Ï BSGG Ýewropa sebiti edarasynyň direktory bilen interwýu
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BSGG Ýewropa sebiti edarasynyň direktory bilen interwýu

view-icon 1202
BSGG Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça BSGG Ýewropa ministrleriniň maslahatynyň Aşgabatda dowam eden günlerinde BSGG Ýewropa sebiti boýunça direktory hanym Žuzanna Ýakab maslahatyň guralyşynyň barşy, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilişi barada öz pikirini paýlaşdy.

- Hormatly hanym Ýakab, şu günler Aşgabatda geçirilýän wekilçilikli maslahatyň maksady barada aýdyp berseňiz.

- Ilkinji nobatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz çyn ýüregimden hoşallyk sözlerimi aýdasym gelýär. Çünki, bu maslahaty geçirmek baradaky başlangyz Hormatly Prezidente degişlidir. Özi hem mende Hormatly Prezident bilen duşuşmaga birnäçe mümkinçilikler boldy. Men muňa özüme goýulýan uly hormat diýip düşünýärin. Biz Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen köp temalary ara alyp maslahatlaşdyk. Olar biziň geljegi uly bolan hyzmatdaşlygymyzyň esasy ugurlarynyň bölegi bolup durýarlar. Men Prezidente we Türkmenistanyň hökümetine bu çäräniň ýokary derejede guralandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Meniň üçin Aşgabatda bolmak hem-de bu ýerde Ýewropa sebitiniň ýurtlarynyň milli saglygy goraýyş ulgamlaryndan gelen öz kärdeşlerim bilen soňky ýyllarda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmede gazanylanlary ara alyp maslahatlaşmak meniň üçin uly hormat bolup dutýar. Biz türkmen paýtagtynda geljekde bu ulgamda bilelikdäki gyzga we uzak möhletleýin hereketlerimizi tassyklamak üçin ýygnanyşdyk.

Temmäkini we alkogoly ulanmak, semizlik we ýeterlik derejede bolmadyk hereket bularyň ählisi BSGG Ýewropa sebtinde ölümiň esasy sebäpleriniň hataryna girýär. Biziň haýsymyz infarkt, rak ýa-da süýjikesel sebäpli öz ýakynlarymyzy ýitirmedi? Ýokanç däl keseller zerarly durmuşyň hiliniň pesliginiň öňüni alyp bolşy ýaly, bu ölümleriň hem köp böleginiň öňüni alyp bolar. Ýokanç däl keseller babatda gazanylan uly bolmadyk ösüşlere garamazdan, häzirki wagtda olara garşy göreşmek üçin uly tagallalar gerek. Şonuň üçin hem BSGG Ýewropa sebitiniň agza döwletleriniň wekilleri Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň goldaw bermeginde Aşgabatda geçirilýän Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça BSGG Ýewropa ministrleriniň maslahatyna ýygnanyşdy. Maslahat sebit derejesinde hereketi we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin “Saglyk - 2020” syýasatynyň düzgünlerini amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýär.

Bize mälim bolşy ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasy 2003-nji ýylda temmäkä garşy göreş boýunça BSGG Çarçuwaly konwensiýasyny kabul etdi. Häzir hem, 10 ýyldan soňra, bu ulgamda nädogry tapawutlar Ýewropa sebitiniň ýurtlarynyň içinde, olaryň arasynda çuňlaşmagyny dowam etdirýär. Ýurtlaryň köpüsi ýörelgeleri goldamagy işläp taýýarlamak bilen, hususanda, bahalary galdyryp, reklamany gadagan edip, temmäki tüssesinden azat jemgyýetçilik ýerlerini döretmek we çilim çekmegiň zyýany barada görkezme esbaplaryny ulanmak bilen, temmäkä garşy göreşmekde mynasyp çäreleri gördüler. Men bu babatda Türkmenistanyň bu meseläni çözmekde ygrarlydygyny hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň uly göwrümli işleri alyp barýandygyny aýratyn nygtasym gelýär. Şular ýaly çäreleriň görülmegi adamlaryň saglyklaryny gowlandyrmakda eýýäm özüniň netijesini berýär. Şol bir wagtyň özünde hem BSGG temmäkä garşy göreşmek çarçuwaly konwensiýasy boýunça sebitde öňkisi ýaly edilmeli işler köp.

Bu ýerde, Aşgabat maslahatynda, biz: temmäki tüssesinden azat Ýewropanyň maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin näme etmeli diýip, anyk soraglara jogap bermeli. Biz temmäkä garşy göreşde konwensiýanyň aýgytly orun eýelär diýip, hem-de golaý geljekde çilim çekmeklik hakykatdan hem seýrek ýagdaý bolar diýip umyt edýäris.

- Siz “Saglyk-2020” syýasaty barada ýatlap geçdiňiz, geliň onuň maksady we olary gazanmagyň ugurlary abarda durup geçeliň.

