Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

view-icon 763
Şu gün Özbegistan Respublikasyna resmi saparyň jemleýji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň iri senagat kärhanalarynyň birine—“General Motors--Özbegistan” awtoulag hereketlendirijisini öndürýän zawoda baryp gördi.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Daşkentde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri uly üstünlige eýe bolup, olaryň barşynda iki goňşy ýurduň we halklaryň dostlugyň we doganlygyň gadymdan gelýän däplerine üýtgewsiz ygrarlydygy, onuň ähli ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol resminamalar köpýyllyk netijeli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönükdirilendir.

Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow bilen bilelikde “General Motors--Özbegistan” awtoulag hereketlendirijisini öndürýän zawoda geldi.

Häzir Özbegistan Respublikasynyň awtomobil gurluşyk senagaty ýokary tehnologiýaly pudak bolup durýar, ol özbek ykdysadyýetiniň senagat derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Özbek awtomobil gurluşygy—bu öňdebaryjy daşary yurt tehnologiýalaryny we enjamlaryny ýerli işgärler we çig mal kuwwaty bilen utgaşdyrmagyň aýdyň mysalydyr. Pudakda “Şewrole” brendli ýeňil awtoulaglaryny, “Isudzu” brendli awtobuslary we orta ýük göterijiligi bolan ýük awtoulaglaryny öndürýän zawodlaryň birnäçesi, şeýle hem “MAN” uly ýük awtoulaglary ýygnaýan önümçilik işleýär. Pudaklaýyn kärhanalaryň jemi 200-den gowragy işleýär.

Awtomobil gurluşyk senagatyny ösdürmek maksady bilen, ýurtda awtomobil senagatynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça maksatnamalar, şeýle hem iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Olar degişli pudagyň okgunly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda awtomobil gurluşyk senagaty täze sepgitlere çykýar. Makroykdysady maglumatlara laýyklykda önümçiligiň möçberleri pudak boýunça ýylda ortaça 10 göterim ýokarlanýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda 120 müňden gowrak awtoulag çykaryldy.

Ynha, eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda özbek bazarynda iri amerikan awtoulag korporasiýasy bolan General Motors /GM/ üstünlikli işleýär, ol 1908-nji ýylda döredilip, dünýäde esasy awtomobil öndürijileriň biri bolup durýar. Hususan-da, General Motors korporasiýasynyň hem-de “Özawtosanoat” paýdarlar kompaniýasynyň bilelikde gatnaşmagynda ýeňil awtoulaglaryny we ýolsuz ýerden ýöreýän Chevrolet awtoulaglaryny öndürýän “General Motors -- Özbegistan” bilelikdäki kärhanasy döredildi. Özbegistan Respublikasynda amala aşyrylan iri bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň hatarynda “General Motors--Özbegistan” awtoulag hereketlendirijisini öndürýän zawod hem bar.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga tarap ugry saýlap alan Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge, menejmentiň, marketingiň, nou-haularyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly kärhanalaryň esasy gaznalaryny döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini öwrenmäge we ony türkmen ykdysadyýetiniň artykmaçlyklaryny nazara almak bilen ulanmaga ägirt uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň maksatnamasyna “General Motors--Özbegistan” awtoulag hereketlendirijisini öndürýän zawoda baryp görmek çäresiniň goşulmagy goňşy dostlukly ýurduň awtomobil gurluşyk senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň häzir geljegi uly işewür hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen ysnyşykly netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Şunda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bolsa gürrüňsizdir.

… Zawodyň esasy girelgesiniň öňünde iki ýurduň Liderini Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ulugbek Rozykulow we zawodyň baş müdüri Erkin Ýunusow mähirli garşylaýarlar. Olar Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentlerini zawod bilen tanyşmaga çagyrýarlar.

Kärhananyň içine girip, döwlet Baştutanlary metal guýýan sehe bardylar. Ol ýerde zawodyň baş meýilnamasy hem-de metal guýýan korpusyň tehnologik meýilnamasy görkezildi.

