Ï Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 782
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşe Riga şäherindäki “Maksima” söwda merkeziniň üçeginiň ýykylmagy sebäpli bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.