Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgermeler maksatnamalarynyň jähtinde, şol sanda oba hojalyk ulgamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, 15-nji dekabrda sebitde geçirilen möhüm jemgyýetçilik syýasy çäre—Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary, obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda Täze ýyl baýramçylygyny ýokary derejeli geçirmek, bazarlarda we dükanlarda harytlaryň bolçulygyny döretmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi, şäherçeleriň hem-de şäherleriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi, şeýle hem welaýatda edara-kärhanalaryň işgärlerine zähmet haklarynyň tölenilişi bilen içgin gyzyklanyp, bu işleriň bildirilýän talaplara laýyk derejede ýola goýulmagy barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk işlerine ünsi çekip, dükanlarda we bazarlarda azyk önümleriniň, sowgatlaryň we beýleki harytlaryň nyrhlaryny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol sebitde işleriň ýagdaýy, sebitde geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary, welaýatyň oba hojalyk ulgamynda, hususan-da, maldarçylyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz welaýatyň obasenagat toplumyny has-da ösdürmek maksadynda görülýän çärelere ünsi çekip, sebitiň maldarçylyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreleriň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde, esasan-da, Türkmenbaşy şäheriniň täze döredilen etraplarynda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagynyň möhümdigini belledi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda dürli maksatly binalaryň ýyladyş ulgamynyň we olaryň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişiniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli maslahatda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hasabat bilen çykyş edip, ilki bilen welaýatda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçirilişi barada habar berdi. Şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berildi. Bular bilen bir hatarda häkim sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.
Milli liderimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada durup geçmek bilen, sebitiň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini, şeýlelikde, dürli ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň depgininiň ýokarlandyrylmalydygyny tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belläp, munuň üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, welaýatda halkara ýaryşlarynda çykyş etmäge ukyply türgenleriň we ussat tälimçileriň sanynyň artmagy boýunça alnyp barylýan işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçiik edýän orunbasary S.Satlykow blelikde çagyryldylar. Ilki bilen häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, sebitiň oba hojalyk ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler, welaýatda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary, şeýle hem welaýatyň senagat düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de obalarda ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmäge gönükdirilen milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekip, sebitde mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň saglygy goraýyş düzümleriniň täze binalarynyň, bazarlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň depginlerniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly işlemelidigini aýdyp, bu babatda häkime birnäçe taşyryklary berdi.
Şeýle hem iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow bilen häkim M.Joraýew sebitde käbir binalaryň durkuny täzelemek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama hem-de olaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berip, degişli taslamalaryň birnäçesini görkezdiler.
Soňra wise-premýer S.Satlykow özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ady agzalan pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizidi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek, düzümler üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň hemişe bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde has-da zerurdygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow öz gezeginde häzirki döwürde welaýatyň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler, sebitde geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem häkim Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk çäreleri, sebitiň dürli maksatly desgalarynyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjünçiligi hem-de olaryň ýyladyş ulgamlarynyň ulanyş ýagdaýy barada jikme-jik habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň örän möhümdigini bellemek bilen, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklandy hem-de ähli binalarda ýyladyş ulgamynyň göwnejaý derejede hereket etmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Täze ýyl baýramçylygy barada aýdylanda bolsa, bu babatda guralýan medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilmegine örän jogapkärli çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, maldarçylykda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mineral dökünleri saklamak üçin gurulmagy meýilleşdirilýän 145 ammaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň talaba laýyk guralmagyny, mallaryň göwnejaý gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çärelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini we bu babatda pudaklaýyn düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Görkezilen taslamalary umuman oňlap, hormatly Prezidentimiz şeýle hem desgalaryň gurluşygynda öňdebaryjy tejribäniň giňden ulanylmalydygyny, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmammedowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy we bu ýerde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankarada guralan Aşgabadyň günleri barada hem hasabat berildi. Şol çäräniň çäklerinde 13-15-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary guraldy. Bellenilşi ýaly, bu medeni çäre Ankaranyň jemgyýetçiliginde ägirt uly gyzyklanma döretdi, ussat türkmen çapyksuwarlarynyň çykyşlary bolsa türk mähellesiniň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Aşgabat şäheriniň häkimi 15-nji dekabrda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň paýtagtymyzda geçişi barada hem hasabat berdi. Mundan başga-da, şäheriň ýyladyş ulgamlarynyň saz işlemegini, şol sanda mekdeplerde, çagalar baglarynda we ýaşaýyş jaýlarynda işini üpjün etmek, şeýle hem Aşgabat şäherini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şunuň bilen bir hatarda, Täze ýyl mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk hem-de ýetip gelýän baýramçylygyň öňüsyrasynda edara- kärhanalaryň işgärlerine aýlyk hakyny tölemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Paýtagtymyzda amala aşyrylýan işlere oýlanyşykly, toplumlaýn çemeleşmegiň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäher düzümini has-da kämilleşdirmek, degişli ugurda öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp düzmeleri işjeň ulanmak meselelerine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň ähli durmuş-üpjünçilik ulgamlarynyň, şol sanda ýyladyş we energiýa ulgamlarynyň takyk we bökdençsiz işlemegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy.