- “Saglyk-2020” – bu saglygy goraýşyň täze ýewropa syýasatynyň esasydyr. Ol adamlara syýasaty emele getirmäge, uly gelejegi görmäge ygtyýar berýär, olara gelejegi uly bolan ýoly görkezýär, saglygy gowlandymak üçin hereket edýän esasy ugurlaryň toplumyny öňe sürýär, saglyk babatda deňsizligi ýeňip geçýär hem-de geljekki nesliň saglygyny üpjün etmäge şert döredýär. BSGG Ýewropa sebiti bilen baglanyşykly köp sanly reallary adaptirlemäge mümkin bolan amaly hereketleriň esasy ýörelgeleri bellenendir. “Saglyk-2020” syýasaty sebtiň özünde iki ýyllap dowam eden giň maslahatlaryň netijesi bolup durýar hem-de BSGG Sebit komitetiniň 62-nji mejlisinde Ýewropa sebitine girýän agza döwletleriň elli üçüsiniň ählisi tarapyndan kabul edildi.

-Diýmek, bu Aşgabatda geçirilen BSGG Ýewropa maslahatynyň maksady – “Saglyk-2020” syýasatyny amala aşyrmagyň mundan beýläkki ýollaryny kesgitlemek bolup durýarda?

- Ýewropa sebitiniň ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň Aşagabatda geçirilýän maslahatynda soňky ýyllarda gazanylanlara syn etmek we gysga we uzak möhletleýin bilelikdäki hereketlere ygrarlydyklaryny beýan etmek teklip edilýär. Meniň öň hem belläp geçişim ýaly, maslahatyň dowamynda esasan üç sany tema garalyp geçiler. Bu Ýewropany temmäkiden halas etmegiň mundan beýläkki ädimler, rak keseliniň, ýürek-damar keselleriniň we süýji keseliniň ýaýrawynyň makul däl ýokary görkezijileriniň saklanmagynyň durmuş we ykdysady ösüşdäki ornuny kesgitlemekden, şeýle hem ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreş ulgamynda ýurtlaryň arasynda tejribeleri giňden alyşmakdan ybaratdyr.

Maslahatyň maglumatlarynyň, netijeleriniň we çözgütleriniň ählisi maslahatyň dowamynda kabul ediljek Jarnamanyň esasyny düzer. Bu resminama Ýewropa sebtinde Ýokanç keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmekde bilelikde herket etmegiň anyk ygrarnamasynyň beýany bolar. Aşgabat jarnamasynyň kabul edilmegi “Saglyk-2020” syýasatyny we Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça BSGG Global maksatnamasyny (2013-2020ý.ý.) amala aşyrmakda möhzm ädim bolar.

- Maslahat açylan wagtynda siz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdyňyz. Bu duşuşykdan özüňizde galan täsirler barda aýdyp beräýseňiz.

- Men Prezidentiň saglyk meselelerine aýratyn uly üns berýändigi üçin, özi hem diňe bir türkmenistanlylar üçin däl, eýsem bütin Ýewropa sebtiniň ilaty üçin hem, örän guwanýaryn. Aşgabatda geçirilýän häzirki maslahat muňa aýdyň subutnama bolup durýar. Ony guramagy Türkmenistan öz üstüne aldy. Maslahaty geçrmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi, saglygy goraýyş ministrleriniň duşuşygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde BSGG Ýewropa sebit edarasynyň bilermenleri bilen maslahatlar yzygiderli geçirilip duruldy, maslahatyň resminamalaryny taýýarlamak boýunça ýörite tehniki maslahatlar geçirildi, Ýewropa sebit edarasy we BSGG Ştab-kwartirasy bilen on-laýn düzügüninde yzygiderli aragatnaşyk saklanyldy.

Biziň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen iki ýyl mundan öň bolan duşuşygymyz mahalynda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, hroniki ýokanç däl kesellere garşy göreşmek hyzmatdaşlygyň täze ugry hökmünde bellenildi. Bu günki gün bolsa Türkmenistan bu maksatnamalarda uly üstünlikler gazandy hem-de ministrleriň sebitleýin maslahatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Özi hem hyzmatdaşlygy ösürmekde we üstünlikler gazanmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň ornuny aýratyn nygtasym gelýär. Siziň ýurduňyz saglyk maksatnamasyny amala aşyrmakda iň ýokary derejede syýasy taýdan ygrarlydygyny görkezýär. Döwlet baştutany sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda görelde bolup durýar. Bu ugurda Prezident tarapyndan berilýän şeýle goldawy köp ýurtlarda gabat gelmersiň. Elbetde, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak – bu her bir adamyň şahsy işi, ýöne adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaklary üçin hökümet goldaw beriji we höweslendiriji şertleri döretmegi öz üstüne almalydyr.

Biz siziň gazanýan üstünlikleriňize örän guwanýarys. Türkmenistan diňe soňky ýyllaryň dowamynda gyzamykdan azat ýurt hökmünde ýurduň derejesini sertifisirledi, 2011-nji ýylda “Temmäkä garşy göreşmek boýunça BSGG çarçuwaly konwensiýasyny” ratifisirledi. Mundan hem başga habar beriş serişdelerinde temmäkini we alkogolly içgileri wagyz etmek işleri gadagan edilendir, sagdyn durmuş ýörelgesi mekdep programmasyna girizilendir. Soňky maglumatlara görä, inçekesel boýunça DOTS strategiýasynyň çäklerinde netijeli işler alnyp barlypdyr, ýurtda immunizasiýa örän giň göwrüm bilen üpjün edilendir, şeýle hem poliomeliti daşary ýurtlarda gelmek howpuna ygtybarly gorag goýlandyr.

Interwýu tamamlanandan soňra Žužanna Ýakab Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylaryna berk jan saglygyny arzuw etdi.