Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekilini kabul etdi

view-icon 680
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň strategiýasy” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Owganystana goldaw bermek baradaky wekilhanasynyň baştutany jenap Ýan Kubişi kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygy bilen gutlady hem-de BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň hormatly Prezidentimize aýdan mähirli sözlerini we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Ýan Kubişiň belleýşi ýaly, türkmen döwletiniň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna gönükdirilen işjeň başlangyçlary Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki belent abraýyny şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin we halkara işjeň gatnaşyklary ösdürmek meselesinde möhüm orun eýeleýän hem-de BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy bolan türkmen döwleti bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz öz gezeginde BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muna mähirli sözlerini aýtdy hem-de halklaryň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň, sebitde parahatçylygyň hem-de rowaçlygyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýän Milletler Bileleşiginiň iri düzüminiň ýolbaşçysyny türkmen topragynda görýändigine şatdygyny nygtady. Türkmenistanyň BMG bilen ýola goýulýan gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň müňýyllygyň Ösüş maksatnamalaryna ýetmek ugrunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nazarlaýan ugra ygrarlydygyny tassyklady.

Işjeň ýagdaýda geçen gürrüňdeşligiň barşynda milli Liderimiz we ýokary wezipeli myhman soňky ýyllarda bilelikdäki işiň netijesinde oňyn tejribe toplanandygyny bellemek bilen, özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, Owganystandaky ýagdaý bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde äşgär edýändigini bellemek bilen, jenap Ýan Kubiş hormatly Prezidentimize goňşy Owganystana berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şu jähetden BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Owganystana berilýän ynsanperwerlik kömegiň, iberilýän elektroenergiýanyň, şeýle hem durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalaryň, şol sanda ulag pudagynda alnyp barylýan işleriň owgan ykdysadyýetiniň galkynmagyny we ösdürilmegini şertlendirýändigini nygtady. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy barada aýtmak bilen, jenap Ýan Kubiş bu taslamanyň diňe bir ykdysady bähbit nukdaýnazaryndan däl, eýsem, sebitleýin we ählumumy derejede syýasy durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana goldaw bermek baradaky wekilhanasynyň baştutany jenap Ýan Kubiş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky uzakmöhleti nazarlaýan we ählumumy abadançylygy hem-de ösüşi baş maksat edinýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.