Ï Türkmenistanyň Prezidenti V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirdi

view-icon 1061
Aşgabat – sport paýtagty: işleriň maksatnamasy kesgitlendi

Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň göçme mejlisi geçirildi.

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 2017-nji ýylda kabul etjek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz bu waka jahanyň sport dünýäsinde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak, şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmek, onuň hatarlaryna ýaşlaryň we çagalaryň köp sanlysyny çekmek nukdaý nazaryndan aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamyň häzirkizaman düzümini döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek meselelerine milli Liderimiz tarapyndan diňe bir ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek üçin esaslyk binýadyny döretmek däl-de, eýsem, berk bedenli nesli ýetişdirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini we endiklerini berkarar etmek nukdaý nazaryndan hem seredilýär.

Bu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu ýerde eýýäm stadionlaryň onlarçasy, Buzly köşk, Suw toplumy, Gyşky oýunlar sport tplumy we beýleki sport desgalarynyň ençemesi bar. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklere we dünýä gazananlaryna tarap okgunly hereketiniň beýanyna öwrüldi. Bu ýerde ýene birnäçe ýyldan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň başlangyjy Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň şeýle çözgüdi kabul etmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat etdi. Milli Liderimiz bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Galyberse-de, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Başlygy bolup durýan döwlet Baştutanymyz Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagyna—sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin Hormat ordenine mynasyp boldy.

Sebitde iri Olimpiýa şäherçesinň gurluşygyna üç ýyl mundan öň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan badalga berildi. Geçen aýda milli Liderimiz bu ägirt uly gurluşykda işleriň ýagdaýyny gözden geçirip, toplumda gurluşygy tamamlanan desgalar bilen tanyşdy. Noýabr aýynyň ahyrynda bu ýere Aşgabat şäherinde geçirilen, 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna bagyşlanan halkara sport media-foruma gatnaşyjylar—daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlarynyň, metbugat neşirleriniň žurnalistleri we habarçylary gelip gördüler we bu taslamanyň gerimine haýran galdylar.

... Ir säher bilen döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň harby-hukuk goraýjy edarlarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüni garşylanlar bilen bilelikde myhmanhananyň eýwanyna barýar, bu ýerde döwlet Baştutanymyz V Aziýa oýunlarynyň desgalary we nyşanlary şekillendirilen planşetleri, şeýle hem tutuş toplumyň maketi bilen tanyşýar.

Bu ýerde desgalaryň, şol sanda 800 we 450 orunlyk myhmanhanalaryň, Olimpiýa stadionynyň, köpugurly sport toplumlarynyň, 6 müň tomaşaçy orunlyk üsti ýapyk welotregiň, 5 müň tomaşaçy orunlyk üsti ýapyk atletika arenasynyň we 15 müň tomaşaçy orunlyk ýene-de bir zalyň, 5 müň tomaşaçy orunlyk ýapyk ýüzülýän howzuň we 4 müň tomaşaçy orunlyk ýapyk tennis kortunyň daşky we içki bezegleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Şeýle hem Işewürler merkeziniň, binanyň birinji gatynda ýerleşjek Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň edara jaýlarynyň, dikeldiş-lukmançylyk merkeziniň, köp gatly awtoduralganyň, restoranyň we beýleki düzümleýin desgalaryň taslamalary hem-de eskizleri goýlupdyr. Gurluşygy üç tapgyrda alnyp baryljak Olimpiýa şäherçesiniň düzümine dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragy girer. Sport şäherçesiniň ägirt uly giňişliginde ýeke relsli ýoluň hereket etmegi bilen, bu ýerde ähli amatlyklary üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesini abadanlaşdyrmak boýunça hödürlenen taslamalar we teklipler bilen tanşyp, bu işde esasy şertleriň biriniň diňe bir Aziada döwründe däl, eýsem oýunlar tamamlanan soň, sport we degişli düzümiň netijeli hereket etmegini göz öňünde tutmakdygyny belledi.

Milli Liderimiz bezeg işleriniň türgenleriň hal-ýagdaýyna oňyn täsirli nukdaý nazaryna aýratyn üns bermelidigini bellemek bilen, bu çäkleriň yşyklandyryş sazlaşygyndan başlap, dürli maksatly enjamlaryň ýerleşdirilişine çenli ähli işlere oýlanyşykly çemeleşilmelidigini aýtdy. Türgenleriň ýokary netijelere ýetmegine olaryň diňe bir beden taýdan taýýarlygy ýa-dy ussatlygy däl, eýsem olaryň hal-ýagdaýyna hem köp zatlaryň baglydygyny bellemeli. Bu babatda iň häzirki zaman usullaryň netijeli ulanylmagynyň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ýerde türgenler we tomaşaçylar, şeýle hem başga-da köp sanly ýaryşlary guraýan hem-de hyzmat edýän hünärmenler üçin iň amatly şertleriň döredilmeginiň esasy talapdygyny nygtady.

2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň alawynyň, onuň nyşanynyň we elbetde, sport bäsleşikleriniň esasy baýraklary bolan—medallar toplumynyň, şeýle hem güwänamalaryň nusgalary görkezildi. Milli Liderimiz olaryň her biri bilen içgin tanşyp, olar babatda birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz desgalaryň bezeg işlerinde we Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynda türkmen halkynyň milli bezeg aýratynlyklaynyň aýratyn orun eýelemegi bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri aýtdy.

