Ï Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk

view-icon 839
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde ýekşenbe güni geçiriljek ýurdumyzyň milli parlamentine deputatlaryň saýlawlarynyň barşyna gözegçilik etmek üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň (ÝHHGPA) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Mähirli, ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri we iň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolup çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.

Wekilçilikli düzümiň agzalary ÝHHG-niň maslahat beriji edarasy bolup durýan Parlament Assambleýasynyň düzümine gurama agza bolan döwletleriniň ählisinden parlamentarileriň üç ýüzden gowragynyň girýändigini habar berdiler. Uly oňyn tejribä eýe bolup, Assambleýa gyzyklanma bildirýän döwletleriň saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam berip, saýlawlara gözegçilik etmekde hem-de umuman, kanunçykaryjy edaralaryň işinde möhüm orny eýeleýär.

Giň demokratik özgertmeler ýolunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylan ädimlere ýokary baha berip, myhmanlar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň öz tarapyndan umumy kabul edilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän hakyky demokratik saýlawlary açyk we erkin geçirmek meselelerinde türkmen tarapyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyna ynandyrdylar.

Bellenilşi ýaly, şunuň bilen baglylykda özara tejribe alyşmaklygyň hem-de parlament institutlaryny ösdürmek boýunça okuw maslahatlaryny geçirmegiň hasabyna saýlawlara taýýarlyk we ony geçirmek ulgamynda bar bolan halkara kadalary we tejribesi bilen tanyşmaklygyň, görnükli daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda duşuşyklaryň, şeýle hem daşary ýurtlara saparlara çäklerinde hemme saýlaw işleriniň öwrenilmeginiň ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga açykdygyny beýan edip, milli parlamentiň ýolbaşçylary çagyrylan halkara synçylaryň doly bahaly işlemekleri, olaryň saýlaw möwsümine hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň täze agzalaryna saýlawlarynyň gönüden-göni özüne gözegçiligi päshelçiliksiz we adalatly amala aşyryp bilmekleri üçin hemme şertleriň dörediljekdigine ynandyrdylar.

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda, şeýle hem parlamentdäki orunlar üçin ilkinji gezek bäsleşmäge girişen partiýalaryň ikisiniň – Demokratik partiýanyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilendir.