Şu gün Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynyň edara binasynda “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň 13-nji duşuşygy geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Ýewropa Komissiýasynyň Daşary işler boýunça ýewropa gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy hanym Riina Kionka ýolbaşçylyk etdi.
Özara düşünişmek, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetleri ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky geljegi bolan maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça iş ýüzünde bilelikdäki hereketleri amala aşyrmagy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli we özara gyzyklanma döredýän meseleler hem gozgaldy. Hususan-da, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilişine, umumy makroykdysady ýagdaýa syn berildi, söwda, energetika we ulaglara degişli dürli meselelere garaldy.
Myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän giň gerimli özgertmelerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň we Ýewropa ýurtlarynyň halklarynyň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine hyzmat etjek bilelikdäki möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler.
Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady işi, energetika, ulaglar, bilim, daşky gurşawy goramak babatynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝB-nyň agza döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygyny belläp, taraplaryň bähbitlerine we ählumumy durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.