Ï Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

view-icon 690
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Jeýkob Zuma Günorta Afrika Respublikasynyň milli lideri, parahatçylyk, adam hukuklary we azatlyklary ugrunda dünýä belli göreşiji gahryman Nelson Mandelanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Nelson Mandela diňe bir öz watanynda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda hem mertligiň we bütin adamzat barada alada etmegiň beýik nusgasydyr. Onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljek nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynanýaryn” diýlip, hatda bellenilýär.

Türkmenistanyň Baştutany merhumyň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna, şeýle hem ýurduň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini aýtdy.