Ï Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 689
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda öz diplomatiki işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dato Mohda Zulkefli Bin Mohd Nury kabul etdi.

Dotalukly ýurduň doly ygtyýarly wekili duşuşmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de türkmen döwletiniň Baştutanyny umumymilli baýramçylyk-Bitaraplyk güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ýurduň rowaçlygyna, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ähli özgertmeleri we maksatnamalary amala aşyrmakda üstünlik gazanmagy arzuw etdi. Diplomat Malaýziýanyň Türkmenistanyň parahatçylygy söýüjilige we giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanyp ýöredýän syýasatyny dolulygyna goldaýandygyny hem-de bu syýasatyň türkmen Lideriniň sebit we ählumumy derejjede parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak ugrunda öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny amala aşyrmakda wajyp ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň Premýer-ministrine mähirli salamyny iberdi hem-de Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýadaky ýurtlar, şol sanda, Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan taslamalar boýunça möhüm ähmiýetli hyzmatdaş hasaplanýan Malaýziýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şu ýylyň iýulynda Aşgabatda Malaýziýanyň Ilçihanasynyň we Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylmagy birek-birege içgin gyzyklanma bildirilýändigini aýdyň görkezýän subutnama bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gyzykly pikir alşyldy, ýokary derejede ynamly we özara hormat goýulmagyna esaslanýan gatnaşyklar, şeýle hem iki ýurduň döwletara derejesindäki wajyp meseleleriň ençemesi boýunça garaýyşlarynyň meňzeşligi ýa-da biri-birine laýyk gelmegi bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna degerli ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz we diplomat taraplaryň däbe öwrülen gatnaşyklara badalga berip, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagy maksat edinýändigini tassyklap, iki ýurduň we dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Malaýziýanyň Hazaryň ýalpaklygynda ýangyç serişdeleriniň gözlegini we çykarylmagyny amala aşyrýan iri “Petronas” nebitgaz kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistandaky işi netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňat nusgasy hökmünde görkezildi.

Milli Liderimiz Dato Mohda Zulkefli Bin Mohd Nuruň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şeýle hem iri halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda guralýan netijeli syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we çaltlandyrylmagyna goşan goşandyna ýokary baha berip, diplomata işde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Hoşlaşmak bilen, Malaýziýanyň ilçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýyllarda ýolbaşçylyk eden diplomatik wekilhananyň işine ýardam berendigi üçin ýene-de bir ýola tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hoşniýetli we göwnaçyk türkmen halkyna mähirli arzuwlaryny aýtdy.