Ï Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi

view-icon 809
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça utgaşdyryjy komitetiniň 18-nji sessiýasynyň üç günlük maslahaty öz işini tamamlady. Oňa Hazarýaka döwletleriň ählisiniň – Russiýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Wekiliýetleriň düzüminde milli döwlet gidrometeorologiýa gulluklarynyň we ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ekologiýa ulgamynyň bilermenleri bar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasynyň bilelikde guran we geçiren KASPKOM-yň bu maslahatyna halkara bilermenleri – Hazar deňziniň sebitinde daşky gurşawyň gidrometeorologiýasy we gözegçiligi boýunça toplumlaýyn maksatnamasynyň we BMG-niň daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň sebitleýin bölüminiň utgaşdyryjylary hem gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, KASPKOM-yň işi gidrometeorologiýa maglumatlaryny alyşmagyň sebitleýin ulgamyny kemala getirmäge we ösdürmäge – Hazaryň deňiz gurşawynyň we kenarýaka çäkleriniň howasynyň üýtgemegini çaklamaga, seljermäge we baha bermäge gönükdirilendir. Guramanyň Tertipnamasyna laýyklykda, her iki ýylyň dowamynda Hazarýaka ýurtlaryň biri Komitete ýolbaşçylyk edýär. 2013-2014-nji ýyllarda Türkmenistan oňa başlyklyk edýär.

Şu maslahatyň gün tertibine laýyklykda, gidrometeorologiýa barlaglary we Hazaryň deňiz gurşawynyň ýagdaýynyň gözegçiligi ulgamynda ylalaşykly uzakmöhletleýin döwletara gatnaşyklary üçin netijeli hukuk esaslaryny döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy, ykdysady, energetika we ulag-kommunikasiýa merkezleriniň biri bolup durýar. Geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi, baý ýangyç, balyk we beýleki tebigy serişdeleri, amatly howa şertleri bu sebiti okgunly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi. Dünýä ykdysadyýetinde bu sebite aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, senagatlaşdyrmak adamyň hojalyk işi bilen baglanyşykly hem-de serhetýaka häsiýetine eýe bolan tehnogen ekologiýa meselelerini hem ýüze çykarýar. Tebigy ýagdaýlar bilen birlikde, munuň özi Hazar deňziniň we onuň kenarýaka çäkleriniň ekologiýa ulgamynyň gowşamagyna getirýär.

Täsin tebigatly we özboluşly gidrologiýa ulgamly Hazar deňzini geljekki nesiller üçin gorap saklamak boýunça milli strategiýalaryň we halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitlän ilkinji köptaraplaýyn şertnamalaýyn resminama Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça Çarçuwaly (Tähran) konwensiýasy bilen baglanyşykly boldy. Häzirki wagtda bu resminamanyň esasyna goýlan halkara – hukuk binýady Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen täze hukuknamalaryny işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek arkaly berkidilýär.

Mysal üçin, Hazar deňzinde Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygyny kadalaşdyrmaga gönükdirilen örän wajyp Ylalaşyklary işläp taýýarlamagyň zerurlygyna laýyklykda, Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň 2010-njy ýylda Bakuda geçirilen üçünji duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda, türkmen tarapy Hazar deňziniň biologiki serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak baradaky Ylalaşygyň hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamalary boýunça umumy pikiri işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barýar.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň ykdysady we durmuş ähmiýeti onuň suw we ekologiýa ulgamlarynyň ýagdaýy bilen kesgitlenilýär. Howanyň üýtgemegi we antropogen ýagdaýlar olara uly täsir edýär. Şu jähetden, Hazaryň bitewi we berk ekologiýa abadançylygy ulgamyny döretmek, kenarýa ýurtlaryň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek maksady bilen, gidrometeorologiýa, bu ulgamda maglumatlary alyşmak, sebitiň daşky gurşawynyň ýagdaýy babatda bilelikde ylmy barlaglary geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmek ýaly ugurlarda sazlaşykly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak meselesi örboýuna galýar.

Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň gutarnykly tekstiniň bilermenler derejesinde ylalaşylmagy hem-de Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça utgaşdyryjy komiteti bilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň arasyndaky Özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde KASPKOM-yň 18-nji sessiýasynyň işiniň möhüm netijesi boldy.