn täsirini ýetirýändigine düşünmek arkaly şol mümkinçiliklerden dolulygyna peýdalanmagyň maksat edinilýändigini belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany sözüniň ahyrynda Özbegistanyň tutuş halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow Daşkentiň esasy Mustakillik meýdançasyna bardylar, bu ýerde Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasy ýerleşýär. Bu toplum Garaşsyzlygy hem-de Watany alamatlandyrýan Bagtyýar enä bagyşlanan kompozisiýalaryň ikisinden ybarat.

Türkmen döwletiniň Baştutany Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň, özbek halkynyň parahatçylygyň we döredijiligiň ýolundaky asylly maksatlarynyň nyşany bolup durýan bina dabaraly ýagdaýda gül dessesini goýýar.

Gül dessesini goýmak tamalanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen birlikde, Mustakillik (Garaşsyzlyk) meýdançasyny synlady. Özbegistanyň Baştutany türkmen Liderine onuň aňladýan nyşanlary, şol sanda Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasy, Watany alamatlandyrýan Bagtyýar enäniň keşbi barada gürrüň berdi, Bagtyýar enäniň elinde özbaşdak ýaş döwletiň döremegini alamatlandyrýan çaga bar. Mustakillik meýdançasynda faşizme garşy uruş meýdanlaryndan dolanyp gelmediklere bagyşlanan toplum hem bar. Bu ýerde ýanýan Baky ot özbegistanly gahrymanlaryň asla unudylmaýandygyny aňladýar.

Meýdançanyň girelgesinde “Ezgulik” Arkasy (Ýagşy we asylly maksatlaryň arkasy) gurlupdyr. Ony parahat we asuda durmuşyň nyşanlary hasaplanýan leglekleriň şekilleri bezeýär.

Soňra Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasmynyň Baştutanlary pyýada ýöräp, ýakynda ýerleşýän Simpoziumlar Köşgüne bardylar. Daşkendiň merkezindäki bu özboluşly bina milli we döwrebap binagärligiň ýörelgelerini utgaşdyrmak arkaly gurlupdyr. Prezident Islam Karimow belent mertebeli türkmen myhmanyny Köşgi synlamaga çagyrdy. Bu Köşkde uly möçberli, şol sanda halkara derejeli forumlar geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbegistanly kärdeşi bilen bileleikde, Simpoziumlar Köşgüniň mejlisler zalyny, şeýle hem başga-da birnäçe jaýlaryny synlady hem-de bularyň interýerleri we bezelişi bilen tanyşdy.

Soňra Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Özbegistanyň Alyişir Nowaýy adyndaky Milli kitaphanasyna baryp gördüler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň gelmegi ýurduň iri ylym-bilim we medeni-aň-bilim merkezleriniň biri diýlip hasaplanýan bu kitaphana gelenlerde ruhubelentlik döretdi. Iki ýurduň Liderleri okyjylar bilen söhbetdeş boldular, adamlar kitaphana baradaky oý-pikirlerirni beýan edip, haýsy görnüşdäki edebiýat bilen gyzyklanýandyklary barada gürrüň berdiler.

Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Islam Karimowy Milli kitaphananyň direktory mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmanlaryň bu ýere gelmegi onuň üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Ol Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlaryny kitaphananyň işi, şol sanda bu işde ulanylýan döwrebap tehnologiýalar barada jikme-jik gürrüň berdi. Şol tehnologiýalar ulanyjylara adaty usulda, şeýle hem Internet ulgamynyň kömegi bilen, elektron poçta arkaly distansion görnüşde hyzmatlary berjaý etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Alyşir Nowaýy adyndaky Milli kitaphanadan çykyp, bu ýerden ugradylar.

Agşam Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna agşamlyk resmi nahar berdi, şonda iki döwletiň Baştutanlary söz sözledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.