Aziada 2017-niň alawlarynyň 10-dan gowrak görnüşleriniň içinden ikisini aýrtany bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň birinde milli şekiller, beýlekisinde bolsa başyny belent tutup duran ahalteke bedewiniň boýnunyň görnüşi şekillendirilse şowly boljakdygyny aýtdy. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz alawyň gutarnykly görnüşi seçilip alnanda, olarda ýalnyň saklanmagyny hem-de tutuş ýurdumyz boýunça alawy elden-ele geçirip gelýän türgenler üçin amatly bolmagyny göz öňünde tutmalydygyny nygtady. Çünki şunuň ýaly abraýly ýaryşlary özümizde geçirmek türkmen paýtagtyna goýulýan belent sarpadan, biziň halkymyzyň mynasyp bolan derejesinden habar berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Alawda dünýä belli “Galkynyş” käninden alnan gazyň ulanylmagy has-da buýsançly bolar. Hut şonuň üçinem alawyň tutuş ýurdumyzdan geçiriliş ugruny Mary welaýatyndan başlap, Lebap, Daşoguz, Balkan welaýatlarynyň çäginden geçirip, Ahal welaýatyna, soňra bolsa Aşgabat şäherindäki Olimpiýa stadionyna çenli ugry öz içine alsa, Aziýa oýunlarynyň alawynyň dabaraly ugruny alamatlandyrar. Häzirki günlerden başlap, alaw göterijileriň ugurlary, ýollaryň ýagdaýy, nurana bezeg serişdelerini ulanmak arkaly degişli düzümleri döretmek, milli özboluşlylygy we milli bezegleri ulanmak bilen baglynyşykly meselelere oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we we alawlaryň nusgalarynyň öz wagtynda synagdan geçirmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem Aziadanyň nyşanlary we medallaryň toplumy bilen tanyşlygyň barşynda olaryň sekiz görnüşine seredildi. Hormatly Prezidentimiz olaryň her birinde oňyn çözgütleriň we şowly teklipleriň jemlenmelidigini we şu esasda aňrybaş sazlaşygyň döredilmelidigini nygtady. Munuň üçin bolsa Aziada-2017-niň nyşanlarynyň we beýlpeki serişdeleriniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, çeperçilik toparlarynda, giň jemgyýetçilik guramalarynda tanyşdyryş çäreleriniň geçirilmelidigini, olaryň barşynda pikirleriň köpüsini nazara almak arkaly nyşanlaryň gutarnykly görnüşiniň işlenip taýýarlanylmalydygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň Maslahatlar zalyna bardy. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bar.

Döwlet Baştutanymyz sahna çykýar we prezidiumda öz ornuna geçip, bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

2017-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň göçme mejlisini açmak bilen, döwlet Baştutanymyz şu mejlise biz Aziýa oýunlaryny taýýarlamak we geçirmek boýunça dünýäde belli hünärmenleri çagyrdyk, mejlisde biz olaryň çykyşlaryny diňläris, şeýle hem bu ugurda mundan beýläk-de amala aşyrylmaly işleri kesgitläris diýip belledi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda sporty ösdürmäge, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzyň ähli etraplarynda, şäherlerinde we welaýatlarynda, şol sanda ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän dürli sport desgalarynyň onlarçasy we ýüzlerçesi işleýär. Ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça sport mekdepleri hereket edýär. Paýtagtymyz Aşgabatda Gyşky oýunlar sport toplumy, Olimpiýa suw-sport toplumy, stadionlar, bedenterbiýe-sport toplumlary we beýleki häzirki zaman sport desgalary ilatymyza hyzmat edýär.

Şu gün biz tanyşdyrylyş dabarasy geçirilende Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň gurluşygy bilen hem tanyşdyk. Bütin Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk bu Olimpiýa şäherjigi biziň buýsanjymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu özboluşly ajaýyp desga 157 gektar meýdanda ýerleşer. Bu Olimpiýa şäherjigi 30-dan gowrak dürli desgany, şol sanda ýaşaýyş-durmuş, ulag we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýar. Bu taslamany durmuşa geçirmäge 5 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde serişde gönükdirildi.

Bu şäherjigiň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylar. 2014-nji ýylda Olimpiýa şäherjiginiň birinji tapgyrynyň, 2015-nji ýylyň dekabrynda bolsa, ikinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanar.

Bu ýerde iri halkara ýaryşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýäniň hem-de Aziýanyň çempionatlary geçiriler we kuboklary almak ugrundaky ýaryşlar, sebit derejesindäki we ýurdumyz boýunça dürli görnüşli ýaryşlar geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Olimpiýa şäherjigindäki desgalar Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň tehniki kadalaryna doly laýyklykda gurulýar. Bu desgalar iň ýokary halkara ölçeglerine doly laýyk geler. Şu maksat bilen, Sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň edaralarynda işleýän öz daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde bu özboluşly ajaýyp desganyň gurluşygynyň alnyp barlyşyna yzygiderli gözegçilik edýärler.

Aziýa ýurtlarynyň bu özboluşly sport baýramyny mynasyp garşylamak üçin eýýäm häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabadyň taryhy böleginiň köçeleriniň durkuny täzelemek isleri alnyp barylýar. Paýtagtymyzda täze ýerasty geçelgeler, seýilgähler we dynç alyş zolaklary gurulýar, binalaryň we desgalaryň durky täzelenýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz döwletimiziň köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketini we sportuň ýokary netijeleri gazanmak göz öňünde tutulýan ugurlaryny ösdürmäge aýratyn üns berýändigi barada aýdyp, «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 20112020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 20122016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet Maksatnamasynyň» ähmiýetini belledi. Bu Maksatnamalar ýurdumyzyň sport boýunça mümkinçiliklerini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şeýle hem ýokary taýýarlykly hünärmenleri we türgenleri taýýarlamaga ýardam eder.

