Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG ÖM-niň dolandyryjysynyň orunbasary, BMG ÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit direktory hanym Jihan Sultanogluny kabul etdi.
Ýokary wezipeli myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip we munuň Türkmenistana ilkinji saparydygyny belläp, döwlet Baştutanymyza hem-de bütin türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munyň mähirli salamyny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, hanym Jihan Sultanoglu milli Liderimizi ýakynda bellenip geçilen şanly sene – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygy bilen gutlap, sebitleýin we giň möçberde abadançylygyň hem-de rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerinde ýurdumyzyň işjeň garaýşyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň BMG we onuň iri düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlyga tarap alnan ugra ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretaryna we BMG ÖM-niň dolandyryjysyna mähirli salamyny iberip, Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklaryň, şol sanda ýurdumyzyň we BMG ÖM-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady, onuň özeninde dürli ugurlarda bilelikde işlemegiň köpýyllyk baý tejribesi bar.
Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman soňky ýyllarda täze hile we mazmuna eýe bolan Türkmenistanyň BMG ÖM bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagy, sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüş üçin şertleri döretmegi maksat edinýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň döredijilikli orny bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Jihan Sultanoglu möhüm taslamalary, şol sanda sebit derejesindäki taslamalary durmuşa geçirmekde BMG bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde işjeň goldaw berýändigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Netijeli özara gatnaşyklary giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň geljegi hakynda bolan pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanda geçirilýän uly möçberli we toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde munuň üçin örän amatly mümkinçilikleriň açylýandygy nygtalyp geçildi. Munuň özi döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ygtybarly esasy döredýär. Bu babatda hanym Jihan Sultanoglu Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň ýokary görkezijilerini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda myhman döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça geçirilen netijeli söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, BMG ÖM-niň Türkmenistan bilen oňyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG ÖM-niň dolandyryjysynyň orunbasary, BMG ÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit direktory ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky däbe öwrülen strategiki häsiýetli hyzmatdaşlygyň geljekde-de täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG ÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins gatnaşdy.