GM Powertrain Uzbekistan bilelikdäki kärhanasy iki hyzmatdaşyň—General Motors korporasiýasyna we “Özawtosanoat” PK-niň gatnaşmagynda döredildi. Bilelikdäki kärhanany döretmegiň şertlerine laýyklykda, General Motors kärhananyň paýnamalarynyň 52 göterimine, “Özawtosanoat” PK bolsa 48 göterimine eýedir.

Bahasy 521,8 million dollara barabar bolan zawod birnäçe ýyl mundan ozal ulanmaga berildi. Kärhana 40 gektar meýdany eýeleýär, önümçilik meýdançalary 44,7 müň inedördül metre barabardyr. Zawodyň taslama kuwwatlylygy bir ýylda 200 müňden gowrak hereketlendirijä deňdir. GM Powertrain Uzbekistan--bu GM-nyň dünýäde ýygnaýjy we guýujy önümçilikleri utgaşdyrylan we Merkezi Aziýada ýeke-täk zawodlarynyň biridir. Bu ýerde taýýar önümleriň öndürilişi ýola goýuldy.

Kärhana iş göwrümi 1,2-1,5 litre deň bolan ýangyç tygşytlaýjy hereketlendirijileri öndürmek bilen meşgullanýar. Olar ýeňil awtoulaglaryň önümçiliginde ulanylýar. Enjamlary belli kompaniýalar—Lotus Engineering britan kompaniýasy, Daewoo Engineering we Unsang günorta koreý kompaniýalary, Comau fransuz, Durr german we FATA amerikan kompaniýalary iberýär. Zawodda öndürilýän hereketlendirijiler Chevrolet Spark awtoulaglarynda oturtmak üçin niýetlenendir, olar esasan daşary ýurtlara ugradylýar

Bu ýerde şeýle hem mehaniki we termiki işlemelerden soň guýlan taýýar detallar toplumlary we AK8 görnüşli başlangyç çykymyndaky alýumininiň nusgasy görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri önümçilik işiniň bütin tehnologik düzümi bilen tanyşdylar. Zawodyň ýolbaşçysy bu kärhanada çykarylýan önümleriň tehnologiýalary we esasy häsiýetleri bilen gyzyklanan türkmen döwletiniň Baştutanynyň beren hemme sowallaryna jikme-jik jogap berdi.

Soňra iki ýurduň Liderleri zawodyň ýygnalýan sehinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Döwlet Baştutanlaryna sehiň tehnologik meýilleşdirilişiniň çyzgysy görkezildi. Bu ýerde sehiň ýolbaşçysy kärhanada ýygnalýan awtoulag hereketlendirijileriniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi we zawodyň işine hem-de zähmet çekmek üçin döredilen şertlere uly gyzyklanma bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň sowallaryna jogap berdi. Bellenilişi ýaly, hereketlendirijilerde iki sany ýokarky paýlaýjy wallary we silindir üçin dört klapanlary bolan çoýun blogy we alýumin golowkasy ulanylýar. Hereketlendirijiler Euro V ekologik standartyna gabat gelýär.

Soňra Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary hil barlag laboratoriýasyna baryp gördüler. Türkmen Lideri çykarylýan önümiň hil barlagy we onuň tehnologik ölçeglere hem-de halkara ülňülerine gabat gelmegi bilen bagly meseleler bilen gyzyklandy.

Kärhanada oturdylan täze kompýuter enjamlary hereketlendirijini ýygnamagyň takyklygyny we hilini üpjün edýär. Bu tehnologiýa şeýle hem bazarda döreýän isleglere laýyklykda hereketlendirijileriň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Zaýalanan ýekeje detal ýüze çykarylan halatynda tutuş tapgyr braklanýar. Adama degişli ýagdaýlar iň pes derejelere getirilen, çünki hemme maglumatlar kompýuter işläp taýýarlamasy arkaly seljerilýär. Ätiýaçlyk şaýlar Germaniýadan getirilýär. Eger-de işiň ol ýa-da beýleki bir tapgyrynda önümiň bildirilýän talaplara sähelçe nälaýyklygy ýüze çykarylsa, bütin tehnologik zynjyr saklanylýar. Şeýle hem zawodda daşky gurşawy goramagyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň, şol sanda hapa suwlary arassalamagyň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylandyr.