Şol maksatnamalara laýyklykda çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýurdumyzyň ähli bilim edaralary zerur sport ulgamlary bilen üpjün ediler. Ýurdumyzda köp sanly dynç alyş öýleri, şypahanalar we beýleki bejeriş-sagaldyş edaralary gurulýar. Şol edaralarda hem zerur bolan sport üpjünçilik ulgamlary göz öňünde tutulandyr.«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem ýurdumyz üçin adaty bolmadyk emeli lyža ýol ulgamlary, kenarda oýnalýan futbol we woleýbol üçin meýdançalar, ekologiýa we sport syýahatçylyk zolaklary gurlar. «Awazadaky» emeli derýada 2010-njy ýyldan bäri suw sportunyň küreklemek (baýdarka we kanoe) görnüşleri hem-de beýleki görnüşleri boýunça yzygiderli ýaryşlar geçirilýär.

Ýurdumyzyň paýtagtynda Türkmenistanyň milli tehniki welosport merkezi döredildi. Olimpiýa şäherjiginde welosiped ýaryşlaryny geçirmek üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen welotregiň gurluşygyna başlandy. Bu ýerde welosipeli ýaryşlary boýunça bäsleşikler geçiriler.

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň baýlyklarynyň biridir we milli buýsanjydyr. Atçylyk sportuny ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde häzirki zaman atçylyk sport toplumlary we aýlawlar guruldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şeýle hem, ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu maksat bilen, Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Awtomobil sporty boýunça milli merkezi guruldy. Bu Merkezde awtomobil sportunyň birnäçe görnüşi boýunça toplumlaýyn çempionatlar geçiriler. Şeýle hem, biziň awtomobil sporty boýunça ussatlarymyz «Ýüpek ýoly» tapgyrynda geçirilýän awtomobil ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Sporty ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmek we anyk wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ägirt uly möçberde býujet serişdeleri bölünip berilýär diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen ägirt uly sport toplumynyň esasy potratçysy “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabandža söz berdi. Myhman ozaly bilen biziň ýurdumyzda ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmekde, giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly ornuny belledi. Şol maksatnama halkara giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň artmagyna ýardam eden, aýdyň şertleriň birine öwrülen uzakmöhletleýin durmuş ulgamyna gönükdirilendir.

Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň hasabat berşi ýaly, Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynda işler meýilleşdirilen tertipde we käbir ýagdaýlarda möhletinden öňe geçmek bilen dowam edýär. Häzirki wagta çenli gurluşygyň birinji nobatdakysy tamamlaýjy tapgyra gadam basýar, käbir desgalar bolsa eýýäm ulanmaga doly taýýar edildi.

Olaryň arasynda köpugurly sport zaly, habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 800 orunlyk metbugat merkezi bolan kaşaň myhmanhana, Işewürler merkezi we 5 müň orunlyk tomaşaçylar toplumy, uly we kiçi türgenleşik meýdanlary, 1 müň orunlyk restoran bar.

15 müň tomaşaçy orunlyk münberleri bolan welotrek desgasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. 2014-nji ýylyň dekabrynda hormatly myhmanlar üçin 450 orunlyk myhmanhana ulanmaga taýýar ediler. Türgenleriň we tomaşaçylaryň amatlylygy üçin Olimpiýa şäherjiginde durmuş-medeni we söwda merkezlerini, myhmanhanalary, restoranlary, kafeleri, dükanlary, durmuş taýdan hyzmat ediş kärhanalary we beýlekileri öz içine aljak zerur bolan düzüm bina ediler. Häzirki wagta çenli Olimpiýa şäherjiginiň ýanynda gurlan awtoduralgalaryň 3-si ulanmaga berildi.

Türgenler üçin myhmanhananyň (2-nji tapgyr), 4 müň tomaşaçy orunlyk üsti ýapyk tennis meýdançasynyň, 5 müň tomaşaçy orunlyk üsti ýapyk suw toplumynyň, üsti ýapyk ýeňil atletika toplumynyň desgalarynyň gurluşygy dowam edip, olary 2015-nji ýylyň iýul aýynda, ýagny, ilki başda meýilleşdirilen möhletden öň tamamlamak göz öňünde tutulýar. Türgenler üçin niýetlenen, gurluşygyň üçünji tapgyryna girýän myhmanhananyň guruljak ýerinde ýer-gazuw işleri dowam edýär. Olimpiýa stadionynyň durkuny düýpli täzelemek boýunça hem işler dowam edýär. Öň özünde 30 müň adamy ýerleşdiren stadionda indi 45 müň tomaşaçy ýerleşer.

Olimpiýa şäherjigi özboluşly gözellikleri—emeli kölleri, çemenzarlyklary, tokaýlyklary, köpsanly çüwdürimleri özünde jemlär. Olaryň özboluşly çyra we lazer şöhlelendiriş usullary bolar. Olimpiýa şäherjigini “Ahal” elektrik bekedinden elektrik togy bilen üpjün etmek maksadynda öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen 32 kilometrlik howa arkaly tok geçiriji ulgam çekildi, inženerçilik-tehniki kommunikasiýalary we beýleki tehniki desgalary öz içine alýan tonneller guruldy. Tok paýlaýjy beketleriň 12-si we özbaşdak bug gazanlarynyň 4-si toplumyň ähli desgalaryny elektrik togy we ýylylyk bilen üpjün eder.

Erol Tabandža şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryny guramak boýunça taýýarlyk işleriniň başlanandygy barada habar berdi. Bu işe Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna we beýleki iri halkara ýaryşlaryna gatnaşan tejribeli daşary ýurt hünärmenleri çekildi.

Ýeri gelende aýtsak, şeýle derejedäki sport ýaryşlary Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler. 2017-nji ýylda geçiriljek oýunlara Aziýa ýurtlaryndan başga-da, Okeaniýa (Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Polineziýanyň we Mikroneziýanyň köp sanly ada döwletleri) döwletleri gatnaşar. Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda şeýle çäreleri geçirmegiň halkara tejribesi giňden öwrenilýär.

