Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 671
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek we bu babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak arkaly onuň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler baraba hasabat berdi. Bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” Kanunyna laýyklykda, bank işini hem-de gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamada ygtyýarlylandyrmaga hukugy bolan guramalaryň we kärhanalaryň işiň bu görnüşini ýerine ýetirmegiň möhleti, tertibi we düzgünnamasy anyk kesgitlenildi.

Şeýle hem wise-premýeriň hasabatynyň çäklerinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň dördünnji mejlisini 16-17-nji dekabrda Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan Hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça gol çekiljek Teswirnamanyň taslamasynyň taýýarlanandygy bellenildi. Bu resminamada ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, suw we oba hojalygy toplumlarynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem mejlisde ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere serediler diýip, wise-premýer habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna bu toparyň türkmen tarapyndan hödürlenýän düzümini tassyklamak hakyndaky Kararyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan hökümetara toparynyň 4-nji mejlisine gatnaşjak wekiliýeti ugratmak hakyndaky Buýrugyň taslamalaryny hödürledi.

Hasabaty diňläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bazar ykdysadyýetiniň we halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda ygtyýarlylandyrmagyň tertibini kämilleşdirmegiň ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertleriniň biridigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bank işini we gymmat bahaly metallar hem-de gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamanyň kabul edilmegi bu ulgamdaky hukuk gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegini, şeýle hem bu meselelere döwlet tarapyndan gözegçiligiň üpjün edilmegini şertlendirjekdigini nygtady. Ygtyýarlylandyrmagy tertipleşgdirmek boýunça alnyp barylýan işlere kanagatlanma bildirip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hökümetara türkmen-owgan toparynyň dördünji mejlisiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň ähli döwletler, ilkinji nobatda bolsa goňşy ýurtlar bilen ýola goýulýan özara peýdaly ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we gumanitar ugurlardaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Özara bähbitleri kesgitlemek we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin netijeli guraly işläp taýýarlamagyň bu toparyň möhüm wezipesi bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz degişli resminamalara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugrulary, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, 2013-nji ýylda umumy uzynlygy 2060,8 kilometr bolan elektrogeçiriji ulgamy çekmek meýilleşdirildi. Şu ýylyň 11 aýynda ulgamyň eýýäm 2168 kilometri çekildi. Munuň özi meýilnamanyň 105,2 göterimine barabardyr. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda “Türkmenenergotaslama” institutynyň şahamçalarynyň açylmagy bilen, elektrik geçiriji ulgamy çekmek boýunça taslamalaýyn resminamalary düzmek boýunça alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe boldy. Marynyň elektrostansiýasynyň energobloklarynda abatlaýyş işleri geçirildi. Bu bolsa bekediň kuwwatynyň 200 megawatt möçberde artdyrylmagyna mümkinçilik berdi. Wise-premýer hasabatynyň dowamynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda kiçi göwrümli gazturbinaly elektrik beketleriniň, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda kuwwaty 500 megawatt bolan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygy boýunça degişli çäreleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Abatlaýyş işleri geçirilenden soň Seýdiniň ýylylyk elektrik bekediniň energoblogynyň kuwwaty 30 megawatt ýokarlandy. Şeýle hem täze elektrik beketlerini gurmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli çäreler alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly işler barada hasabat berdi.

Mälim bolşly ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň çemeleşmelerine degişli başlangyçlaryň bäşisini öňe sürdi. Şol başlangyçlaryň biri hem Türkmenistanyň Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Atamyrat we Mary şäherlerinde Andhoýyň we Hyradyň her birine 25 megawatt elektrik energiýasy iberilýär. Lebapda we Maryda gazturbinaly elektrik beketleriniň işläp başlamagy bilen Andhoýa we Hyrada ýene-de goşmaça 100 megawatt elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik dörär. Içki elektrik geçirijileriň ýagdaýy gowulandyrylsa, onda Andhoýa 300 megawatta çenli elektrik energiýasy ugradylar.

Elektroenergetika ulgamynyň milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biridigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika syýasatynyň Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga, şeýle hem onuň beýleki ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady.

Biziň ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýeti bolan energetika babatdaky hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda energiýa geçirijileriň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny nygtady.

Häzirki döwürde energiýa çeşmelerine we olary ugratmagyň serişdelerine deňhukukly, bökdençsiz hem-de kepillendirilen ugur bilen baglanyşykly meseleler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde öňe süren işjeň başlangyçlarynyň biriniň hut şu ugra degişldigini, ýakyn geljekde Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberiniň has-da artdyryljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň dostlukly owgan halkyna elektroenergiýany yzygiderli ugratmagyň, şeýle hem Owganystanyň çägindäki kuwwatlyklara çykmak hem-de olara goşulmak üçin özüniň energetika düzümini giňeltmegiň meselelerine täzeden garamaga taýýardygyny belledi. Şu jähetden milli Liderimiz biziň ýurdumyz hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde goňşy ýurtda birnäçe taslamalary, şol sanda owgan halkyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek, Owganystanyň çäginde möhüm ykdysady desgalary gurmak boýunça işleri alyp barýar diýip nygtady.

Milli Liderimiz gürrüňi dowam etmek bilen, energiýa enjamlarynyň durkuny täzelemek we olary döwrebaplaşdyrmak, önümçilige elektroenergiýanyň ýokary üpjünçilik derejesine mümkinçilik berýän daşary ýurtlaryň energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly welaýatlarda bu ulgamyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda häzirki zaman hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmegiň jähetinde milli parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi. Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, onuň garamagyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünnamalaryna, döwlet Baştutanymyzyň tekliplerine laýyklykda, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we halkara kadalaşdyryjy resminamalaryny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan täze kanunçylyk taslamalaryň girizilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de batly depginlerde öňe gitmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde Mejlisiň meýilnamalaýyn hem-de yzygiderli işiniň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, täze kanunçylyk-hukuk resminamalary häzirki döwrüň talaplaryny we türkmen döwletiniň hem-de jemgýetiniň geljekki ösüşini nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ministrlik tarapyndan geçirilýän işler barada aýtmak bilen, 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda bu möhüm syýasy wakanyň geçirilýän döwründe ýurdumyzyň çäklerinden daşarda bolýan raýatlarymyzyň ses bermegi üçin saýlaw uçastoklary döredildi. Olar häzirki zaman enjamlary, ses bermek üçin içi görünýän gutular, degişli kadalaşdyryş hem-de kanunçylyk namalary we usulyýet edebiýaty bilen üpjün edilendir. Tutuşlygyna alnanda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda jemi 33 saýlaw uçastogy döredildi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilýän parlament saýlawlaryna gözegçiligi amala aşyrmak üçin halkara bilermenleriniň we synçylarynyň, şol sanda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň, ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň, GDA-nyň wekilleriniň çagyrylandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemlemek bilen, Mejlisiň deputatlarynyň öňde boljak saýlawlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka, türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratizasiýalaşdyrmagyň, hakyky halk häkimliýetiniň pugtalandyrylmagynyň ýolunda möhüm waka hökmünde ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň işleriniň degerli guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, saýlawlaryň geçirilişine milli synçylar bilen bir hatarda, halkara synçylarynyň we bilermenleriniň hem gözegçiligi amala aşyrjakdyklaryny belläp, Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn işjeň hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, “Malaý” gaz ýatagynda gurulýan täze gaz gysyjy desgada işleriň ilerledilişi barada habar berildi. Bu desganyň işe girizilmegi Türkmenistan –Hytaý döwletara gaz geçirijisine akdyrylýan “mawy ýangyjyň” möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu desga üçin gaz ölçeýji ulgamyň satyn alynmagyny göz öňünde tutýan Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Wise-premýer şeýle hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi. Şol çäreleriň hatarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan maslahat bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, şunuň bilen baglylykda, bu topluma girýän pudaklaryň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleler barada durup geçip, täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmagyň wajypdygyny aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz “Malaý” gaz ýatagynda gurulýan gaz gysyjy desga üçin täze ölçeýji ulgamy satyn almak hakyndaky” Kararyň taslamasyna gol çekip, ony ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda giňden bellenilip geçiljek Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen ýygnananlaryň ählisini hem-de ýangyç-energetika toplumynyň işgärlerini tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş edip, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Daşoguz welaýatynda ýylda 30 müň tonna tüwi öndürmäge niýetlenen döwrebap şaly arassalaýan kärhanany gurmak, şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça Türkmenbaşy etrabynda deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak baradaky Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejelere çykarmaga gönükdirilen “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň” ileri tutulýan ugurlary barada durup geçmek bilen, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň, öňdebaryjy agrotehniki kadalary ornaşdyrmagyň, azyk önümçiligi pudagynyň düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, munuň geljek ýylyň bol hasylynyň ygtybarly girewi bolup durýandygyny nygtady, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak işleriniň hemme ýerlerde dowam etdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmagy üpjün etmek üçin ähli degişli çäreleriň geçirilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Daşoguz welaýatynda tüwi öndürýän döwrebap şaly arassalaýan kärhanany gurmak hakyndaky” hem-de “Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak hakyndaky” Kararlaryň taslamalaryny makullap, bu resminamalara gol çekdi we olaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny berk gözegçilige almak barada tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, dokma senagatynyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer dokma pudagynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, kärhanalarda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek, olary içerki we daşarky bazarlarda üstünlikli ýerlemek boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu pudagyň önümçilik kuwwaty dünýäniň esasy kompaniýalarynyň öndüren, ýokary hilli we alyjylaryň arasynda uly isleg bildirilýän önümleri çykarmaga mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edildi. Milli Liderimiz pudagyň isleglerini we tekliplerini içgin öwrenmegiň, nyrhlar syýasatyny kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, kärhanalaryň düşewüntliligini artdyrmak maksady bilen, eksporta gönükdirilen önümleriň, şol sanda taýýar önümleriň täze görnüşleriniň öndürilişini ýola goýmagyň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň we önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady.

Soňra gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň bazarlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek hem-de bahalaryň durnuklylygyny saklamak, ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganow hasabat berdi. Bellenilşi ýaly, häzirki döwürde paýtagtmyzyň we welaýatlaryň ähli bazarlarynda, söwda nokatlarynda baýramçylyk söwdasyny guramaga taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň ilatyna Diýarymyzda we daşary ýurtlarda öndürilen önümleriň we harytlaryň giň görnüşi hödürlenýär. Azyk önümleriniň söwdasy bilen bir hatarda, çagalar üçin sowgatlyk önümleriň, arçalaryň bezeglik serişdeleriniň söwdasy hem guraldy.

Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bazarlarynda harytlaryň bolçulygyny we olaryň elýeterli bahasyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu meseleler ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda hemişe üns merkezinde durmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk işleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bu nurana baýramçylygy degişli derejede garşylamak we hyzmat ulgamynyň ähli edaralarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde dynç almagyny guramaga görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Hususan-da, şu mesele bilen baglanyşykly bilim ulgamynyň, çagalaryň göwnejaý dynç almagyny üpjün etmäge dahylly beýleki hünärmenleriň, şeýle hem ýanwar aýynyň 2-11 aralygynda çagalaryň 7 müňden gowragynyň dynç almagy meýilleşdirilýän Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýörite maslahat geçirildi.

Çagalar üçin dürli medeni-dynç alyş çärelerini, gezelençleri, çport ýaryşlaryny we döredijilik çärelerini, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyny birleşdirýän çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Mundan başga-da, paýtagtymyzda 1-10-njy ýanwar aralygynda çagalar üçin Döwlet arçasy baýramçylygyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Şol ýerde çagalaryň gyşky dynç alyş günlerinde paýtagtymyzyň we welaýatlaryň çagalarynyň müňlerçesi şadyýan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşar.