Zawody gözden geçirenlerinden soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we özbek Lideri Islam Karimow sehleriň ýene-de birine baryp gördüler. Bu ýerde ýörite enjamlaşdyrylan meýdançada Özbegistanda çykarylýan awtoulag serişdeleriniň görnüşleri goýlupdyr.

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ulugbek Rozykulow belent mertebeli türkmen myhmanyny tehnikalaryň dürli görnüşleri, şol sanda oba hojalygy, gurluşyk işleri, jemagat gulluklary üçin niýetlenen tehnikalar bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde şeýle hem dürli kysymdaky we dürli maksatlar üçin niýetlenen awtoulaglar görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti nusgalaryň her birini uly üns bilen synlaýar. “Biznes-klass” derejeli Chevrolet Malibu awtoulagy we maşgala üçin niýetlenen ýedi orunlyk Chevrolet Orlando kysymly awtoulag milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ünsüni çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti olaryň her haýsynyň salonlaryny synlap, ýolagçylar üçin döredilen şertler we sürüjiniň oturýan ýeri bilen tanyşdy, awtoulaglaryň ulanyş häsiýetnamalary bilen jikme-jik gyzyklandy.

Gurluşyk işleri üçin niýetlenen awtoulaglaryň arasynda MAN görnüşli tehnika—uly ýük awtoulaglary, awtobeton garyjylar we beýlekiler bar.

Mälim bolşy ýaly, häzir Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda arassaçylyg üpjün etmek we ekologiýa kadalaryny berjaý etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, jemagat hojalygynyň gulluklary üçin niýetlenen tehnikalar, şol sanda gyşyna gar aýyrmak hem-de ýollara gum guýmak, şeýle hem ýylyň islendik wagtynda ýollary arassalamak we ýuwmak üçin niýetlenen awtoulag türkmen Lideriniň ünsüni aýratyn özüne çekdi. Bu ulagy suwy daşamak üçin hem peýdalanyp bolýandygy bellärliklidir. Bu ýerde şeýle hem FAUN Variopress kysymly zir-zibil daşamak üçin MAN görnüşli awtoulaglar görkezildi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ünsüni CLAAS görnüşli tehnikalar, şol sanda bugdaý orujy Dominator 130 kombaýny, Arion 630C we Axion 850 görnüşli köpugurly traktorlar, Markant 55 basgyçly-saýlaýjyly tehnikalar çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Daşkendiň traktor zawodynyň önümleri bilen tanyşdy. Hususan-da, bu ýerde traktorlaryň dürli görnüşleri, şol sanda TTZ 80. 10, TTZ 80. 11, pagta ýygyjy MX-1,8 tehnikasy, şeýle hem asma mala, yzyna öwrülýän azal ýaly enjamlar görkezildi. Mundan başga-da, bu ýerde “Agregatnyý zawod” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tehnikalarynyň nusgalary – pagta ekiji SÇH-4B /iki jübüt gabsaly/ we OWH-600 pürküji tehnikalar çykarylypdyr.

Şeýle hem oba ýerlerinde peýdalanmak üçin niýetlenen “tiz kömek” ykjam awtoulagy türkmen Liderinde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Şular bilen birlikde, sergide ISUZU görnüşli ýangyn söndüriji, ýük ulaglary, awtobuslar, kiçi, şol sanda bagçylyk we öý hojalyklary üçin niýetlenen tehnikalar görkezildi.

Kärhana bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow bilen bilelikde bu ýerden ugradylar.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary “Daşkent-1” halkara howa menziline geldiler. Bu ýerde iki ýurduň Liderleri geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemlerine çuňňur kanagatlanma bildirip, taraplaryň iki goňşy döwletiň we doganlyk halklaryň bähbitlerine kybap gelýän giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara isleglerini tassykladylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Islam Karimowa özbek topragynda myhmansöýerlik we mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, öz özbek kärdeşi bilen mähirli hoşlaşdy hem-de özüne garaşyp duran uçara mündi.

Hormatly Prezidentimiziň “Boingi” howa menzilinden asmana galyp, Türkmenabat şäherine tarap ugur alýar.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.