Bu iş tejribesi Maslahatlar zalynda görkezilen wideofilmde öz beýanyny tapdy. Ol iri sport wakalaryny, şol sanda Pekinde, Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryny, Türkiýäniň Izmir we Russiýanyň Kazan şäherlerinde Bütindünýä Uniwersiadalaryny, Koreýanyň Inçhon şäherinde Aziýa oýunlaryny we beýlekileri guramagyň we geçirmegiň bütin dünýä tejribesiniň seljeriş we statistiki syny boldy.

Wideohasabatda meşhur artistleriň gatnaşmagy bilen dabaraly açylyşlaryň režissýurasy, yşykly şüweleň we sahnalaşdyrylan çykyşlar, meýletinçiler bilen iş alyp barmak, iň täze tehnologiýalary ulanmak, mahabatl we habar beriş taýdan goldamak, tomaşaçylar we okyjylar toparyny gurşap almak, şol sanda Intertent serişdeleri işe girizmek, şeýle hem myhmanlary kabul etmegi guramak we onuň medeni çäreleri hem-de ýene-de ençeme beýleki meseleler ýaly taraplary beýan edildi. Olara Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek nukdaýnazaryndan garaldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Filmaster-Kiý Iwents” italýan kompaniýasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Riçard Býorça söz berdi, ol öz çykyşyny iri sport oýunlarynyň açylyş dabaralaryny guramak meselesine bagyşlady. Bu meşhur prodýusseriň bitiren işleriniň hatarynda umumydünýä Oýunlarynyň 6-synda dabaralary geçirmek bar. Häzirki wagtda ol we “FilmMaster” kompaniýasy 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabarasyny taýýarlamak bilen meşgullanýar.

“Aziada-2017” ýaly iri taslamanyň amala aşyrylmagy gürrüňsiz Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrar. Sebäbi şeýle uly göwrümli waka dürli taraply halkara hyzmatdaşlygyny gönüden-göni işjeňleşdirýär, dostlukly we işewür gatnaşyklary ösdürmäge, sebitde we dünýäde ynam we özara düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga örän oňyn täsirini ýetirýär, şeýle hem milli ykdysadýeti, medeni durmuşy we syýahatçylyk pudagyny höweslendirýär diýip, Riçard Býorç aýtdy.

Uly sport çäreleriniň dabaraly açylyşy we ýapylyşy—munuň özi öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hemişe ünsüni özüne çekýän, örän täsir galdyryjy ajaýyp tomaşa bolup durýar. Elbetde, şeýle şowhunly tomaşalary guramak dürli ugurlar boýunça örän köp hünärmenleriň uly tagallalaryny, köp düzümleriň herekete girişmegini talap edýär. Bu ägirt uly işiň käbir has möhüm taraplary barada gürrüň berip, jenap Býorç Aziada-2017-ä taýýarlyk meselelerine, umuman, sport ulgamyna türkmen döwletiniň görkezýän şunuň ýaly jogapkärli we çynlakaý çemeleşmesiniň Aşgabatda boljak oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň iň ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdi we “Dünýä olary uzak wagtlap ýadynda saklar”.

“FilmMaster-Kiy Iwents” kompaniýasynyň adyndan Türkmenistan bilen has ýygjam özara herekete taýýardygyny beýan edip, myhman türkmen paýtagtynda 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny guramaga we geçirmäge gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatldygyny nygtady.

Beýik Britaniýanyň “John Tibbs and Associated /JTA/” kompaniýasynyň başlygy Jon Tibbs öz çykyşynyň başynda özi we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin hyzmatdaş hökmünde çykyş etmek uly hormatdyr diýip nygtady, oňa Türkmenistanyň ýolbaşçylygy Aziýa-2017-niň oýunlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen, ýerli hem-de daşary ýurt habar beriş serişdeleri üçin sport mediýa – forumyny geçirmek boýunça jogapkärçiligi ynandy.

JTA—munuň özi kommunikasiýalar we halkara gatnaşyklary boýunça iri konsalting agentligidir, ol sport babatda dürli çäreleri geçirmek üçin ýöriteleşdirilýär. Aşgabat Aziadasy barada bolsa agentlik halkara düzümleri we bilermenleri bilen işjeň gatnaşyklary ýaýbaňlandyrdy, olar 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň abraýyna oňyn täsir edip biler diýip, jenap Tibbs sözüni dowam etdi.

Jon Tibbs Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň OСA halkara aragatnaşyklaryny goldamak üçin hut JTA-ny saýlandygyny habar berdi. Ol Halkara Olimpiýa Komitetinden soň örän güýçli we ähmiýetli assosiasiýa bolup durýar.

JTA şeýle hem 2015-nji ýylda ilkinji Ýewropa Oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin Ýewropanyň Olimpiýa komitetleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. JTA “Soçi-- 2014” guramaçylyk toparynda hem halkara gatnaşyklaryna jogapkärdir. Ol ýerde Jon Tibss direktorlar geňeşiniň agzasy bolup durýar. Mundan başga-da, kompaniýa tarapyndan halkara federasiýalarynyň, milli Olimpiýa komitetleriniň köpüsi bilen, şol sanda Türkiýäniň, Russiýanyň we ABŞ-nyň milli Olimpiýa komitetleri, şeýle hem Halkara Olimpiýa Komitetiniň öňdebaryjy hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklar goldanylýar.

Şunda jenap Tibss Türkmenistanda işlemegiň kompaniýa üçin abraý bolup durýandygyny nygtady. Aziada-2017-niň taýýarlyk döwrüniň başyndan JTA-nyň Türkmenistanyň jogapkär düzümleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Onuň çäklerinde biziň ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Halkara media-forumy geçirildi. Oňa JTA Sport Metbugatynyň Halkara Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlykda dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan wekiller çagyrdy. Olar üçin forumyň çäklerinde paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjigine tanyşlyk guraldy. Ol ýerde gören zatlary daşary ýurtly žurnalistlerde örän uly täsir galdyrdy. Jon Tibss bu çäräniň netijeleri şäherjik bilen tanyşlykdan soň, bary-ýogy iki hepdäniň dowamynda dürli halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde neşir edilen oňyn mazmunly 110-dan gowrak makalalar boldy diýip habar berdi. Bu sanyň artmagy dowam edýär.

