Ï Türkmenistan –ÝHHG: saýlaw ulgamynda hyzmatdaşlyk berkidilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan –ÝHHG: saýlaw ulgamynda hyzmatdaşlyk berkidilýär

view-icon 880
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ozalky parlament saýlawlarynda bolşy ýaly, ýurdumyza daşary ýurtlardan we iri halkara guramalaryndan, şol sanda ÝHHG-den we GDA-dan halkara synçylary we bilermenleri çagyryldy. Olara milli synçylar bilen bir hatarda, degişli hukuk kadalary bilen kesgitlenen ygtyýarlyklaryň çäklerinde saýlawyň öň ýanyndaky möwsümiň hem-de gös-göni milli parlamentiň deputatlarynyň saýlawlarynyň monitoringini amala aşyrmak mümkinçiligi dörediler.

Şunuň bilen baglylykda şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda ÝHHG-nyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Olar Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň 15-nji dekabrda boljak saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna halkara synçylar hökmünde türkmen paýtagtyna geldiler.

Türkmen tarapynyň çagyrmagy bilen ÝHHG-nyň demokratik institutlary we adam hukuklary baradaky edarasy (DIAHE) tarapyndan Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara baha bermek boýunça iberilen wekiliýete ilçi Aleksandr Kelçewskiý (Fransiýa) ýolbaşçylyk edýär.

Myhmanlar Merkezi saýlaw topary tarapyndan geçiriljek çäreleriň meýilnamasy, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, taýýarlanan saýlaw resminamalarynyň nusgalary we ýerlerde geçirilen işler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň barşynda täze taryhy döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň demokratik özgertmeler bilen baglylykda, Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini berkitmek babatda hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek babatda bar bolan halkara kadalary we tejribesi barada özara tejribäniň alşylmagy hem-de tanyşdyrylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda taraplar halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda yzygiderli geňeşmeleri, okuw maslahatlaryny, “tegelek stollary” geçirmegiň, şeýle hem beýleki ýurtlarda parlament saýlawlarynyň saýlaw düzgün kadalary bilen tanyşmak maksadynda türkmen wekiliýetiniň yzygiderli saparlaryny guramagy dowam etmegiň zerurdygyny bellediler.

ÝHHG-niň Türkmenistanyň täze Saýlaw kodeksini kabul etmegini goldaýandygy hem-de saýlaw ulgamyny has-da kämilleşdirmek we demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak boýunça ýurduň hökümetiniň tagallalaryna ýardam etmäge taýýardygy nygtaldy.

DIAHE/ÝHHG-niň Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara baha bermek boýunça wekiliýeti öz işini umumylykda kabul edilen halkara kadalarynyň we ülňüleriniň esasynda amala aşyrar.