Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasary -- Ýerine ýetiriji sekretary Wladimir Garkunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi, türkmen paýtagtyna gelen synçylaryň bu topary biziň ýurdumyzyň milli parlamentiniň deputatlarynyň geçiriljek saýlawlary boýunça monitoringi amala aşyrar.
Türkmenistanda nobatdaky parlament saýlawlary, şeýle hem häzirki döwürde özara gatnaşyklary ýola goýmak üçin bar bolan köpugurly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň esasyny düzdi.
Bellenilişi ýaly, Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly sebitara we halkara guramalarynyň, düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan bilen GDA-nyň arasyndaky soňky ýyllarda hil taýdan täze ösüşe eýe bolan we täze mazmun bilen üsti ýetirilýän hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän milli daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assosirlenen agza bolmak bilen, Türkmenistan GDA-nyň çäklerindäki açyklyk we deňhukuklylyk esasda ýola goýulýan gatnaşyklara, umumy gyzyklanmalara kybap netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere bolan işjeň çemeleşmelere ygrarlydygyny iş ýüzünde äşgär edýär.
Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmegi, şonda ýurdumyzyň Arkalaşygyň howandarlygynda birnäçe möhüm çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu jähetden soňky ýyllarda Türkmenistanyň GDA ulgamy boýunça guralýan iri çäreleri yzygiderli geçirýändigini bellemeli. Geçen hepdede Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň XI mejlisiniň guralandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berildi.