Soňra wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny we tutuş Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, çagalaryň gyşky dynç alşyny guramak meselesini aýratyn gözegçilikde saklamagy, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde arassaçylyk kadalarynyň hem-de howpsuzlyk talaplarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmegi, sagaldyş edaralarynyň işgärleriniň işiniň kadaly guralmagyna, mekdep okuwçylarynyň boş wagtlaryny peýdaly geçirmek we saglygyny berkitmek meselelerine üns bermegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz çagalaryň okuwdan boş wagtlaryny netijeli we peýdaly geçirmegi üçin ähli mümkinçiliklerden doly peýdalanmagyň, sport desgalarynyň, medeniýet edaralarynyň binýadyny we beýleki serişdeleri ulanmagyň wajypdygyny nygtap, çagalar üçin ýatdan çykmajak, şadyýan we köp öwüşginli Täze ýyl çärelerini guramak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmegiň strategiýasy we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça berlen teklipler babatda degişli ýolbaşçylara bu taslamalary ýene-de bir gezek jikme-jik seljermegi, pudagyň öňünde durýan wezipeleri çözmekde bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Türkmenistanyň 2-6-njy dekabr aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we 8-9-njy dekabrynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen Medeniýet günleriniň netijeleri, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyny garşylamak bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Medeni çäreleriň ikisiniň hem uly üstünlik bilen geçendigini we Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirendigini bellemek bilen, wise-premýer medeni çäreleriň barşynda resmi düzümleriň wekilleri, alymlar, hünärmenler we döredijilik işgärleri bilen birnäçe duşuşyklaryň geçirilendigini habar berdi. Şeýle hem ol geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň umumy medeni ähmiýeti bolan taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmek hem-de gorap saklamak, muzeý işini ösdürmek babatdaky bilelikdäki işleriň ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Mundan başga-da, wise-premýer Medeniýet günleriniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň sergisiniň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylandygyny belledi. Medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary ABŞ-nyň we BAE-niň iri muzeýlerine baryp gördüler we şol ýurtlaryň ajaýyp ýerleri bilen tanyşdylar.

Medeniýet ulgamynyň Täze ýyl baýramçylygyny garşylamak mynasybetli alyp barýan taýýarlyk çäreleri barada aýtmak bilen, wise-premýer Täze ýyl dabaralaryny, şol sanda çagalar üçin niýetlenen dürli çykyşlary, dynç alyş çärelerini geçirmek boýunça giň möçberli medeni maksatnamanyň taýýarlanandygyny habar berdi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmekde medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli medeniýetini we mirasyny halkara möçberde has giňden wagyz edilmegini, milletara medeni gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini, türkmen halkynyň medeni mirasyny ylmy taýdan öwrenmek we goramak babatda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini mundan beýläk-de ösdürmäge ünsi çekdi.

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çärelere taýýarlyk işleriniň meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagyny tabşyrdy we baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlarynyň, Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň döwrebap maksatnamasynyň düzülmelidigini belledi. Täze ýyl halkymyzyň, esasan-da, çagalaryň iň söýgüli baýramçylyklarynyň biridir, hut şonuň üçin hem Täze ýyly ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň mynasyp garşylamagyny üpjün etmegiň, ulular we çagalar üçin medeni dynç alşy, ýokary derejeli baýramçylyk çärelerini guramak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki parkyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýerli howa ýollaryny ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ATR 42-600 uçarynyň Aşgabat-Mary-Aşgabat ugry boýunça synag uçuşynyň amala aşyrylandygyny habar berdi. ATR fransuz – italýan kompaniýasynyň önümi bolan bu orta göwrümli uçar 50-ä çenli ýolagçyny gatnatmaga niýetlenendir we ýurdumyzyň içerki howa ýollarynda ulanylmagy göz öňünde tutulýan howa gämileriniň biridir. Bellenilişi ýaly, synag uçuşy türkmen hünärmenlerine iş ýüzünde bu uçaryň ygtybarlylygyna we artykmaçlyklaryny baha bermäge mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň mundan beýläk-de “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň düzümini kämilleşdirmek, iň häzirki zaman uçarlaryny satyn almagyň hasabyna ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki parkyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine uly üns berjekdigini belledi we wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz tutuş ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzyň söwda flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselesine hem uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda täze döwrebap gämileri satyn almagyň hasabyna milli flotumyzyň üstüniň ýetirilýändiginiň kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini üpjün etmek jähetinden bu ugurda geçirilýän işleriň wajypdygyny nygtady we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.