Mysal hökmünde Jon Tibss “Games Bids” täsirli sport internet-neşirindäki makaladan bölegi okap berdi. Onuň pikiriçe, bu makala çap edilen beýleki ähli makalalaryň mazmunyny şöhlelendirýär. Onda, hususan-da, ýokary döwlet wezipesine girişen pursadyndan başlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň diňe bir milli kanun çykaryjylygyny däl, eýsem, durmuş şertlerini hem kämilleşdirmekde oňyn özgertmeleriň barşyny üpjün edip, ýurduň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynyň işini özgertmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy nygtalýar. Şu babatda sport döwletiň geljegini gowulandyrmakda hereketlendiriji güýçleriň biri hökmünde jemgyýetçilik ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öz ornuna eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, neşir ýurtda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge, şeýle hem türkmen sportuny halkara derejesinde öňe ilerletmäge döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigini belleýär.

Halkara sport köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hemmesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň garaýşyny oňyn şöhlelendirdiler hem-de ýurtda Olimpiýa hereketiniň ösüşini we Aziýada-2017-ni geçirmäge taýýarlygyň derejesini bellediler diýip, Jon Tibbs syn bermegini jemledi hem-de bularyň ählisiniň indiki ýylda media-forumyň has uly üstünlikli geçjekdigine hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň has köp möçberiniň gatnaşjakdygyna esas berýändigini beýan etdi.

Eýýäm häzirden СNN, BBС, AP, Reuters we AFP öz wekillerini indiki foruma gatnaşyjylaryň sanawyna goşmak barada haýyş bilen JTA ýüzlendiler. Munuň özi 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna taýýarlyk barada halkara habarlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa olary ýokary derejede geçirmek üçin örän möhümdir diýip, jenap Tibbs aýtdy.

Soň mejlisde Beýik Britaniýanyň “EPG-Event Planing Group” kompaniýasynyň direktory Jeýson Benson çykyş etdi. Onuň işewürligi iri möçberli ýaryşlarda we Olimpiýa şäherjigini dolandyrmakda hyzmatlaryny hödürlemek bilen baglydyr. 2000-nji ýylda Sidneýda geçirilen Olimpiýa oýunlaryndan başlap, ine, indi 14 ýyldyr, ol bu ulgamda işleýär, dünýä we yklym derejesinde örän ähmiýetli sport çärelerini guramaga gatnaşdy.

Jeýson Benson öz çykyşyny Aşgabadyň gözelliginden hem-de türkmen myhmansöýerliginden galan ajaýyp täsirlerini paýlaşmakdan başlady. Hut myhmansöýerlik bilen Aziada-2017-ä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň täsirleri kesgitlener. Munuň özi, ilkinji nobatda, hyzmat edilişiniň derejesi bilen baglanyşyklydyr.

Aziýa Oýunlary ýaly şeýle iri möçberli çäreleri olaryň ýokary derejesine laýyk degişli hyzmatyny üpjün etmek üçin öňünden taýýarlyk, düýpli meýilleşdirmek we birnäçe ýyllaryň dowamynda guramaçylyk işleri zerurdyr. Şu nukdaýnazardan, jenap Benson Aşgabatda öňde garaşylýan işler üçin örän gowy binýadyň, ösen ýokary tehnologik düzümleriň hem-de iri dabaralaryň we köpçülikleýin çäreleriň, şol sanda sport çäreleriniň iň gowy görnüşde geçirilmegi üçin ähli şertleriň bardygyny belledi.

Hünärmen hökmünde myhman Olimpiýa şäherjiginiň işlenip taýýarlanylan taslamasynyň ýokary derejesini belledi. Onuň desgalary halkara talaplaryna gabat gelip, köpugurlulygy bilen tapawutalnýar. Bu ýerde ýaryşlara taýýarlanmak we türgenleriň dynç almagy üçin aňyrbaş amatly şertler döredilipdir. Bularyň ählisi Aziýa oýunlaryna hyzmat etmegiň netijeli ulgamynyň ýola goýulmagynda goşmaça artykmaçylyklary berýär diýip, Jeýson Benson netijä geldi hem-de özi we onuň kompaniýasy üçin olary guramagyň uly hormatdygyny belledi.

Soňra sport çärelerini we desgalaryny dolandyrmak boýunça konsalting bilen meşgullanýan “Trivandi” kompaniýasynyň direktory Jeýms Balliä söz berilýär. Bu kompaniýa Olimpiýa oýunlaryny guramaga we geçirmäge gatnaşmakda, iri sport çäreleriniň guramaçylyk toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmekde ägirt uly tejribä eýedir.

Türkmen paýtagtynda Olimpiýa şäherjigine baryp görendigi barada gürrüň berip, jenap Balli onuň oýlanyşykly gurluşyna, döwrebap gözelligine, ýörite ugurly mümkinçiliklerine we desgalaryň hil derejesine ýokary baha berdi. Ol desgalaryň gürrüňsiz suratda dünýä derejesinde, hut Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryndaky ýaly ülňüdigini aýtdy. Olary geçirmegiň käbir guramaçylyk işleriniň jikme-jiklikleri bilen tanyşdyryp, myhman oýunlaryň üstünlikli geçmegi üçin sport desgalaryny başarnykly dolandyrmagyň uly ornuny belledi.

