Ï HHR-iň žurnalistleriniň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

HHR-iň žurnalistleriniň wekiliýetiniň sapary

view-icon 694
Şu günler Sinsizýan Telewideniýesiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi halk radiosynyň žurnalistler topary Türkmenistanda boldy.

Biziň ýurdumyzda bolmak bilen, hytaý wekiliýetiniň agzalary Daşary işler ministrliginde, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministrliginde, Awtomobil ulaglary ministrliginde, Demirýol ulaglary ministrliginde, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogeplikşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynda kabul edildi.

Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlara ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup çykyş edýän giň halkara hyzmatdaşlygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi. Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli milli taslamalaryň we maksatnamalaryň esasy taraplary bilen tanyşdyryldy.

Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Türkmenistana gelen wagtynda türkmen döwletiniň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndaky üstünlikler we gazanylanlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Wekiliýetiň agazalary, şeýle hem Hazaryň ekologik taýdan arasa kenarynda döredilýän deňiz dynç alşy boýunça taslama üstünlikli durmuşa geçirilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördüler, şonuň ýaly-da Lebap welaýatynda ýerleşen “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäklerde bilelikde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Saparyň barşynda myhmanlar, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdylar.