Şu gün “Nebitçi” mymanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň XI mejlisi geçirildi. Duşuşykda bu düzümleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň däp bolan usullaryny ösdürmek we ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny gözlemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Russiýanyň, Ukrainanyň, Belarusuň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Bu duşuşygyň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 2013-nji ýylda GDA agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylar geňeşinde başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň biridigini bellemelidiris.
Bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin şertleri döretmäge, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etmek ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň işiniň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen işleri utgaşdyrmak hem bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. Bu birleşmäniň müňlerçe agzalary diňe bir içerki ykdysady giňişlikde berk orun eýelemek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlaryň bazarlaryny hem üstünlikli özleşdirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmak bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy şu ýylyň dowamynda telekeçiligi höweslendirmäge, Türkmenistanda we tutuş Arkalaşygyň giňişlişinde maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän iri çäreleriň birnäçesini gurady. Şol çäreleriň hatarynda şu ýylyň iýun aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Orta we kiçi telekeçiligi goldamakda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Söwda - senagat edaralarynyň orny we ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat, IV türkmen – russiýa ykdysady forumy (Russiýa Federasiýasynyň Belgorod şäheri) bar.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Dron özüniň çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty jähetinden döwletara işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde türkmen tarapynyň tagallalaryna ýokary baha berip, şu duşuşygyň haryt öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hyzmat etjekdigini, Türkmenistan bilen GDA agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigini nygtady.
Mejlisde şeýle hem Geňeşiň 2013-nji ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijelerine hem-de ozalky mejlisleriň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine garaldy. Ýygnananlara söwda-senagat edaralarynyň dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary babatda Geňeşiň ugry boýunça gol çekilen köptaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada habar berildi.
Mejlisiň gün tertibine Arkalaşygyň ýurtlarynda kiçi we orta işewürligi ösdürmek, söwda-senagat edaralarynyň, ýöriteleşdirilen döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ugry boýunça söwda-ykdysady ulgamdaky döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, ykdysady maglumatlary alyşmak baradaky wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly meseleler hem girizildi.
Mejlisiň çäklerinde Geňeşiň howandarlygynda 2014-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň we ýarmakrkalaryň sanawy tassyklanyldy hem-de 2014-nji ýyl üçin GDA agza döwletleriň Söwda-enagat edaralarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň başlygy saýlanyldy, şeýle hem Geňeşiň nobatdaky mejlisiniň senesi kesgitlenildi.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen topragyndaky myhmansöýerlik hem-de şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.