Kompaniýa “Aziada-2017” taslamasynyň amala aşyrylmagy üçin öz hemme tejribesini we mümkinçiligini hödürlemäge we umumy uly işe öz goşandyny goşmaga taýýardyr diýip, Jeýms Balli aýtdy hem-de öňde boljak oýunlaryň üstünliklere beslenmegine ýardam berýän ýagdaýlaryň birnäçesiniň üstünde durup geçdi. Onuň sözlerine görä, munuň käbir alamatlary Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurduň hökümetiniň doly goldawy, ýokary netijeleri gazanmaga meýillilik, öňdebaryjy tehnologiýalary we ygtybarly çemeleşmäni ugur edinmek bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edenleriň hemmesine aýdan pikirleri, gyzykly we peýdaly habarlary üçin minnetdarlyk bildirip, mejlisiň gün tertibiniň indiki meselesine—Guramaçylyk komitetiniň düzümini we Komitet hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak, şeýle hem ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti döretmek meselesine geçdi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetini döretmek hakynda Karara gol çekdi.

Bu ugurda etmeli işleri ilerletmek üçin Ýerine ýetiriji komitet döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, onuň esasy wezipelerine garaldy. Olar Guramaçylyk komitetiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek, şu maksatlar üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem bu işe dahylly ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işlerini utgaşdyrmak bolup durýar. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin täze düzümiň wezipelerine Sport baradaky döwlet komiteti, beýleki degişli ministrlikler we pudak edaralary, şeýle hem halkara sport guramalary we kompaniýalary bilen bilelikde geçirilýän guramaçylyk hem-de beýleki çäreler girer.

Soňra milli Liderimiz “V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti döretmek hakynda” Permana, “V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň meseleleri hakyndaky” hem-de “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň düzümini we Komitet hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky” Kararlara gol çekdi.

Täze döredilen Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy wezipesine Daýanç Gulgeldiýew, başlygyň orunbasary wezipesine bolsa Erol Tabandža bellenildi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, wezipelere täze bellenilen ýolbaşçylary gutlady we olara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip we Guramaçylyk komitetiniň agzalaryna ýüzlenmek bilen, V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwrüne çenli az wagt galdy diýip belledi. Şoňa görä-de, V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin bu oýunlara taýýarlyk görmek bilen bagly işleri we göz öňünde tutulan çäreleri geçirmegi çaltandyrmaly. Şu maksat bilen millli Liderimiz käbir edaralaryň we düzümleriň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Mysal üçin Sport baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen bilelikde V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň 17 görnüşi boýunça ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak tabşyryldy. Şu maksat bilen türgenleri daşary ýurtlara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna yzygiderli ibermek möhümdir. Şeýle hem ýörite ugurlar boýunça tejribelii daşary ýurtly tälimçileri şertnama esasynda işe çagyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Olimpiýa şäherjiginiň gurlyşygy doly tamamlanandan soňra synag ýaryşlaryny geçirmek maksady bilen, bu sport desgalarynda ýurdumyzyň çempionatlaryny we halkara ýaryşlaryny geçirmek gerek diýip, milli Liderimiz eminlerimiziň halkara derejesini almaklary üçin olaryň degişli okuwlara gatnaşmaklaryny guramagy tabşyrdy.

Aşgabat şäheriniň häkimligine şäherde mahabat we görkeziş enjamlarynyň taýýarlanmagyny hem-de ýerleşdirilmegini üpjün etmek we geografik we syýahatçylyk kartalaryny neşir etmek, V Aziýa oýunlaryna bagyşlap paýtagtymyz we Olimpiýa şäherjigi baradaky ýörite kitapçalary taýýarlamak tabşyryldy. Aziada2017 sport ýaryşlaryna we V Aziýa oýunlarynyň paýtagty Aşgabat şäherine bagyşlanan ýörite wideoýazgylary taýýarlamak we bu ýazgylary paýtagtyň LED-ekranlarynda görkezmeli. Häkimligiň öňünde goýlan beýleki wezipeleriň hatarynda paýtagtymyzyň binagärlik keşbini gözelleşdirmek, V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary we myhmanlary ýaşamak üçin zerur bolan ähli ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün etmegiň Tertibini işläp taýýarlamak bar. Geljekde V Aziýa oýunlarynyň ýeňijileriniň suratlaryny taýýarlamak we olary Olimpiýa şäherjiginiň ýörite meýdançalarynda ýerleşdirmek işleri geçiriler.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän ýaryşlary we bu oýunlara bagyşlanan medeni çäreleri göni ýaýlyma alyp görkezmegi guramak, operatorlaryň, sport habarçylarynyň we redaktorlaryň tejribesini artdyrmak hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň daşary ýurtlara iş saparlaryny guramak tabşyryldy. Şeýle hem V Aziýa oýunlaryna daşary ýurtly bilermenleri we hünärmenleri çagyrmagyň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz etmegiň we mahabatlandyrmagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Aziada2017 sport ýaryşlarynyň nyşany ýerleşdirilen zerur materiallary we neşir önümlerini taýýarlamak, Medeniýet ministrligine bolsa V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, şeýle hem bu oýunlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabaralaryny guramagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak, V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe paýtagtymyzda, şeýle-de bu oýunlara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ýaşaýan ýerlerinde medeni çäreleri guramak, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda we daşary ýurtlaryň estrada ýyldyzlaryny çagyryp, konsertleri guramak tabşyryldy.