Ankarada geçirilen Aşgabadyň günleri baradaky gürrüňi gozgamak bilen, döwlet Baştutanymyz şeýle çäreleriň dünýäde milletimiziň baý medeni mirasy bilen giňden tanyşdyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýändigini belledi.
Täze ýyl mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada aýdylanda bolsa, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ählihalk tarapyndan söýülýän baýramçylygy paýtagtymyz aýratyn gözel görnüşde garşylamalydyr. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz milli we häzirki zaman bezeg aýratynlyklaryny ulanmak bilen paýtagtymyzy bezemek meseleleri barada örän oňat oýlanmagyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, häkime paýtagtymyzyň bazarlarynda, dükanlarynda we söwda merkezlerinde azyk önümleriniň we harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Ol gözegçilik edýän ulgamlarynda, şol sanda gurluşyk pudagynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Aşgabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň taslamalaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda gurulýan ähli desgalary ýokary hilli bina etmegiň, olaryň ulanyş maksadyny we beýleki taraplaryny, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyny nazara almak bilen binalary we desgalary taslamaga toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz häzirki zaman binagärligi we bezegi babatda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki işleri we gazanylanlary giňden peýdalanmak meselelerine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýaşaýyş jaýlarynyň hödürlenen taslamalaryny doly işlemegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge döwletimiziň uly möçberde serişdeleri goýberýändigini aýdyp, wise-premýere degişli gulluklaryň işlerini has-da kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtyň özünde göni wideoşekilli aragatnaşyga Içeri işler ministri I.Mulikowy hem çagyrdy. Ministr ýurdumyzda düzgün-tertibi üpjün etmek, islendik düzgün bozulmalaryň, şol sanda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň IIM-niň düzümleri tarapyndan amala aşyrylmagy barada hasabat berdi.
Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belläp, Täze ýyl baýramçylyk günlerinde ähli ýerlerde jemgyýetçilik düzgün-tertibini, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz IIM-niň ähli düzümleriniň işini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganow hem çagyryldy.Ol gözegçilik edýän ulgamynda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ammar gurmak üçin Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginden ýer bölegini uzak möhlete peýdalanmaga bermek barada teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti bu taslamany makullap, soňky ýyllarda ýurdumyzyň telekeçileri Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga has işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde hem telekeçilik düzümleriniň işewürlik we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, köpugurly mümkinçiliklerini amala aşyrmak maksadynda ykdysadyýetiň hususy ulgamyna goldaw berjekdigini aýtdy.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahat Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol gözegçilik edýän ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda bu wajyp ugurlaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýandygyny belledi. Bu ugurlar boýunça ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen baglanyşykly meseleleriň hemmesini, hususan-da, täze sport desgalarynyň gurluşyklaryny mydama üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtap, milli Liderimiz wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de S.Toýlyýewe bu babatda anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine işlerinde we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygyny hem-de bagtly durmuşyny üpjün etmäge, ýurdymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.