Türkmenistan doly hukukly agzasy hökmünde Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Öň habar berlişi ýaly, bu çözgüt Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň (MHG) Geňeşiniň 103-nji mejlisinde 151 MHG agza döwletleriniň bir agyzdan goldamagy netijesinde kabul edildi.
Türkmeistan 1997-nji ýylda MHG gözegçi döwlet hökmünde goşuldy. 1998-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň hökümeti bilen MHG arasynda hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekildi. MHG Türkmenistanda öz işine 2005-nji ýylyň başlarynda başlady. Adam söwdasyna garşy hereket etmek we migrantlara kömek bermek; tehniki taýdan hyzmatdaşlyk etmek we serhetleri dolandyrmak; adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak; tebigy betbagtçylygyň howpuny azaltmak we beýlekiler bilelikdäki maksatnamalaýyn işiň esasy ugurlaryny düzdi. Bilelikdäki maksatnamalaryň çäklerinde maglumatlar we öwrediş çäreleri geçirilýär, Türkmenistanyň degişli gurluşlarynyň institut we hünär mümkinçilikleri artdyrylýar.
Türkmenistanyň kanunynda bu ulgamda halkara kadalarynyň implementasiýasyna uly ähmiýet berilýär. Halkara hukuklarynyň kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gyzyklanma bildirmek bilen, Türkmenistan 2007-nji ýylyň dekabr aýynda “Adam söwdasyna garşy göreşmek hakynda”, 2012-nji ýylyň aprel aýynda bolsa, “Migrasiýa hakynda” Kanuny kabul etdi.
Biziň ýurdumyzň we MHG hyzmatdaşlygyny hereketlendirmek maksady bilen düri derejedäki maslhatlar we okuwlar yzygiderli geçirilýär. 2013-nji aprel aýynda Aşgabatda “Gündogar we Günbatar Ýewropanyň, şeýle hem Orta Azianyň ýurlarynyň arasyndaky adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Milli iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak boýunça tejribäni alyşmak” ady bilen maslahat geçirildi. Bu maslahatyň işine MHG-ň baş direktory jenap Leýsi Swing gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylaryň pikirine görä, ol bu ulgamda halakara hyzmatdaşlygyny berkitmekde umumy çemeleşmäni işläp taýýarlamakda möhüm goşant goşdy. Türkmenistanyň jenaýatçylyga garşy göreşmek meseleleri barada tutýaan orny barada aýdylanda bolsa, maslahata gatnaşyjylar türkmen tarapynyň bu ugurda netigeli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýandygy nygtadylar.
MHG we beýleki halkara guramalarynyň goldamagynda Türkmenistanyň hökümetiniň tagallalary netijesinde serhet barlag ulgamy döwrebaplaşdyryldy, serhet gurluşlarynyň işine öňdebaryjy tehnologiýalar we usullar ornaşdyryldy. Serhediň infrastrukturasynyň desgalarynyň hereket edýänleriniň durky täzelendi we täzeleriniň gurluşygy amala aşyryldy. Halkara jemgyýetçiliginiň gönüden-göni gatnaşmagynda serhedi dolandyrmak, olaryň howpsuzlygy we gizlin migrasiýa bilen göreşmekligi üpjün etmek ulgamynda öňdebaryjy tejribäni işjeň alyşmak amala aşyrylýar,
Türkmenistanyň hökümetiniň başlangyjy boýunça 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda bolup geçen serhetleriň howpsuzlygy boýunça Orta Aziýa başlangyç toparynyň 11-nji maslahatynda bellenilşi ýaly, Türkmenistan serhediň we serhetýaka şertleriniň howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk ädimleriu ädýär hem-de adamlaryň serhedi bozup geçmekleri boýinça barlaglary guramakda ýokary derjelere ýetdi.
“Türkmenistanda ýerli mümkinçiligi güýçlendirmek we bolup biläýjek tebigy betbagtçylyklara ilatyň taýýarlygy” DIPEKO-7 taslamasynyň çäklerinde MHG Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri Müdirliginiň mükinçiligini güýçlendirmek maksady bilen olaryň tebigy betbagtçylyga taýýarlygyny ýokarlandyrmak we adatdan daşary ýagdaýlarda ukyplaryny dolandyrmak boýunça treningler geçirýär.
Adamzadyň ynsanperwerlik meseleleriniň biri hem bosgunlara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak bolup durýar. Bu adamlar öz derejelerini saýlap almadylar, olar mejbury migrantlar. Türkmenistan MHG we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlykda möhüm ädim ätdi we bu çylşyrymly meseläni çözmek boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallaryna uly goşant goşdy. Özniň boýun alan borçlaryny ýerine ýetirmak bilen Türkmenistan “Bosgunlar hakynda” Kanun kabul etdi, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup apatridleriň derejesi hakyndaky Konwensiýa goşulyşdy.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk adamlaryň birnäçe müňsi Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Bu dünýä tejribesinde bolmadyk ýagdaý. Mundan hem başga, Türkmenistanda “Musulman dünýäsiniň bosgunlary” ady bilen ilkinji halkara maslahaty geçirildi. Hökümetiň tutanýerliligi, döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasaty beýleki ýurtlar üçin husga bolup hyzmat edýär diýip, halkara bilermenleri belleýärler hem-de sebtiň ýurtlarynyň ählisini Türkmenistanyň göreldesine eýermäge çagyrýarlar.
Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu abraýly guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hil taýdan täze usulyna geçýär.