Bilim ministrligine iňlis we rus dillerini oňat bilýän hem-de V Aziýa oýunlaryna gelen sport wekiliýetlerine we myhmanlara hyzmat etmäge ukyply meýletin ýardamçylary seçip almak boýunça bäsleşikleri geçirmek tabşyryldy. Şonuň ýaly-da, meýletin ýardamçylary daşary ýurtlarda taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak, türkmen-iňlis, iňlis-türkmen, türkmen-rus, rus-türkmen, türkmen-arap, arap-türkmen ýörite gepleşik sözlüklerini we sport sözlüklerini, şeýle hem Aziada2017 sport ýaryşlaryna bagyşlanan iňlis we rus dillerindäki ýörite gollanmalary işläp taýýarlamak we neşir etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyna we Döwlet gümrük gullugyna paýtagtymyzda täze gurulýan howa menziliniň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu desganyň taslamasynda «Ýörite aýratyn geçelgäni» gurnamagy göz öňünde tutmaly. Sport wekiliýetleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, hemaýatçylaryň we beýleki resmi adamlaryň getirýän, zerur bolan serişdeleriniň, enjamlarynyň we emläginiň howa menzilinde päsgelçiliksiz geçirilmegine rugsat berýän resminamalaryň sanawyny işläp taýýarlamaly. Şeýle hem olaryň howpsuzlygyny we bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmeli.

Awtomobil ulaglary ministrligine sport wekiliýetlerini, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, V Aziýa oýunlary mynasybetli ýurdumyza gelen myhmanlary we tomaşaçylary degişli ulaglar bilen doly üpjün etmek boýunça çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy. Şeýle hem, resmi (VIP derejeli) adamlar we sport wekiliýetleri üçin ýeňil awtoulaglaryň, mikroawtobuslaryň we awtobuslaryň zerur bolan sanyny öwrenmek we olary satyn almak boýunça degişli işleri geçirmeli.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetine myhmanlar we uçar ýolagçylary üçin ýörite žurnallary hem-de kitapçalary, ýol görkezijilerini, Türkmenistanyň hem-de Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk kartalaryny işläp taýýarlamak tabşyryldy. Wekiliýetleriň agzalaryny paýtagtymyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça çäreleriň maksatnamasyny işläp düzmeli. Şeýle hem ýokary derejeli ýolbeletleri we terjimeçileri taýýarlamaly.

Aragatnaşyk ministrliginiň üstüne Olimpiýa şäherjiginde Internet ulgamynyň ygtybarly işlemegini üpjün etmek wezipesi ýüklendi, şunuň bilen baglylykda, bu edara Aşgabat şäherinde Wi-fi görnüşli Internet ulgamlaryny, şeýle hem V Aziýa oýunlarynyň myhmanlarynyň ýaşaýan ýerlerinde «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamyny zerur enjamlar bilen üpjün etmek we bu ulgama hyzmat etmek boýunça bölümleri döretmek tabşyryldy. Mundan başga-da, Aziada2017 sport ýaryşlaryna bagyşlanan poçta nyşanlaryny (markalary) taýýarlamak barada tabşyryk berildi. Türkmenistanyň Merkezi bankyna V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ýaşaýan ýerlerinde daşary ýurt pulunyň çalşylýan bölümlerini döretmek we olaryň iş tertibini işläp düzmek tabşyryldy. Dokma senagaty ministrligine bolsa V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary ýerleşdirilen sowgatlyk önümleriniň, uçarbeletler, meýletin ýardamçylar we hyzmat edýän işgärler üçin ýörite eginbaşlaryň nusgalaryny, şeýle hem, Aziada2017 sport ýaryşlaryna gatnaşyjylar üçin dokma önümlerinden ýadygärlik sowgatlary taýýarlamak tabşyryldy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary ýokary hilli iýmit bilen üpjün eder. Taýýarlyk işleri döwründe bu edara çagyrylan meşhur daşary ýurtly restoran işgärleriniň, aşpezleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny geçirmek tabşyryldy. Şol myhmanlar Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň milli aşhanalarynyň naharlaryny taýýarlamak boýunça sapak bererler. Aziýa oýunlary geçirilýän mahaly ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerinde hem-de Oýunlara gatnaşyjylaryň ýaşaýan ýerlerinde söwda meýdançalaryny ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär, ýadygärlik sowgatlarynyň, Aziada – 2017-nin nyşanlarynyň söwdalary guralar.

Saglygy goraýş we derman senagaty ministrligi V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara ýokary hünär derejesinde hyzmat etmek üçin sport lukmanlaryny taýýarlamaga jogapkärdir. Bu ministrlige şeýle hem gadagan edilen serişdeleri ulanmaga (dopinge) garşy göreşýän Bütindünýä guramalary bilen bilelikde degişli işleri geçirmek we bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamak tabşyryldy. Bu edara degişli ulgama sport çäreleriniň geçirilýän ýerlerinde lukmançylyk otaglarynyň işini, olaryň ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin hemme zerurlyklar bilen üpjün edilmegini guramak, türgenlere lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrmak tabşyryldy. Şeýle hem Olimpiýa şäherjiginde lukmançylyk merkezini dolandyrmagyň iş meýilnamasyny taýýarlamak, Tiz kömek gullugynyň işini üpjün etmek tabşyryldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Aziada-2017 sport ýaryşlarynyň meýilnamasyna girýän sportuň 17 görnüşi boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalaryna goldaw we hemaýat berýän kompaniýalar we firmalar üçin iş maksatnamasyny işläp taýýarlar.

Oýunlaryň türgenleriniň we myhmanlarynyň howpsuzlygyna Milli howpsuzlyk ministrilgi hem-de Içeri işler ministrligi jogap berer. Döwlet gümrük gullugy V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň gümrük nokatlaryndan bökdençsiz geçmegini üpjün eder, şeýle hem olar üçin degişli ýeňillikleri göz öňünde tutar. Harby we hukuk goraýjy edaralara bu wezipeleriň çözülmegi üçin zerur bolan çäreleriň ulgamyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Daşary işler ministrligine V Aziýa oýunlarynyň hormatly myhmanlaryny, meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny çagyrmak, şeýle hem beýleki ýurtlardan hünärmenleriň we bilermenleriň guramaçylyk çärelerine gatnaşmagy boýunça meseleler degişli edildi.

Bu mejlisiň gün terbitine girizilen hemme meselelere garalandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow isleg bildirýänlere çykyş etmegi teklip etdi.

