Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynyň rumyn dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu waka häzirki döwürde bütin dünýäde Türkmenistana we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyna bolan gyzyklanmanyň barha artýandygynyň ýene bir subutnamasydyr.
Dostlukly halkyň dilinde çap edilen bu täsin neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna hökümet agzalary, Rumyniýanyň Ilçihanasynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, bilim ulgamynyň köpsanly işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň güýzünde çap edilen bu kitaby ägirt uly halkara seslenmesine eýe boldy. Bu düýpli neşir asyrlaryň dowamynda şöhrat gazanan, hakykatdan hem diňe bir milli medeniýetiň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä medeniýetiniň gazananlarynyň naýbaşylarynyň biri bolan ahalteke bedewine özboluşly sena bolmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň bu işi gözelligiň we kämilligiň nusgasy hasaplanylýan ýelden ýüwrük bedewlere bagyşlanylan özboluşly taryhy ýyl ýazgysydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy işleri dünýä halklarynyň köp dillerinde neşir edilmegi arkaly biziň ýurdumyzda hem, onuň çäklerinden has alyslarda hem alymlaryň hem-de hünärmenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy eserleriniň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi daşary ýurtly okyjylaryň millionlarçasy üçin elýeterli bolmak bilen örän gadymy taryhy we medeniýeti bolan, özbaşdak demokratik döwlet hökmünde ösüşiň hem-de döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär. “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitap dünýäniň atçynaslarynyň we bedewe sarpa goýýan ähli adamlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Mälim bolşy ýaly, behişdi bedewlere aýratyn sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda ahalteke bedewleriniň diňe bir adaty çapşyklarda däl-de eýsem, atly sportuň beýleki görnüşlerinde hem ajaýyp netijeleri görkezendigini belleýär. Dünýäniň atly sportunyň we Olimpiýa hereketiniň taryhynda ahalteke bedewleri özleriniň mynasyp orunlaryny eýelediler.
Olaryň arasynda şöhrat gazanan “Absent” 12 ýylyň dowamynda olimpiýa bäsleşiklerinde birinji ýeri eýeläp, Olimpiýa oýunlarynyň yzly-yzyna üçüsiniň – 1960-njy ýylda Rimde, 1964-nji ýylda Tokioda we 1968-nji ýylda Mehikoda geçirilen olimpiýadalarda ýeňiş gazandy, şeýle hem “ХХ asyryň iň oňat sport bedewi” diýen ada mynasyp boldy. Onuň şejeresi –ХХ asyryň ortalarynda 2 metr 12 santimetr beýiklikdäki päsgelçilikden geçip, dünýä rekordyny goýan Arap atly ahalteke bedewi bilen baglanyşyklydyr. Türkmen bedewi Perepel uzynlygyna bökmek boýunça 8 metr 78 santimetr netije bilen dünýä rekordlarynyň taryhyna girip, giň meşhurlyga eýe boldy. Eger-de Penteli, Geren we Magara päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýokary netijeleri gazanan bolsa, Propeller atly türkmen bedewi ýaryşlaryň üç görnüşi boýunça geçirilen bäsleşiklerde tapawutlandy.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşany bolan ahalteke bedewleri dünýä siwilizasiýasynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary hökmünde häzirki wagtda öz milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda okgunly öňe barýan türkmen halkynyň ýokary taglymlarynyň, maksatlarynyň we asylly ýörelgeleriniň alamatlarydyr diýip bellediler. Döwlet Baştutanymyzyň behişti bedewlere “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ajaýyp kitabyny bagyşlamak bilen hormatly Prezidentimiziň behişti bedewlere goýýan sarpasy diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem giňden mälimdir.
Tanyşdyrylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen halkyna bütin dünýäde şöhrat getiren atçylyk sportuny we atçylyk pudagyny ösdürmek meselesi döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirildi. Ýurdumyzyň atçylyk pudagy döwlet tarapyndan yzygiderli hem-de maksatlaýyn goldawa eýe bolmak bilen täze ýokary göteriliş ýagdaýyny başdan geçirýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki döwüriň talaplaryna doly laýyk geýän we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen edara binasy Aşgabatda ýerleşýän ahalteke atçylygynyň halkara assosiasiýasynyň esaslandyrylmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, behişti bedewleri tutuş dünýäde mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam berýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar ynsanyň wepaly, syrdaş we ýakyn ýürekdeş dosty bolan meşhur “behişdi” bedewleriň gelip çykyşy öz gözbaşyny biziň eýýamymyzdan hem öňki müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Biziň ata-babalarymyz ençeme asyrlaryň dowamynda öz irginsiz zähmetini gaýgyrman, ähli zehinini hakyky sungat eserine öwrülen – gözelligi hem-de ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk türkmen bedewleriniň bu täsin görnüşini onuň tohum arassalygyny saklamak bilen, nesilden-nesle barha kämilleşdirdiler.
Arassa ganly bedewleriň has kämil görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek işleri tebigat bilen sazlaşykda amala aşyrylýar we türkmen atçynaslary ahalteke bedewlerini daşky gurşawa laýyklykda barha kämilleşdiripdirler. Altyn öwüşginli reňkli, uzyn we inçe aýakly, çeýe boýunly, guş kimin ýeňil gopýan hem-de çäksiz edermenlik tebigat sazlaşygynyň we atçynaslaryň döredijilikli, jebis, tutanýerli hem-de ak ýürekli zähmetiniň özboluşly jemlenmesidir. Biziň ýokary hünärli atçynaslarymyz bu ugurda öz işiniň inçe syrlaryny bilýän ýokary ussatlyk derejesine ýetdiler diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Şeýle hem, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitap häzirki döwürde Türkmen döwletinde milli medeni mirasy gorap saklamak we artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen okyjylary tanyşdyrýar, atçylyk däp-dessurlary bolsa, bu syýasatyň aýrytmaz bölegi bolup durýar diýlip bellenildi. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini wagyz etmäge çynlakaý üns berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň atçylyk pudagyny, şöhrat gazanan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça tohumçylyk-seçgi işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, çapuw we sport bedewlerini halkara ýaryşlaryna taýýarlamak işleri bilen göniden-göni baglanyşyklydyr.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitapdan bölekler okaldy. Täze neşiriň örän şowly çykandygyny bellemek bilen ýygnananlar türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraplaýyn işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.