Ï Türkmenistanda German ykdysadyýetiniň güni geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda German ykdysadyýetiniň güni geçirildi

view-icon 693
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mizan” täjirçilik merkezinde işewürler maslahaty - Türkmenistanda German ykdysadyýetiniň güni geçirildi. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de German ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy guradylar.

Duşuşyga gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasyndan wekiliýet Aşgabada geldi. Onuň düzümine hökümet düzümleriniň, işewürligi ösdürmek baradaky döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda – söwda, ýokary tilsimatlar, nebitgaz, energetika, himiýa, saglygy goraýyş, bilim, bank, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk hem-de sanagat, azyk senagaty we oba hojalyk ulgamlarynda işleýän kompaniýalaryň 70-den gowragynyň wekilleri girdiler. Maslahatyň wekiliýetleriniň arasynda RWE, Bosch, KNAUF Intenational, STRABAG AG, CLAAS Global Sales GmbH, Siemens AG Healthcare Sector, Goetzparters Management we beýleki iri şereketlere wekilçilik edýän işewürler bar.

Türkmen tarapyndan bu maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döwlet we täjirçilik paýdarlar banklarynyň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Eýýäm üçünji gezek geçirilýän bu çärä gatnaşyjylar onuň ähmiýeti barada aýdyp, duşuşygyň türkmen-german ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga hyzmat edýän hem-de iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriň arasyndaky täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän netijeli binýat hökmünde çykyş edýändigini nygtadylar.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Wolfgang Brett maslahata gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş edip, köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Germaniýanyň Federal kansleri Angela Merkeliň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda ýola goýlan ysnyşykly, birek-birege ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şeýle hem 2009-njy ýylda döredilen Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň möhüm orny nygtaldy. Onuň işi doly möçberli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

GFR-iň ykdysadyýet we tehnologiýalar federal ministrliginiň bölüminiň ýolbaşçysy jenap Ýorg Kirş öz çykyşynda nemes işewürler toparlarynyň wekilleriniň geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň eýeleýän ornuny giňeltmäge, işjeň gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Munuň özi türkmen döwletiniň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwaty, şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli oňyn özgertmeler bilen şertlendirilendir. Jenap Ýork Kirş şu maslahatyň türkmen-german hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze kuwwatly itergi bermäge ýardam etmelidigini nygtady.

Çykyş edenler ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirip, söwda ulgamynda uly ösüşiň gazanylandygyny bellediler, mysal üçin, soňky ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 11 göterim artdy. Nemes maýasynyň gatnaşmagynda 60-dan gowrak hojalyk düzümleri Türkmenistanda özleriniň şahamçalaryny hem-de wekilhanalaryny açdylar. Häzirki güne çenli milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň 140-dan gowragy amala aşyryldy. Taslamalaryň birnäçesi bolsa şu günler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Maslahatyň barşynda Türkmenistan barada görkezilen wideofilm ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň gerimi barada aýdyň düşünje berdi. Şol özgertmeler türkmen döwletiniň dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin ygtybarly binýady döretdi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň tanyşdyryşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty hem-de gazanan üstünlikleri, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada doly maglumatlar berildi.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň esasy maksadynyň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan doly hem-de hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň hasabyna türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdygy bellenildi. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna iň täze tehnologiýalary we dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň arkaly milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek, hususy telekeçiligi giňden goldamak häzirki döwürde ykdysady syýasatyň möhüm ugurlarydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky milli maksatnamalar hem-de orta we uzak möhlete niýetlenen pudaklaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Makroykdysady görkezijiler türkmen ykdysadyýetiniň ägirt uly kuwwatyny aýdyň görkezýär. Ol ykdysadyýetiň durnukly ösýändigine güwä geçýär. Abraýly halkara maliýe düzümleriniň bilermenleriniň baha bermegine görä, Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşini ynamly dowam edýär.

Çykyş edenler milli maýa goýum syýasaty barada aýdyp, soňky ýyllarda ykdysadyýetde daşary ýurt maýalarynyň paýynyň ep-esli artandygyny bellediler. Olar ýygnananlary daşary ýurt maýadarlarynyň, daşary ýurt maýasy bolan kärhanalaryň hukuk taýdan goraglylygynyň meseleleri bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň ykdysadyýetine goýlan maýa serişdeleriniň özüneçekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli düzümiň ösdürilýändigini, maýadarlaryň hukuklaryny goramak babatda halkara talaplaryny nazara almak bilen, maýa goýmak işiniň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň nygtadylar.

Maslahatda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň netijeli hyzmatldaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Biziň ýurdumyzda şol taslamalaryň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, iri halkara maliýe hem-de işewür düzümlerini, şol sanda nemes kompaniýalaryny giňden çekmek bilen baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda nemes kompaniýalary bilen möhüm ugurlaryň ençemesinde bilelikde işlemegiň oňyn tejribesi toplanyldy.

Şunda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň uly kuwwata eýedigi aýratyn nygtaldy. Türkmenistan iri möçberdäki maýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge Germaniýada öndürilen hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalary we enjamlary getirmäge gyzyklanma bildirýär. Öz tarapyndan, türkmen önüm öndürijileri Germaniýa Federatiw Respublikasyna ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlaryň iberilişini artdyrmaga taýýardyr.

Türkmenistanyň ägirt uly ýangyç kuwwatyny we türkmen energiýa serişdeleriniň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Himiýa senagaty, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk ulgamy, energetika, oba hojalygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Maliýe-bank ulgamynda gatnaşyklar, Germaniýanyň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň Türkmenistana getirilmegi bilen baglanyşykly meselelere hem aýratyn üns berildi. German kompaniýalarynyň wekilleri öz çykyşlarynda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan taslamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Olar Germaniýany öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeläp, öz tejribesini, iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny teklip etmäge taýýardyr diýip bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ulgamlarynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hususy telekeçilik derejesinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegine, şeýle hem syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly üns berildi. Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça uly möçberli taslamanyň durmuşa geçirilýändigi nazara alnyp, gatnaşyklaryň bu ugrunyň örän wajypdygy bellenildi.

Gumanitar gatnaşyklary, ilkinji nobatda, bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, germaniýaly hyzmatdaşlaryň ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak üçin bu ulgamdaky ähli gazanylanlary hödürlemäge taýýardygy baradaky teklibi beýan edildi.

Maslahatyň çäklerinde Germaniýanyň döwlet düzümleriniň we kompaniýalarynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy ulgamynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary anyklaşdyryldy.

Türkmenistanda German ykdysadyýetiniň gününiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu gün üstünlikli geçirilen maslahatyň iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek görkezendigini, olaryň anyk netijeleri gazanmaga meýillidigini tassyklandygyny hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak maksady bilen, özara gatnaşyklaryň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berendigini nygtadylar.