Ï Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

view-icon 853
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda 15-nji dekabrda geçirilen parlament saýlawlaryna gatnaşmaga çagyrylan, GDA ýurtlarynyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän GDA-nyň Ýerine etiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk etmäge iberilen çakylyk we Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işlerine hem-de onuň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrmak babatda döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň işini umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda alyp barandygyny habar berdi. Arkalaşyga girýän ýurtlaryň dokuzysyndan 68 synçyny özünde jemleýän wekiliýetiň agzalary üçin paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň saýlaw okruglaryna baryp görmäge we saýlawlara taýýarlyk işlerine, onuň barşyna, ses berlişine we sesleriň sanawyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berildi.

Geçen dynç güni geçirilen saýlawlaryň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, S. Lebedew olaryň giň bäsdeşlik esasynda, hereket edýän milli kanunçylyga we saýlawlary guramak hem-de geçirmek babatda umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda guralandygyny nygtady.

2008-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlaryndan bäri, Türkmenistanyň saýlawlar kanunçylygyna birnäçe üýtgetmeler girizildi. Olar saýlawçylaryň hem-de deputatlyga dalaşgärleriň hukuklarynyň has-da giňemegini şertlendirendigini bellemek bilen, S.Lebedew 2013-nji ýylda geçirilen saýlawlaryň umumy ykrar edilen demokratik kadalara laýyklykda, açyklyk esasynda geçendigini we onuň Türkmenistanyň raýatlarynyň erkin ses bermäge bolan hukuklaryny üpjün edendigini nygtady.

Hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz GDA-nyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Arkalaşyga assosirlenen agza bolmak bilen, Bitaraplyk derejesine laýyklykda ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

“Biziň ýurdumyz diňe bir dostluk gatnaşyklary däl, eýsem, onlarça möhüm bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmekde deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmegiň onýyllyklaryň dowamynda baý tejribe alyşmak arkaly baglanyşýan hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň toparyna we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine ýurdumyza berýän kömek-goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň GDA giňişligindäki özara goşulyşmak gatnaşyklaryna mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyny belledi.

Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlyk üçin açyklyk häsiýete eýe bolan ornuna ýokary baha bermek bilen, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy ýurdumyzyň ýola goýulýan halkara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlardaky gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegine goşýan goşandynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistan bilen hemişelik hereket edýän ýerine ýetiriji, edara ediji we utgaşdyryjy abraýly gurama bolan Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň geljegine degişli meseleleriň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy -- Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew hoşlaşanlarynda birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýtmak bilen, GDA-nyň çäklerinde ýola goýulýan köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.