Ýaş, emma ýurdumyzda meşhur türgen Seýdi Batyrow söz aldy. Onuň birnäçe abraýly baýraklarynyň arasynda guşakly göreş boýunça dünýä çempiony derejesi bar.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby çempion adyna Astanada (Gazagystan) geçirilen dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşda mynasyp boldy. Ol bu adyny ýakynda Karaçaý-Çerkesde (Russiýa Federasiýasy) geçirilen ýaryşda tassyklap, nobatdaky altyn medalyny gazandy, şeýle hem ol 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen tomusky Bütindünýä Uniwersiadanyň kümüş baýragynyň eýesidir.

Ýaş ussat Türkmenistanyň ähli türgen ýaşlarynyň adyndan milli Liderimiziň atalyk aladasyna, sport bilen meşgullanmak hem-de ýokary netijeleri gazanyp, biziň ýurdumyzy sport hereketiniň merkezine öwürmek üçin iň oňat şertleri döredendigine tüýs ýürekden we çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Häzirki wagtda bütin ýurdumyz iň iri sport çäresini – öňde boljak Aziadany guramak pikiriniň töweregine mäkäm jebisleşdi. Şeýle ägirt uly sport baýramçylygy netijesinde Aşgabat diňe bir iri sport çäresini guramakda tejribä eýe bolman, eýsem, sporty ösdürmek, dünýä çempionatlaryna we Olimpiýa oýunlaryna ýygyndy toparlarynyň kemala gelmegi üçin ajaýyp miras alar.

Döwlet Baştutanymzyň aýdan we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça Ýerine ýetiriji komiteti döretmegiň şu gün gol çeken resminamalary bu işe kuwwatly ulgamlaýyn we maksada gönükdirilen häsiýet beren nobatdaky möhüm ädimdir.

Öz tarapyndan ýaş türgenler şeýle hem milli Liderimiziň ynamyny hem-de bildirilýän umydy ödemäge, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň türkmen paýtagtyna şeýle iri ýaryşy kabul etmek hukugyny berendigine mynasypdygyny tassyklamaga çalyşýarlar. Olar asylly arzuwlaryny Watanymyza dünýäniň sport ulgamynda mynasyp wekilçilik edip hem-de 2017-nji ýylyň oýunlarynda ähli mümkinçiliklerini görkezmäge taýýarlanyp, täze üstünlikler we ýokary gazanylanlar bilen alamatlandyrmak isleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türgenlere türgenleşik geçmek, sport ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. S.Batyrow türgenleriň häzirki neslinde ösüş üçin hemme mümkinçilikleriň – ajaýyp maddy-enjamlaýyn binýadyň, hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň we ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan ähli zatlaryň bardygyny aýtdy. Diňe yhlasly we erjellik bilen türgenleşik geçmek galýar, şonda iň batyrgaý arzuwlar we ymtylyşlar hasyl bolar. Muňa türkmen türgenleriniň ajaýyp üstünlikleri mysal bolup durýar. Olar häzirki wagtda sportuň dürli görnüşlerinde abraýly, dünýä meşhur ussatlara mynasyp bäsdeşlik görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowa ýüzlenip, şu ýyl halkara giňişliginde türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri bilen gyzyklandy.

Daşary ýurtlarda geçirilen halkara derejesindäki ýaryşlarda milli ýygyndy toparlarymyzyň çykyşlarynyň netijeleri barada döwlet Baştutanymyza habar bermek bilen, Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy biziň ussat türgenlerimiziň häzirki güne çenli umuman 280-den gowrak medala mynasyp bolandygyny olaryň 100-den gowragynyň altyn medaldygyny habar berdi.

Şeýle ýokary görkezijileriň türkmen sportunyň taryhynda ozal bolmandygy bellenildi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly paýy bardyr, milli Liderimiziň tagallalary bilen türkmen sporty ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykyp, dünýäniň sport ulgamynyň dürli ugurlary boýunça ynamly öňe barýar.

Şunuň bilen V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk toparnyň mejlisini tamamlap milli Liderimiz Guramaçylyk komitetiniň hem-de täze döredilen Ýerine ýetiriji komitetiň agzalaryna işelrinde üstünlik arzuw etdi we öňde goýan maksatlarymyza arkalaşykly işlemek bilen ýetjekdigimize, ýurdumyzy sporty ösdürmegiň täze belentliklerine çykarjakdygymyza hem-de döwletimiziň paýtagty Aşgabatda Aziadany ýokary derejede geçirjekdigimize ynam bildirdi.

Bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, hormatly Prezidentimiz “Sport” myhmanhanasynyň Maslahatlar zalyndan çykdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, durmuş strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi bolan sport ulgamynda döwlet syýasatynyň baş maksady sagdyn we ruhybelent nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr. Sport – munuň özi güýjüň, gözelligiň, saglygyň hem-de ruhuň täze belentliklere ymtylmasynyň ýüze çykmasydyr. Hut şoňa görä-de, häzirki zaman Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlar barha artýar. Ol jemgyýetde wajyp ähmiýete eýe bolýar.

Şu babatda Türkmenistan ýakyn, şeýle hem uzakmöhletleýin geljek üçin sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmäge we wagyz etmäge gönükdirilen ajaýyp çäreleriň durmuşa geçirilmeginde beýleki ýurtlara oňyn görelde görkezýär. Bu syýasatyň görnükli üstünlikleri hem-de ajaýyp netijeleri ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport işjeňliginiň saglygy berkitmekde hem-de öňde goýlan hemme maksatlara ýetmekde iň oňat kömekçidigine anyk göz ýetirýän döwletimiziň we jemgyýetimiziň, milli Lideriň we halkymyzyň sazlaşykly utgaşyklydygyny hem-de tagallalaryň birleşendigini bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Munuň şeýledigini 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň göçme mejlisi hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklady.